Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-NJI BAP

Wagyz etmegiň usullary — Hoş habary dürli ýollar bilen wagyz edýäris

Wagyz etmegiň usullary — Hoş habary dürli ýollar bilen wagyz edýäris

BABYŇ TEMASY

Hudaýyň halky hoş habary, mümkin boldugyndan, has köp adamlara wagyz etmek üçin dürli usullary ulanýar

1, 2. a) Isa köp adamlara wagyz etmek üçin nähili usuly ulandy? b) Wepaly şägirtler Isanyň göreldesine nädip eýerýärler we näme üçin?

 ISANY diňlemek üçin kölüň ýakasynda uly märeke ýygnanýar. Şonda Isa gaýyga münüp, kenardan biraz daşlaşýar. Näme üçin? Ol suwuň ýüzünde sesiniň güýçlenip, aýdýan zatlarynyň köp adamlara gowy eşidiljekdigini bilýärdi (Markus 4:1, 2-nji aýatlary okaň).

2 Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar edilmeginden öňki we soňky ýyllarda wepaly şägirtler Isanyň göreldesine eýerip, Patyşalyk baradaky hoş habary köp adamlara wagyz etmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ulandylar. Patyşa Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda Hudaýyň halky täze şertlere görä hereket edip, döwrebap tehnologiýalary özleşdirmegini dowam edýär. Biz dünýäniň ahyry gelmänkä, mümkin boldugyndan, has köp adamlaryň hakykaty bilmegini isleýäris (Mat. 24:14). Geliň, ýeriň ähli künjegindäki adamlara hoş habary ýetirmek üçin ulanylan we ulanylýan usullaryň käbirine seredeliň. Siz geçen ýyllarda hoş habary wagyz eden mesihçileriň imanyndan nädip görelde alyp biljekdigiňiz barada oýlanyp bilersiňiz.

Halk köpçüligine wagyz edilýär

3. Gazetleri ulanmagymyz hakykatyň duşmanlaryny näme üçin gynandyrdy?

3 Gazetler. Rassel dogan we onuň egindeşleri köp adamlara hoş habary ýetirmek üçin, 1879-njy ýylda «Garawul diňi» žurnalyny çap edip başladylar. 1914-nji ýyldan on ýyl öň, Isa Mesih hoş habaryň giňden ýaýradylmagy üçin ýer ýüzündäki ýagdaýlara täsir eden bolmaly. Ähli zat 1903-nji ýylda başlady. Şol ýyl Pensilwaniýadaky protestant buthanalarynyň gullukçylarynyň wekili I. L. Iton Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary esasynda gürrüňdeş bolmak üçin Rassel dogany çagyrdy. Bu söhbetdeşlik köpçüligiň öňünde geçirilmelidi. Iton: «Men biziň ylalaşmaýan meselelerimiziň köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşylmagy... köp adamlar üçin örän gyzykly bolar diýip pikir edýärin» diýip, Rassel dogana hat ýazdy. Rassel we onuň egindeşleri hem munuň köpçüligi gyzyklandyrjakdygyna düşünip, şol söhbetdeşlikleri «Pittsburg gazeti» atly esasy gazetleriň birinde çap etdiler. Gazetdäki makalalar giňden ýaýrap, Rassel doganyň düşündiren Mukaddes Ýazgylardaky aýdyň hakykatlary şeýle bir ynandyryjy boldy welin, hatda gazetiň redaksiýasy onuň wagyzlaryny her hepde çap etmegi teklip etdi. Muňa hakykatyň duşmanlary, gör, nähili gynanandyr!

1914-nji ýylda Rassel doganyň wagyzlary 2 müňden gowrak gazetde çap edilýärdi

4, 5. Rassel doganyň nähili gowy häsiýeti bardy we jogapkärli borjy ýerine ýetirýänler nädip onuň göreldesine eýerip biler?

