2-NJI BAP
Gökde Patyşalyk berkarar edilýär
1, 2. Dünýä taryhynda nähili iň ähmiýetli waka bolup geçdi we ony adamlaryň görmändigi bizi näme üçin geň galdyrmaýar?
SIZ haçanam bolsa, taryhy ähmiýetli döwürde ýaşamagyň nähili boljakdygy bilen gyzyklanyp görüpmidiňiz? Köp adamlar munuň bilen gyzyklanýar. Emma oýlanyp görüň, eger siz şeýle ähmiýetli döwürde ýaşan bolsaňyz, özgerişikleriň bolmagyna sebäp bolýan wakalary gözüňiz bilen görerdiňizmi? Mümkin, görmezdiňiz. Köplenç häkimiýetiň çalyşmagyna getirýän we taryhy kitaplarda ýazylýan wakalary köp adamlar görmeýärler. Bilşimiz ýaly, taryhy wakalaryň köpüsi ýapyk gapylarda, ýagny patyşa köşklerinde, kazyýet zallarynda ýa-da hökümet edaralarynda bolup geçýär. Muňa garamazdan, şeýle özgerişler millionlarça adamlaryň durmuşyny üýtgedýär.
2 Dünýä taryhynda bolup geçen iň ähmiýetli waka barada näme diýse bolar? Bu millionlarça adamlaryň durmuşyna täsir edýär. Emma şol wakany adamlar görüp bilmediler. Biz wada edilen Mesihi Patyşalyk, ýagny tizden bu zalym dünýäni ýok etjek Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar edilmegi barada gürrüň edýäris (Danyýel 2:34, 35, 44, 45-nji aýatlary okaň) a. Bu ähmiýetli wakany ynsanlaryň görmändigi üçin, Ýehowa ony adamzatdan gizledi diýen netijä gelse bolarmy? Ýa-da Hudaý halkyny muňa öňünden taýýarladymy? Geliň, muny bileliň.
Wekil ýoly taýýarlaýar
3—5. a) Malaky 3:1-de agzalýan «äht wekili» kim? b) «Äht wekili» ybadathana gelmezinden öň näme bolmalydy?
3 Gadym döwürden bäri Ýehowa öz halkyny Mesihi Patyşalygyň berkarar edilmegine taýýarlamak isleýärdi. Mysal üçin, Malaky 3:1-de şeýle pygamberlik edilipdi: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht wekiliňiz, ine, gelýär».
4 Bu pygamberligiň biziň günlerimizde ýerine ýetişi barada aýtsak, «Taňrymyz» Ýehowa ruhy ybadathanasynyň ýerdäki howlusynda gulluk edýänleri haçan barlamaga geldi? Pygamberlikde Ýehowanyň «äht wekili» bilen geljekdigi aýdylýar. Bu wekil kim? Ol — Mesihi Patyşa Isa (Luka 1:68—73). Isa Mesih täze bellenen Patyşa hökmünde Hudaýyň ýerdäki halkyny barlamalydy we arassalamalydy (1 Pet. 4:17).
5 Onda Malaky 3:1-de agzalýan birinji «wekil» kim? Pygamberlikde suratlandyrylýan wekil Mesihi Patyşa gelmezinden has öň peýda bolmalydy. Eýsem, 1914-nji ýyldan birnäçe ýyl öň kimdir biri Mesihi Patyşanyň «öňünden ýol taýýarladymy»?
6. Pygamberlige görä, Hudaýyň halkyny gelejekdäki wakalara taýýarlamak üçin kimler ilkinji «wekil» bolup hyzmat etdi?
6 Biz şu kitapda Ýehowanyň halkynyň häzirki zaman taryhynyň şeýle soraglara nähili jogap berýändigini bileris. Hudaýyň halkynyň taryhyndan görnüşi ýaly, XIX asyryň ikinji ýarymynda köp ýalan mesihçilerden tapawutlanýan hakyky mesihçiler, ýagny akýürekli adamlardan ybarat kiçijik topar döredi. Bu topar Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler diýip atlandyrylýardy. Olara ýolbaşçylyk eden Çarlz Rassel we onuň egindeşleri Hudaýyň halkyna görkezme bermek hem-de olary gelejekdäki wakalara taýýarlamak bilen, pygamberlikdäki «wekil» bolup hyzmat etdiler. Geliň, «wekiliň» muny haýsy dört usul bilen edendigine seredeliň.
Hakykatda sežde etmek
7, 8. a) 1800-nji ýyllarda ölmeýän ruh baradaky ýalan taglymaty kimler paş edip başlady? b) Rassel dogan we onuň egindeşleri başga-da haýsy ýalan taglymatlary paş etdiler?