4 Tizden köp gazetler Rassel doganyň wagyzlaryny çap etmek islediler. 1908-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» onuň wagyzlarynyň «on bir sany gazetde yzygiderli» çap edilýändigi habar berildi. Emma gazet işlerinden başy çykýan doganlar Rassele Jemgyýetiň edarasy Pittsburgdan ady belli şäherleriň birine göçürilse, Mukaddes Ýazgylara esaslanan makalalaryň has köp gazetlerde çap ediljekdigini maslahat berdiler. Rassel dogan bu maslahaty we başga-da ýagdaýlary göz öňüňde tutup, 1909-njy ýylda baş edarany Bruklin şäherine (Nýu-Ýork ştaty) göçürdi. Bu nähili netije berdi? Olaryň göçenine bary-ýogy birnäçe aý bolanda, Rassel doganyň wagyzlary takmynan 400 gazetde çap edilýärdi we munuň sany barha artýardy. 1914-nji ýylda Patyşalyk berkarar edilende, Rassel doganyň wagyzlary we makalalary dört dilde çykýan 2 müňden gowrak gazetde çap edilýärdi!

5 Biz mundan nähili wajyp sapak edinýäris? Eger size Hudaýyň guramasynda käbir jogapkärli borçlar ynanylan bolsa, Rassel doganyň kiçigöwünliliginden görelde alyp bilersiňiz. Wajyp kararlara geleniňizde, başgalaryň berýän maslahatyna gulak asyň (Süleýmanyň tymsallary 15:22-ni okaň).

6. Gazetlerde çap edilen Patyşalyk baradaky hakykat bir aýalyň durmuşyna nähili täsir etdi?

6 Gazetlerde çap edilen Patyşalyk baradaky hakykatlar köp adamlaryň durmuşyny özgertdi (Ýewr. 4:12). Mysal üçin, 1917-nji ýylda suwa çümdirilen Ora Hetsel uýa hem şol makalalar arkaly hakykaty eşidenleriň biridi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men durmuşa çykanymdan soň, ejemi görmäge Minnesota ştatyndaky Roçester şäherine gitdim. Men öýe baranymda, ejem gazetden käbir makalalary gyrkyp otyrdy. Olar Rassel doganyň wagyzlarydy. Ejem olardan öwrenen zatlaryny maňa gürrüň berdi». Şeýlelikde, Ora hakykaty kabul edýär we takmynan 60 ýyldan bäri Hudaýyň Patyşalygy barada yhlasly wagyz edýär.

7. Doganlar näme üçin gazetler arkaly wagyz etmegini bes etdiler?

7 1916-njy ýylda iki ýagdaý sebäpli hoş habaryň gazetler arkaly ýaýradylmagy bes edildi. Birinjiden, Beýik Jahan urşunyň möwç urýan döwri çap etmek üçin ulanylýan serişdeleri tapmak kynlaşdy. 1916-njy ýylda Beýik Britaniýadaky gazet bölümimiziň hasabatynda bu barada şeýle diýildi: «Şu günler wagyzlar bary-ýogy 30-dan gowrak gazetde çap edilýär. Emma olaryň sanynyň ýene-de kemeljekdigini kagyzlaryň gitdigiçe gymmatlaýandygyndan hem görse bolýar». Ikinjiden, 1916-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Rassel dogan aradan çykdy. Şol sebäpli 1916-njy ýylyň 15-nji dekabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda: «Indi Rassel doganyň aramyzda ýokdugy üçin (gazetlerde) wagyzlaryň çap edilmegi bes ediler» diýip bildiriş edildi. Gazetler arkaly wagyz etmek bes edilse-de, «Ýaradylyş fotodramasy» ýaly başga usullar gowy netije berýärdi.

8. «Ýaradylyş fotodramasyny» çykarmak üçin nämeler edildi?

8 «Ýaradylyş fotodramasy». Rassel we onuň egindeşleri 1914-nji ýylda çykan «Ýaradylyş fotodramasyny» döretmek üçin takmynan 3 ýyllap zähmet çekdiler (Sül. tym. 21:5). Kinokadrlary, ses ýazgylary we reňkli çüýşe slaýdlary bolan bu drama şol döwürde üýtgeşik zat hasaplanýardy. Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň sahnalaşdyrylyp surata düşürilmegine ýüzlerçe adamlar, hatda haýwanlar hem gatnaşdy. 1913-nji ýylyň hasabatynda: «Nuhuň günleri barada sesli kino düşürmek üçin has uly haýwanat bagynyň köp haýwanlary alyndy» diýilýär. Londonyň, Nýu-Ýorkyň, Parižiň we Filadelfiýanyň suratkeşleri dramada ulanylýan ýüzlerçe çüýşe slaýdlaryň her birini elde reňklediler.

9. «Ýaradylyş fotodramasynyň» çykarylmagyna näme üçin şeýle köp wagt we serişde sarp edildi?

9 «Ýaradylyş fotodramasynyň» çykarylmagyna näme üçin şeýle köp wagt we serişde sarp edildi? 1913-nji ýylda geçirilen kongreslerde kabul edilen karar muňa düşünmäge kömek edýär. Onda şeýle diýilýär: «Amerikan gazetleri suratlar hem-de düşündirişler arkaly jemgyýetçilik pikirini döretmekde görlüp-eşidilmedik üstünlikleri gazandy we şekilleriň herekete getirilmegi giňden ýaýrap, uly mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa şekilleriň herekete getirilmeginiň we slaýdlaryň hoş habary wagyz etmekde hem-de tälim bermekde täsirli we peýdaly usul boljakdygyna Mukaddes Ýazgylary öwrenýän toparyň ökde wagyzçylary hem-de mugallymlary hökmünde biziň has-da ynamymyzy artdyrýar».

«Fotodramany» görkezmek üçin ulanylan budka. «Fotodrama» slaýdlary

10. «Fotodrama» nirelerde görkezildi?

10 1914-nji ýylda «Ýaradylyş fotodramasy» her gün 80 şäherde görkezilýärdi. ABŞ-da we Kanadada ony takmynan 8 million adam gördi. Şol ýyl «Fotodrama» Awstraliýada, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Daniýada, Norwegiýada, Täze Zelandiýada, Finlýandiýada, Şweýsariýada we Şwesiýada görkezildi. «Fotodramanyň» kinokadrsyz gysgaldylan görnüşi bolan «Ewrika dramasy» kiçiräk şäherlerde görkezmek üçin niýetlenipdi. Ony arzan bahadan satyn alyp bolýardy we başga ýere äkitmek hem aňsatdy. 1916-njy ýyla çenli «Fotodramanyň» doly hem-de gysgaldylan görnüşi grek, ispan, italýan, nemes, polýak, fransuz, şwed, ermeni we başga-da dillere terjime edildi.

1914-nji ýylda «Fotodrama» görkezilende, zallar tomaşyçylardan dolýardy

11, 12. «Fotodrama» bir oglana nähili täsir etdi we biz onuň mysalyndan näme öwrenip bileris?

11 «Fotodramanyň» fransuz dilinde çykan görnüşi 18 ýaşly Şarl Ronere güýçli täsir etdi. Ol şeýle diýýär: «Dramany meniň dogduk şäherim Kolmarda görkezdiler. Men ony görüp başlan badyma, Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň aýdyň görkezilýändigine diýseň haýran galdym».