7 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler doga edip, Hudaýyň Sözüni öwrenýärdiler, agzybirlikde karara gelýärdiler we düşünen taglymatlarynyň ählisini jemläp, çap edýärdiler. Asyrlar boýy hristian dünýäsi ruhy tümlükde gezip, esasanam, butparazlykdan gelip çykan taglymatlary öwredýärdi. Ölmeýän ruh baradaky taglymat muňa aýdyň mysal bolup biler. 1800-nji ýyllarda Hudaýyň Sözüni öwrenýän akýürekli adamlaryň käbiri şol taglymat babatda gözleg geçirip, onuň Mukaddes Ýazgylara laýyk gelmeýändigine göz ýetirdiler. Genri Gru, Jorj Stetson we Jorj Stors ýaly adamlar Şeýtanyň bu ýalanyny batyrgaýlyk bilen paş edip, makala ýazdylar hem-de çykyş etdiler b. Olaryň eden işleri Rassele we onuň egindeşlerine Mukaddes Ýazgylara gowy düşünmäge kömek etdi.
8 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kiçijik topary ölmeýän ruh bilen baglanyşykly başga-da taglymatlaryň, meselem, gowy adamlaryň ählisi göge gidýär ýa-da Hudaý erbet adamlary dowzahda ebedi gynaýar diýen düşünjeleriň ýalandygyna we düşnüksizdigine göz ýetirdiler. Rassel dogan we onuň egindeşleri köp makalalar, kitaplar, broşýuralar, kitapçalar hem-de gazetde çap edilen wagyzlar arkaly şol ýalan taglymatlary batyrgaýlyk bilen paş etdiler.
9. «Sion garawul diňi» žurnalynda Üç ýüzli taňry taglymatynyň ýalandygy nädip subut edildi?
9 Mundan başga-da, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler giňden ýaýran Üç ýüzli taňry taglymatynyň hem ýalandygyny anykladylar. 1887-nji ýylda çykan «Sion garawul diňi» žurnalynda şeýle diýlipdi: «Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň we Isa Mesihiň aýry şahsyýetdigini hem-de olaryň hersiniň aýratyn ornunyň bardygyny aýdyň görkezýär». Soňra şol makalada şeýle bellenip geçilýär: «Üç ýüzli taňry taglymatyny, ýagny üç Hudaý birini, şol bir wagtyň özünde bir Hudaý üçüsini aňladýar diýen düşünjäni köp adamlaryň kabul edip, ynanmagy diýseň haýran galdyrýar. Emma munuň şeýle bolmagy, Şeýtan buthanalary ýalanyň zynjyrlary bilen baglanda, olaryň süýji ukuda ýatandygyny ýene-de bir gezek subut edýär».
10. «Garawul diňi» žurnalynda 1914-nji ýylyň ähmiýetli boljakdygy barada näme aýdyldy?
10 Adyndan belli bolşy ýaly, «Sion garawul diňi we Isanyň gelmeginiň buşlukçysy» diýen žurnalyň çykmagyna ýolbaşçylyk edenler Mesihiň gelmegi bilen bagly pygamberlikler bilen içgin gyzyklanýardylar. Şol wepaly mesh edilen doganlar Danyýeliň «ýedi döwür» baradaky pygamberliginiň Hudaýyň Mesihi Patyşalyk babatda niýetiniň amala aşmaly wagty bilen baglanyşyklydygyna göz ýetirdiler. Eýýäm 1870-nji ýyllardan başlap, olar şol ýedi döwrüň 1914-nji ýylda tamamlanjakdygyny aýdýardylar (Dan. 4:25; Luka 21:24). Doganlar şol ýylda nähili üýtgeşik wakanyň boljakdygyna doly düşünmeseler-de, hakykaty ähli ýerde wagyz edýärdiler. Biz munuň netijesini şu günler hem görýäris.
11, 12. a) Rassel dogan hakykatyň açylmagy üçin kime minnetdar boldy? b) Rassel doganyň we onuň egindeşleriniň 1914-nji ýyla çenli eden işleriniň nähili ähmiýeti bar?
11 Rassel doganam, onuň egindeşlerem wajyp ruhy hakykatlaryň açylmagyny öz üstünlikleri hasaplamaýardy. Rassel dogan özünden öň zähmet çekenleriň bu işde uly goşant goşandygyny bilýärdi. Ol, esasanam, halkyna öz wagtynda gerekli bilimi berýän Ýehowa Hudaýa minnetdarlyk bildirmelidigine düşünýärdi. Elbetde, Ýehowa Rassel doganyň we onuň egindeşleriniň hakykaty ýalandan aýyrmakda eden tagallalaryny patalady. Ýyllar geçdigi saýyn, olar hristian dünýäsinden gitdigiçe daşlaşyp, olardan has-da tapawutlanýardylar.
12 Bu akýürekli adamlaryň Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň tarapyny tutup, 1914-nji ýyla çenli gazanan üstünlikleri diýseň haýran galdyrýar! 1917-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykan «Sion garawul diňi we Isanyň gelmeginiň buşlukçysy» diýen žurnalda şeýle diýlipdi: «Dowzah ody ýaly ýalan taglymatlar sebäpli gorkuda ýaşan millionlarça adamlar indi azatlyga çykdylar... Kyrk ýyldan gowrak wagt bäri okeanyň joşguny ýaly ýaýrap gelýän hakykat bütin ýer ýüzüni doldurýança dowam eder. Hakykatyň ýaýramagyna päsgel berjek bolýan duşmanlar okeanyň joşan suwuny yzyna serpikdirjek bolýan adamlara meňzeýär».