12 Netijede, Şarl suwa çümdürilýär we 1922-nji ýylda doly wagtly gulluk edip başlaýar. Ilki oňa «Fotodramanyň» Fransiýada görkezilmegine kömek etmek tabşyrylýar. Şarl bu ýumşy ýerine ýetirişi barada şeýle gürrüň berýär: «Meniň dürli borçlarym bardy. Men skripka çalýardym, tomaşaçylar we edebiýatlar barada hasabat berýärdim. Şeýle-de fotodrama görkezilip başlamanka, tomaşaçylardan ýuwaş oturmagy haýyş edýärdim. Biz arakesmede adamlara edebiýat hödür edýärdik. Zalyň her bölegine haýsydyr bir dogan ýa-da uýa jogapkär bellenýärdi. Biziň her birimiz birgiden edebiýatlary elimize alyp, öz bellenen ýerimizdäki adamlaryň ýanyna barýardyk. Zalyň girelgesinde-de edebiýatly stol goýulýardy». 1925-nji ýylda Şarl dogan Bruklindäki (Nýu-Ýork ştaty) Beýtelde gulluk etmäge çagyrylýar. Şol ýerde ony Jemgyýetiň ýaňy-ýakynda açylan «WBBR» radiostansiýasyndaky orkestre dirižýor edip belleýärler. Biz hem Roner doganyň mysaly barada oýlanyp, özümize: «Men Patyşalyk baradaky hoş habary ýaýratmaga kömek etmek üçin tabşyrylýan islendik ýumşy ýerine ýetirmäge taýynmy?» diýen soragy bersek gowy bolar (Işaýa 6:8-i okaň) a.

13, 14. Hoş habar nädip radio arkaly ýaýradyldy? (Şeýle-de « „WBBR“ radiostansiýasynyň gepleşikleri» we « Ähmiýetli kongres» diýen çarçuwalara serediň).

13 Radio. 1920-nji ýyllarda «Fotodrama» bilen wagyz etmäge az üns berlip, Patyşalyk baradaky habary ýaýratmakda radio wajyp orun eýeläp başlady. 1922-nji ýylyň 16-njy aprelinde Ruterford dogan Filadelfiýanyň (Pensilwaniýa ştaty) opera teatrynda «Şu günler ýaşaýan millionlarça adamlar hiç haçan ölmez!» diýen nutuk bilen çykyş etdi. Şonda bu nutuk ilkinji gezek radioda eşitdirilip, ony takmynan 50 müň adam diňledi. 1923-nji ýylda bolsa, kongresdäki nutuklar ilkinji sapar radioda goýberildi. Gözegçi doganlar diňe başga radiostansiýalar bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen çäklenmän, öz radiostansiýasyny hem gurmagy makul bildiler. Şeýlelikde, Staten adasynda (Nýu-Ýork) Garawul Diňi Jemgyýetiniň radiostansiýasy (WBBR) gurlup, 1924-nji ýylyň 24-nji fewralynda ilkinji gezek aragatnaşyga çykdy.

1922-nji ýylda takmynan 50 müň adam «Şu günler ýaşaýan millionlarça adamlar hiç haçan ölmez!» diýen nutugy radioda diňledi

14 1924-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» radiostansiýanyň näme maksat bilen açylandygy şeýle düşündirildi: «Biz radionyň hakykaty ýaýratmakda häzire çenli ulanan usullarymyzdan has tygşytly we peýdaly boljakdygyna ynanýarys». Soňra şol makalada: «Eger Hudaý hakykatyň ýaýramagy üçin başga-da radiostansiýalaryň gurulmagyny islese, onda olaryň gurluşygyna gerekli serişdeleri öz wagtynda ýetirer» diýildi (Zeb. 127:1). 1926-njy ýylda Ýehowanyň halkynyň 6 sany radiostansiýasy bardy. Olaryň ikisi ABŞ-da («WBBR» Nýu-Ýorkda we «WORD» Çikagonyň golaýynda), dördüsi bolsa Kanadada (Alberta, Britan Kolumbiýa, Ontario we Saskaçewan welaýatlarynda) ýerleşýärdi.

15, 16. a) Kanadadaky buthanalaryň ýolbaşçylary radiogepleşiklerimize nähili garadylar? b) Radio arkaly we öýden-öýe wagyz etmek nädip biri-biriniň üstüni ýetirdi?

15 Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň radio arkaly ýaýradylmagy hristian buthanalarynyň ýolbaşçylarynyň gözüne ilmän galmady. Saskaçewandaky (Kanada) radiostansiýada alnyp barlan işleri gowy bilýän Albert Hoffman dogan şeýle diýýär: «Has köp adamlar Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleri (şol döwürde Ýehowanyň Şaýatlary şeýle atlandyrylýardy) ýakyndan tanap başladylar. 1928-nji ýylda buthananyň ýolbaşçylary häkimiýetleri küşgürip, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň Kanadadaky ähli radiostansiýalaryny ýapdyrýança, gowy şaýatlyk edildi».