13, 14. a) «Wekil» Mesihi Patyşanyň ýoluny taýýarlamaga nädip ýardam etdi? b) Biz bir asyrdan gowrak öň ýaşan doganlarymyzdan näme öwrenip bileris?
13 Oýlanyp görüň, eger Hudaýyň halky Isany onuň Atasy Ýehowadan tapawutlandyryp bilmese, Mesihiň gelmegine taýýar bolup bilerdimi? Elbetde, ýok. Ýa-da olar ölümsiz ýaşaýşyň ähli adamlara gönüden-göni berilmän, Isanyň käbir şägirtleri üçin niýetlenen ajaýyp sowgatdygyna düşünmedik bolsalar, Hudaý adamlary dowzah odunda baky gynaýar diýip pikir eden bolsalar, taýýar bolup bilerdilermi? Görşümiz ýaly, «wekiliň» Mesihi Patyşanyň ýoluny taýýarlandygyna hiç hili şübhe ýok!
14 Biz bir asyrdan gowrak öň ýaşan doganlarymyzdan näme öwrenip bileris? Biz hem olaryň göreldesine eýerip, Hudaýyň Sözüni höwes bilen okap, çuňňur öwrenmeli (Ýahýa 17:3). Şu günler baýlyga kowalaşýan dünýä ruhy açlykdan ýaňa halys ysgyndan gaçsa-da, geliň, ruhy iýmite has-da işdämizi açalyň! (1 Timoteos 4:15-i okaň).
«Eý halkym... ol ýerden çykyň»
15. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler kem-kemden nämä göz ýetirdiler? (Şeýle-de çykgyda serediň).
15 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler dünýäniň buthanalaryndan çykmagyň wajypdygy barada öwredýärdiler. 1879-njy ýylda «Garawul diňi» žurnalynda «Wawilon buthanasy» barada aýdyldy. Şol makalada «Wawilon buthanasy» diýlende, Rim katolik buthanasy ýa-da papalyk göz öňünde tutulýardymy? Asyrlar boýy protestantlar Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikde agzalýan Wawilona katolik buthanalarydyr öýdýärdiler. Emma Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler hristian dünýäsiniň ähli buthanalarynyň biziň günlerimizdäki «Wawilona» degişlidigine kem-kemden göz ýetirdiler. Olar näme üçin şeýle netijä geldiler? Sebäbi hristian dünýäsiniň buthanalarynyň ählisi ýokarda agzalan taglymatlar ýaly ýalan düşünjeleri öwredýärdi c. Wagtyň geçmegi bilen, biziň edebiýatlarymyzda Wawilonyň buthanalarynyň agzasy bolan akýürekli adamlaryň näme etmelidigi barada has aýdyň görkezmeler berildi.
16, 17. a) «Müňýyllygyň şapagy» kitabynyň III tomunda we «Garawul diňi» žurnalynda adamlar ýalan dinden çykmaga nädip höweslendirildi? b) Şol irki duýduruşlara sowuk-sala garalmagyna näme sebäp boldy? (Çykgyda serediň).
16 Mysal üçin, 1891-nji ýylda «Müňýyllygyň şapagy» atly kitabyň III tomunda Ýehowanyň häzirki «Wawilondan» ýüz öwrendigi barada aýdylyp, şeýle çagyryş berlipdi: «Onuň ýalan taglymatlary we däp-dessurlary bilen ylalaşmaýan adamlaryň ählisi ondan çykmaga höweslendirilýär».
17 1900-nji ýylyň ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda hristian dünýäsiniň buthanalaryndaky dindarlaryň sanawynda duran we «Men bütin ýüregim bilen hakykatyň tarapdary hem-de başga duşuşyklara seýrek gatnaşýaryn» diýip, özüni aklaýan adamlara maslahat berildi. Şol makalada şeýle soraglar bardy: «Emma Wawilondan ýarty göwräňi çykaryp, ýarysyny onda galdyrmak dogrumy? Muňa doly gulak asmak diýse bolarmy... we şeýle etmek bilen, Hudaýy razy edip, onuň göwnünden turup bolarmy? Elbetde, ýok. Ol (buthananyň agzasy bolýan adam) jemagatyň öňünde şertnama baglaşýar we ol... köpçüligiň öňünde buthanasyndan çykýandygyny aýdýança ýa-da onuň agzasy bolmakdan ýüz öwürýänçä, şol şertnamanyň talaplaryna görä ýaşamaly». Ýyllar geçdigiçe, bu çakylyga has çynlakaý garalyp başlandy d. Ýehowanyň gullukçylary ýalan dinden doly arany açmaga höweslendirilýärdi.