16 Kanadadaky radiostansiýalaryň ýapylandygyna garamazdan, hyzmatdaşlyk edýän radiostansiýalarymyzda Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuklar goýberilýärdi (Mat. 10:23). Hudaýyň Sözündäki hakykat barada aýdylýan radiogepleşikleri köp adamlaryň diňlemegi üçin, «Garawul diňi» we «Altyn asyr» (häzirki «Oýanyň!») žurnalynda şol radiostansiýalaryň sanawy çap edildi. Dogan-uýalar öýden-öýe wagyz edenlerinde, adamlary Mukaddes Ýazgylara esaslanan wagyzlary radioda diňlemäge höweslendirýärdiler. Bu nähili netije berdi? 1931-nji ýylyň ýanwar aýynda çykan «Býulletende» şeýle diýildi: «Radiogepleşikler doganlaryň öýden-öýe wagyz etmäge islegini has-da artdyrýar. Bize gelýän hasabatlaryň köpüsi adamlaryň radiogepleşiklerimizi we Ruterford doganyň wagyzlaryny diňleýändigi üçin, hödür edilýän kitaplary höwes bilen alýandygyny görkezýär». Şeýle-de «Býulletende» radiogepleşikleriň we öýden-öýe wagyz etmegiň «Hudaýyň guramasynyň wagyz etmekde ulanýan esasy iki usulydygy» aýdyldy.

17, 18. Ýagdaýlar üýtgese-de, radio nädip ähmiýetini ýitirmedi?

17 1930-njy ýylda duşmanlarymyz biziň hyzmatdaşlyk edýän radiostansiýalarymyzy ulanmagymyza päsgelçilik döredip başladylar. Şol sebäpli 1937-nji ýylyň ahyrynda Ýehowanyň halky ýagdaýa görä hereket edip, başga radiostansiýalar bilen hyzmatdaşlyk etmegini bes etdi we öýden-öýe wagyz etmäge aýratyn üns berdi b. Muňa garamazdan, has çet ýa-da wagyz etmek kyn ýerlerde Patyşalyk baradaky habaryň ýaýramagynda radio henizem wajyp orun eýeleýärdi. Meselem, 1951—1991-nji ýyllarda Günbatar Berliniň radiostansiýasynda Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuklar yzygiderli eşitdirilýärdi. Şeýlelikde, Gündogar Germaniýanyň ýaşaýjylary hem Patyşalyk baradaky habary diňläp bilýärdi. 1961-nji ýyldan başlap, 30-dan gowrak ýylyň dowamynda Surinamyň (Günorta Amerika) milli radiosynda her hepde Mukaddes Ýazgylaryň esasynda gürrüň edilýän 15 minutlyk gepleşik bolýardy. 1969—1977-nji ýyllarda gurama «Ýazgylaryň hemmesi peýdaly» diýip atlandyrylan 350-den gowrak radioýazgylary çykardy. Şol gepleşikler ABŞ-nyň 48 ştatynda 291 sany radiostansiýada goýberilýärdi. 1996-njy ýylda bolsa, Günbatar Samoanyň paýtagty Apiadaky radiostansiýada her hepde «Siziň Mukaddes Ýazgylar baradaky soraglaryňyzyň jogaplary» diýen gepleşik eşitdirilýärdi.

18 XX asyryň ahyrynda hoş habaryň ýaýramagynda radionyň ähmiýeti uly däldi. Emma hakykaty has köp adamlara ýetirmäge ýardam etjek başga tehnologiýa peýda boldy.

19, 20. Ýehowanyň halky näme üçin jw.org saýtyny döretdi we bu nähili netije berýär? (Şeýle-de « JW.ORG» diýen çarçuwa serediň).

19 Internet. 2013-nji ýylyň hasabatyna görä, dünýäniň ilatynyň takmynan 40 göterimi, ýagny 2, 7 milliarddan gowrak adam Interneti ulanýar. Käbir maglumatlara laýyklykda, takmynan 2 milliard adam oňa smartfon we planşet ýaly telefon enjamlary arkaly girýär. Bütin dünýäde Internete telefon enjamlary arkaly girýänleriň sany gitdigiçe köpelse-de, Afrikada has-da artýar. Sebäbi ol ýerde 90 milliondan gowrak adam Interneti ulanýar. Bular köp adamlaryň maglumaty nireden alýandygyny aýan edýär.

20 Ýehowanyň halky bu aragatnaşyk ulgamyny 1997-nji ýyldan bäri ulanýar. 2013-nji ýylda jw.org saýty takmynan 300 dile terjime edildi. Mukaddes Ýazgylara esaslanan maglumatlary 520-den gowrak dilde alyp bolýar. Biziň saýtymyza her gün 750 müňden gowrak adam girýär. Şeýle-de her aý saýtymyzdan 3 milliondan gowrak kitap, 4 million žurnal we 22 million audioýazgy ýüklenip alynýar.

21. Biz bir adam bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

21 Web-saýtymyz wagyz işi gadagan edilen ýerlerde-de Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habaryň ýaýradylmagynda ähmiýetli usul boldy. Mysal üçin, 2013-nji ýylyň başynda bir adam jw.org saýtyna girýär we ABŞ-daky baş edaramyza jaň edip, Mukaddes Ýazgylar barada köpräk bilmek isleýändigini aýdýar. Onuň jaňynyň näme aýratynlygy bar? Ol adam musulman maşgalada önüp-ösüpdi we Ýehowanyň Şaýatlarynyň işi gadagan edilen ýurduň çet obasynda ýaşaýardy. Häzir ABŞ-daky bir dogan onuň bilen hepdede iki gezek Mukaddes Ýazgylar okuwyny Internetde wideoaragatnaşyk arkaly geçirýär.

Her bir adama aýratynlykda öwredýäris

22, 23. a) Köp adamlara hoş habary ýetirmek üçin ulanan usullarymyz öýden-öýe wagyz etmegiň ornuny eýeledimi? b) Patyşa biziň tagallalarymyzy nädip patalaýar?

22 Hoş habary köp adamlara ýetirmek üçin gazetler, «Fotodrama», radio we web-saýt ýaly usullary ulansak-da, olaryň hiç biri öýden-öýe wagyz etmegiň ornuny eýelemedi. Näme üçin? Ýehowanyň halky Isanyň göreldesine eýerýär. Isa diňe köp adamlara wagyz etmek bilen çäklenmän, her bir adama kömek etmek isleýärdi (Luka 19:1—5). Ol şägirtlerine-de şeýle etmegi öwretdi we olaryň adamlara nähili habary wagyz etmelidigini düşündirdi (Luka 10:1, 8—11-nji aýatlary okaň). Şu kitabyň 6-njy babyndan bilşimiz ýaly, Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk eden doganlar hemişe Ýehowanyň gullukçylaryny her bir adama aýratynlykda wagyz etmäge höweslendirýärdiler (Res. iş. 5:42; 20:20).

23 Şu günler Patyşalygyň berkarar edilenine 100 ýyl boldy. Häzir 8 milliona golaý wagyzçy Hudaýyň niýetleri barada adamlara yhlasly wagyz edýär. Dogrudan-da, Patyşamyz Patyşalyk baradaky habary yglan etmek üçin ulanýan usullarymyzy patalaýar. Şeýle-de ol hoş habaryň her millete, taýpa we dile wagyz edilmegi üçin bize gerekli esbaplary berýär. Biz bu barada indiki bapda gürrüň ederis (Ylh. 14:6).

a Işaýa 6:8 Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.

b 1957-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän doganlar radiostansiýalarymyzyň iň soňkusy bolan Nýu-Ýorkdaky «WBBR» radiostansiýasyny ýapdylar.