18. Hudaýyň halky näme üçin Beýik Wawilondan çykmalydy?
18 Eger Beýik Wawilondan çykmak barada yzygiderli duýduryş berilmedik bolsa, täze bellenen Patyşa Isanyň ýer ýüzündäki mesh edilen şägirtlerinden ybarat topary onuň gelmegine taýýar bolardymy? Elbetde, ýok. Sebäbi diňe Wawilonyň täsirinden azat bolan mesihçiler Ýehowa «ruhda we hakykatda sežde edip» bilýärler (Ýahýa 4:24). Şol sebäpli biz hem «Eý halkym... ol ýerden çykyň» diýen çakylyga seslenip, ýalan dine hiç hili goşulmazlygy berk ýüregimize düwmeli (Ylham 18:4-i okaň).
Hudaýa sežde etmek üçin ýygnanyşmak
19, 20. «Garawul diňi» žurnalynda Hudaýyň halky sežde etmek üçin bilelikde ýygnanyşmaga nädip höweslendirildi?
19 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Hudaýa sežde etmek üçin, mümkin boldugyndan, imandaşlarymyz bilen ýygnanyşmagyň wajypdygyny öwredýärdiler. Hakyky mesihçiler üçin diňe bir ýalan dinden çykmak ýeterlikli däl. Eýsem, olar arassa seždä hem gatnaşmaly. «Garawul diňi» žurnalynyň has irki sanlaryndan başlap, okyjylar Hudaýa sežde etmek üçin bilelikde ýygnanyşmaga höweslendirilýärdi. Meselem, 1880-nji ýylyň iýul aýynda çykan «Garawul diňinde» Rassel dogan nutuk bilen çykyş eden ýerlerinde geçirilen ýygnak duşuşyklarynyň örän ruhlandyryjy bolandygyny gürrüň berýär. Soňra ol okyjylary gazanan üstünlikleri barada otkrytka ýazyp ibermäge höweslendirýär; olaryň käbiri žurnalda çap edilmelidi. Näme üçin? Rassel dogan: «Isa Mesihiň size nähili üstünlikleri gazanmaga kömek edendigi we imandaşlaryňyz bilen geçirýän duşuşyklaryňyz barada bize gürrüň beriň» diýdi.
20 1882-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynda «Bilelikde ýygnanyşyň» atly makala çap edildi. Şol makalada mesihçilere «birek-biregi gaýrata galdyrmak, ruhlandyrmak we berkitmek üçin» ýygnak duşuşyklaryny geçirmek maslahat berildi. Onda şeýle diýilýärdi: «Siziň araňyzda bilimli ýa-da ukyply adamlar bolsa-da, bolmasa-da, her biriňiz öz Mukaddes Ýazgylaryňyzy, kagyzyňyzy, galamyňyzy we gözleg geçirmek üçin Mukaddes Ýazgylaryň simfoniýasy ýaly özüňizde bar bolan gollanmalaryňyzy alyp geliň. Söhbetdeşlik üçin belli bir temany saýlaň; Ýazgylara düşünmek üçin Hudaýyň mukaddes ruhuny diläp, okaň we oýlanyň, aýatlary deňeşdiriň. Şonda mukaddes ruh size hakykata düşünmäge kömek eder».
21. Allegeýni şäherindäki doganlar ýygnaklary geçirmek we çopançylyk etmek babatda nähili görelde görkezdiler?
21 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň baş edarasy Allegeýni şäherinde (ABŞ, Pensilwaniýa ştaty) ýerleşýärdi. Ol ýerdäki doganlar (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlardaky okaň) maslahata eýerip, bilelikde ýygnanyşmak bilen, gowy görelde görkezýärdiler. Ýaşlygyndan ýygnak duşuşyklaryna gatnaşan Çarlz Keýpen doganymyz köp ýyl geçensoň şeýle ýazdy: «Guramanyň duşuşyk geçirilýän zalynyň diwarynda ýazylan „Siziň ýeke-täk Mugallymyňyz Isa Mesihdir, siziň baryňyz bolsa dogansyňyz“ diýen sözler meniň henizem ýadymda. Bu aýat maňa Ýehowanyň halkynyň arasynda ruhany we garamaýak halk diýen bölünişigiň ýokdugyny hemişe ýatladyp durýardy» (Mat. 23:8). Keýpen dogan ýygnak duşuşyklarynyň ony ruhlandyrandygyny we Ýehowa gulluk etmäge höweslendirendigini aýdýar. Şeýle-de ol Rassel doganyň ýygnakdakylaryň her biriniň mähir bilen aladasyny edendigini gürrüň berýär.
22. Akýürekli adamlar ýygnak duşuşyklaryny geçirmek babatda berlen maslahata nähili seslendiler we biz olardan näme öwrenip bileris?
22 Hudaýa wepaly adamlar hem şol doganlaryň göreldesine eýerýärdiler we berilýän görkezmelere gulak asýardylar. Wagtyň geçmegi bilen, Ogaýo hem-de Miçigan ýaly ştatlarda, Demirgazyk Amerikanyň ähli künjeginde we başga ýerlerde-de ýygnaklar döredildi. Oýlanyp görüň, eger akýürekli adamlar Hudaýa sežde etmek üçin ýygnanyşmaly diýlen maslahata eýermedik bolsalar, Mesihiň gelmegine taýýar bolup bilerdimi? Elbetde, ýok. Şol sebäpli biz hem ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmagy ýüregimize düwmeli we Hudaýa bilelikde sežde etmek hem-de biri-birimizi ruhy taýdan berkitmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanmaly.
Yhlasly wagyz etmek
23. «Garawul diňi» žurnalynda mesh edilen mesihçileriň ählisiniň hakykaty wagyz etmelidigi nädip düşündirildi?
23 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler ähli mesh edilen mesihçileriň hakykaty wagyz etmelidigini öwredýärdiler. 1885-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle sözler bardy: «Biz mesh edilen mesihçilerden ybarat bolan toparyň her bir agzasynyň wagyz etmek üçin mesh edilip (Iş. 61:1), wagyz gullugyna çagyrylandygyny unutmaly däl». Bu žurnalyň 1888-nji ýylda çykan sanynda bolsa: «Bize tabşyrylan ýumuş aýdyň... Eger biz bu ýumşa biperwaý garap, özümizi aklaýan bolsak, onda biz ýalta hyzmatkärdigimizi we mesh edilmäge mynasyp däldigimizi görkezýäris» diýildi.
24, 25. a) Rassel dogan we onuň egindeşleri adamlary diňe bir wagyz etmäge höweslendirmek bilen çäklenmän ýene-de nämeleri etdiler? b) Şol döwürde kitap paýlaýan bolup gulluk eden dogan nämäni gürrüň berýär?
24 Rassel dogan we onuň egindeşleri adamlary diňe bir wagyz etmäge höweslendirmek bilen çäklenmediler. Olar «Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kitapçalary» diýip atlandyrylýan kitapçalary çap edip başladylar. Soňra bu kitapçalara «Öňki dini taglymatlara görä, her üç aýdan çykýan kitapça» diýildi. Olary adamlara mugt paýlamak üçin «Garawul diňiniň» okyjylaryna berýärdiler.
Biz özümize: «Men wagyz işini durmuşymda birinji orunda goýýarynmy?» diýen soragy bermeli
25 Şol döwürde doly wagtly gulluk edýän wagyzçylara kitap paýlaýanlar diýilýärdi. Ýokarda agzalan Çarlz Keýpen hem şol wagyzçylaryň biridi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men bellenen ýerim bolan Pensilwaniýada wagyz edenimde, ABŞ-nyň Geologik gullugynyň kartalaryny ulanýardym. Kartalarda ýurduň dürli künjegine pyýada baryp bolýan ýollaryň ählisi görkezilýärdi. Käwagt men üç günläp obalara aýlanyp, „Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmek“ diýen köp tomly kitaby almak isleýän adamlary bellik edýärdim. Kitaplary eltip bermek üçin, kireýne at bilen araba almaly bolýardym. Men köplenç gijelerine fermada ýatýardym. Şol döwürde awtoulaglar gaty seýrek duş gelýärdi».
26. a) Hudaýyň halky näme üçin wagyz işine gatnaşmalydy? b) Biz özümize nähili soraglary bermeli?
26 Şol döwürde wagyz etmek üçin batyrgaýlyk we erjellik gerekdi. Eger mesihçilere wagyz işiniň wajypdygy öwredilmedik bolsa, olar Isanyň höküm sürüp başlamagyna taýyn bolardymy? Ýok. Sebäbi wagyz işi Isanyň gelmeginiň esasy aýratynlygy bolmalydy (Mat. 24:14). Hudaýyň halky halas ediş işini durmuşynda birinji orunda goýmalydy. Şol sebäpli biz hem özümize şeýle soraglary bermeli: «Men wagyz işini durmuşymda birinji orunda goýýarynmy? Bu işe doly gatnaşmak üçin käbir zatlardan geçýärinmi?»
Gökde Patyşalyk berkarar edilýär
27, 28. Ýahýa resul görnüşde näme gördi we Patyşalygyň berkarar edilmegi Şeýtana hem-de onuň jynlaryna nähili täsir etdi?
27 Ahyrsoňy, 1914-nji ähmiýetli ýyl gelip ýetdi. Şu babyň başynda aýdylyşy ýaly, gökde bolan täsin wakalary hiç bir adam gözi bilen görmedi. Emma Ýahýa resula berlen görnüşde şol wakalar göçme manyda suratlandyryldy. Göz öňüne getiriň, Ýahýa gökde «uly alamat» görýär. Hudaýyň «aýaly», ýagny perişdelerden ybarat bolan gökdäki guramasy göwreli bolup, bir ogul dogurýar. Bu göçme manydaky çaga tizden «ähli milletleri demir hasa bilen bakmalydy». Çaga doglansoň, ony «Hudaýyň we onuň tagtynyň ýanyna äkidýärler». Şonda gökden bir batly ses gelip: «Ine, Hudaýymyz adamlara gutulyş berdi, onuň güýji aýan bolup, Patyşalygy berkarar edildi we onuň Mesihi ygtyýar aldy» diýýär (Ylh. 12:1, 5, 10).
28 Hawa, Ýahýa resul görnüşde Mesihi Patyşalygyň berkarar edilendigini gördi. Bu waka örän ähmiýetli bolsa-da, köplere ýaramady. Şeýtan we onuň jynlary Mikaýylyň, ýagny Isa Mesihiň baştutanlygyndaky wepaly perişdelere garşy söweşdiler. Netijede näme boldy? Mukaddes Ýazgylarda: «Iblis we Şeýtan diýip atlandyrylýan köne ýylan, bütin ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny aldaýan uly aždarha perişdeleri bilen ýer ýüzüne zyňyldy» diýilýär (Ylh. 12:7, 9).
29, 30. Patyşalygyň berkarar edilmegi bilen a) ýer ýüzüniň; b) gögüň ýagdaýy nädip üýtgedi?
29 1914-nji ýyldan köp wagt öň, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler şol ýylda kyn döwrüň başlanjakdygyny aýdypdylar. Emma olar munuň şeýle anyk ýerine ýetjekdigini göz öňüne-de getiren däldirler. Ýahýa resulyň gören görnüşine görä, Şeýtan adamzat jemgyýetine öňküden-de has güýçli topulyp başlamalydy. Ýahýa resul şeýle ýazdy: «Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza, sebäbi Iblis wagtynyň az galandygyny bilip, güýçli gahar-gazap bilen siziň ýanyňyza bardy» (Ylh. 12:12). 1914-nji ýylda I Jahan urşy başlandy we Mesihiň gelendiginiň, ýagny Patyşa bolandygynyň alamaty bütin dünýäde aýan bolup, zalym dünýäniň soňky günleri başlandy (2 Tim. 3:1).
30 Emma gökde uly şatlyk boldy. Sebäbi Şeýtan we onuň jynlary gökden ebedilik kowuldy. Aýatda: «Eý gökler we onda ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň!» diýilýär (Ylh. 12:12). Gögüň arassalanmagy we Isanyň tagta çykmagy bilen, Mesihi Patyşalyk Hudaýyň ýer ýüzündäki halkynyň bähbidi üçin hereket etmäge taýyndy. Ol näme eder? Şu babyň başynda aýdylyşy ýaly, Isa «äht wekili» hökmünde, ilki bilen, Hudaýyň ýerdäki gullukçylaryny arassalamalydy. Bu nämäni aňladýar?
Synag döwri
31. Malaky pygamber arassalaýyş döwri babatda nämäni öňünden aýtdy we bu pygamberlik nädip berjaý bolup başlady? (Şeýle-de çykgyda serediň).
31 Malaky pygamber arassalaýyş döwrüniň aňsat bolmajakdygyny öňünden aýdypdy. Ol şeýle ýazdy: «Emma äht wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir» (Mal. 3:2). Bu sözler, dogrudanam, ýerine ýetdi! 1914-nji ýyldan başlap, Hudaýyň halky agyr synaglara we kynçylyklara duş geldi. I Jahan urşunyň güýjeýän döwründe Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň köpüsini zalymlyk bilen yzarladylar we türmä basdylar e.
32. 1916-njy ýyldan soň Hudaýyň halkynyň arasynda nähili kynçylyklar boldy?
32 Guramanyň içinde-de käbir kynçylyklar döredi. 1916-njy ýylda 64 ýaşly Rassel doganyň aradan çykmagy Hudaýyň halkyny howsala düşürdi. Şonda käbirleriniň belli bir adama has ýokary baha berýändigi aýan boldy. Rassel dogan özüne çendenaşa hormat goýulmagyny islemese-de, köp adamlar oňa keramatly adam ýaly garaýardylar. Köpler onuň aradan çykmagy bilen, indi hakykat aýan bolmaz diýip pikir edýärdiler. Hatda käbirleri guramanyň öňe gitmek üçin edýän tagallalaryna gazaply garşylyk hem görkezýärdiler. Bu bolsa guramanyň içinde bölünişigiň bolmagyna we imandan dänmekligiň döremegine sebäp boldy.
33. Garaşylan zatlaryň ýerine ýetmändigi Hudaýyň halky üçin nähili synag boldy?
33 Garaşylan zatlaryň ýerine ýetmändigi Hudaýyň halky üçin ýene-de bir synag boldy. «Garawul diňi» žurnalynda 1914-nji ýylda milletleriň wagtynyň tamamlanjakdygy açyk aýdylsa-da, doganlar şol ýylda näme boljakdygyna doly düşünmeýärdiler (Luka 21:24). Olar 1914-nji ýylda Isa Mesih mesh edilen mesihçilerden ybarat bolan gelnini özi bilen bile höküm sürmek üçin göge alar diýip pikir edýärdiler. Emma bu beýle bolmady. 1917-nji ýylyň ahyrynda «Garawul diňi» žurnalynda 40 ýyllyk hasyl döwrüniň 1918-nji ýylyň ýazynda tamamlanjakdygy habar berildi. Emma şol aýdylan senede wagyz işi tamamlanmady. Gaýtam, ol güýçli depginde alnyp barylýardy. Şonda «Garawul diňi» žurnalynda hasyl ýygymynyň, hakykatdanam, tamamlanyp, onuň galyndysynyň ýygnalýandygy aýdyldy. Emma şonda-da käbir adamlar göwnüçökgünlige düşüp, Ýehowa gulluk etmegini goýdular.
34. 1918-nji ýylda nähili agyr synag boldy we hristian dünýäsiniň buthanalary näme üçin Hudaýyň halky «öldi» diýip pikir etdiler?
34 1918-nji ýylda Hudaýyň halky başga bir agyr synaga düşdi. Rasselden soň Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk eden J. F. Ruterford dogany we başga-da ýedi sany jogapkär dogany bikanun tussag etdiler. Olary uzak möhlet bilen Atlanta şäherindäki (ABŞ, Jorjiýa ştaty) döwlet türmesine basdylar. Şonda Hudaýyň halkynyň işi togtadylan ýaly boldy. Hristian dünýäsiniň köp buthanalary muňa örän begendiler. Olar Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk eden doganlaryň türmä basylmagy, Bruklindäki baş edaranyň ýapylmagy we Amerikada hem-de Ýewropada wagyz işine güýçli garşylyk görkezilmegi netijesinde, şol ýüregedüşgünç Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler «öldüler», indi hiç hili howp salyp bilmezler diýip pikir edýärdiler (Ylh. 11:3, 7—10). Emma olar örän ýalňyşýardylar!
Hudaýyň halky täzeden aýaga galýar
35. Isa şägirtleriniň horluk çekmegine näme üçin ýol berdi we olara kömek etmek üçin näme etdi?
35 Hakykatyň duşmanlary Hudaýyň halkynyň horluk çekmegine Isanyň diňe bir sebäbe görä, ýagny Ýehowanyň «kümşi eredip saplaýan» hökmünde oturandygy üçin ýol berendigine asla düşünmeýärdiler (Mal. 3:3). Ýehowa we onuň Ogly wepaly adamlaryň agyr synaglara döz gelip, öňküdenem has arassa, tegmiltsiz hem-de Patyşa gulluk etmäge mynasyp boljakdygyny bilýärdi. 1919-njy ýylyň başynda Ýehowanyň mukaddes ruhy Hudaýyň halkynyň duşmanlary üçin mümkin bolmadyk zady etdi. Hudaýa wepaly mesihçiler täzeden aýaga galdylar! (Ylh. 11:11). Şonda Isa Mesih soňky günleriň alamatynyň esasy bölegini ýerine ýetirdi. Ol «wepaly we paýhasly hyzmatkäri», ýagny Hudaýyň halkyna wagtly-wagtynda ruhy iýmiti paýlap, ýolbaşçylyk etjek mesh edilen mesihçilerden ybarat kiçijik topary belledi (Mat. 24:45—47).
36. Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan aýaga galandygyny nämeden bilse bolýar?
36 1919-njy ýylyň 26-njy martynda Ruterford dogan we onuň egindeşleri türmeden boşadyldy. Tizden sentýabr aýynda kongres geçirilmelidi. Şeýle-de «Altyn asyr» atly ýene-de bir žurnal çap edilip başlanmalydy. Bu žurnal «Garawul diňi» bilen birlikde wagyz gullugynda ulanmak üçin niýetlenipdi f. Şol ýyl ilkinji gezek «Býulleten», ýagny häzirki «Hudaýa ýaramly ýaşamak we gulluk etmek» okuw depderçesi çykdy. Onuň ilkinji sanlarynda-da wagyz etmäge höweslendirilýärdi. 1919-njy ýylda öýden-öýe wagyz etmäge aýratyn üns berlip başlandy.
37. 1919-njy ýyldan soň käbir adamlar imandan dänendigini nädip görkezdiler?
37 Wagyz işi arkaly Mesihiň şägirtleri arassalanýardy. Hudaýyň halkynyň arasyndaky tekepbir we ulumsy adamlar wagyz etmegi ýönekeý iş hasaplaýardylar. Olaryň käbiri wagyz etmek islemän, wepaly dogan-uýalar bilen hem gatnaşygyny kesdiler. 1919-njy ýyldan soň, şol imandan dänen adamlar gahar-gazapdan ýaňa Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna töhmet atdylar we Hudaýyň halkynyň duşmanlarynyň tarapyna geçdiler.
38. Isanyň şägirtleriniň gazanan üstünlikleri we ýeňişleri nämäni subut edýär?
38 Isa Mesihiň şägirtleri güýçli garşylyklara garamazdan, ruhy taýdan has-da ösýärdiler. Olaryň şondan bäri gazanan üstünlikleri we ýeňişleri Hudaýyň Patyşalygynyň, hakykatdanam, höküm sürýändigini aýdyň subut edýär! Sebäbi şol bikämil adamlardan ybarat topar diňe Hudaýyň kömegi we patasy bilen, Şeýtanyň hem-de onuň zalym dünýäsiniň üstünden ýeňiş gazandy. Ýehowa olary öz Ogly we Mesihi Patyşalygy arkaly goldady (Işaýa 54:17-ni okaň) g.
39, 40. a) Şu kitabyň käbir aýratynlyklaryny agzap geçiň. b) Bu kitaby öwrenmek size nähili peýda berer?
39 Biz indiki baplarda gökde berkarar edilen Hudaýyň Patyşalygynyň 100 ýyldan bäri ýer ýüzünde nämeleri edendigi barada bileris. Bu kitabyň her bölüminde Patyşalygyň ýer ýüzünde alyp barýan işleriniň bir aýratynlygyna serediler. Her bapda berilýän gaýtalamak üçin çarçuwa bize Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine berk ynanýandygymyzy barlamaga kömek eder. Soňky baplarda bolsa, Hudaýyň Patyşalygy tizden zalym dünýäni ýok edip, ýer ýüzüni Jennete öwürmäge gelende nämeleri etjekdigi barada gürrüň ederis. Bu kitaby öwrenmek size nähili peýda berer?
40 Şeýtan Hudaýyň Patyşalygyna imanymyzy gowşatjak bolýar. Emma Ýehowa biziň imanymyzy berkitmek isleýär. Sebäbi iman bizi goraýar we ruhy taýdan berk bolmaga kömek edýär (Efes. 6:16). Şol sebäpli biz sizi bu kitaby çuňňur öwrenmäge höweslendirýäris. Her gezek okanyňyzda, özüňize şeýle soragy beriň: «Men Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine berk ynanýarynmy?» Eger siz Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine berk ynanýan bolsaňyz, tizden Patyşalygyň, hakykatdanam, höküm sürýändigini ähli adamlaryň görjek gününde-de, siz onuň tarapynda bolarsyňyz!
a Danyýel 2:34 Sen seredip durkaň, ynsan eli degmezden bir daş gopup gaçdy, ol heýkeliň demirden we toýundan bolan aýaklaryna uruldy-da, olary çym-pytrak etdi. 35 Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýkun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy. 44 Şol patyşalaryň döwründe gökdäki Hudaý hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar. 45 Seniň özüňiň görşüň ýaly, adam eli degmezden dagdan gopan daş demri, bürünji, toýny, kümşi we altyny çym-pytrak etdi. Beýik Hudaý mundan soň nämeleriň boljagyny patyşa aýan etdi. Bu düýş dogrudyr we onuň ýorgudy-da hakykatdyr!
b Gru, Stetson we Stors barada köpräk bilmek üçin, «Ýehowanyň Şaýatlary — Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärler» (rus.) kitabynyň 45, 46-njy sahypalaryna serediň.
c Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler bu dünýä bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan dini guramalardan çykmagyň wajypdygyna düşünseler-de, ençeme ýyllaryň dowamynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere degişli bolmadyk, ýöne töleg gurbanyna ynanýandygyny we Hudaýa ýürekden gulluk etjekdigini aýdýan adamlara mesihçi hökmünde garaýardylar.
d Şol irki duýduryşlara sowuk-sala garalmagynyň bir sebäbi, olar, esasan, Isa Mesihiň 144 müňlerden ybarat kiçi sürüsine degişli hasaplanýardy. 1935-nji ýyla çenli Ylham 7:9, 10-njy aýatlarda agzalýan «uly märeke» hristian dünýäsiniň buthanalarynyň köp agzalaryny öz içine alýar we olar ahyrynda Mesihiň tarapyny tutjakdygy üçin, gökdäki ýaşaýşa eýe boljak ikinji topara degişli diýip pikir edilýärdi. Biz bu barada şu kitabyň 5-nji babynda giňişleýin bileris.
e 1920-nji ýylyň sentýabr aýynda çykan «Altyn asyr» (häzirki «Oýanyň!») žurnalynyň ýörite sanynda uruş döwründe Kanadada, Angliýada, Germaniýada we ABŞ-da Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere güýçli garşylyklaryň görkezilendigi barada aýdyldy. Şol zorluk-sütemli yzarlamalar howsala düşürýärdi. I Jahan urşundan birnäçe ýyl öň şeýle güýçli yzarlamalar bolmandy.
f Ençeme ýyllap, «Garawul diňi» žurnaly, esasan, kiçi süriniň agzalaryna tälim bermek üçin niýetlenip çykarylýardy.
g Işaýa 54:17 «Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn» diýýär Reb.