Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

7-NJI BAP

Ýaşaýşy Hudaý ýaly gymmat saýýarmyň?

Ýaşaýşy Hudaý ýaly gymmat saýýarmyň?

«Ýaşaýşyň gözbaşy Sendedir» (ZEBUR 36:9).

1, 2. Şu günler Hudaýyň haýsy sowgady örän gymmatly we näme üçin?

GÖKDÄKI Atamyz bizi akylly, paýhasly edip ýaratdy we biz onuň häsiýetlerini görkezip bilýäris (Gelip çykyş 1:27). Akyl-paýhas — gymmatly sowgat, biz onuň kömegi bilen Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri barada oýlanyp bilýäris. Olary ulansak, Ýehowanyň söýýän ruhy taýdan ýetişen adamlary bolup bileris we «ýagşy we ýamany saýgarmagy öwrenişdirendirler» (Ýewreýler 5:14).

2 Şu günler Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri barada oýlanmak örän wajyp, sebäbi dünýäniň ýagdaýy şeýle bir kynlaşdy welin, durmuşda ýüze çykýan wakalaryň ählisi üçin kanun çykarmak mümkin däl. Muny medisina ylmy, ylaýta-da, düzüminde gan bolan dermanlar we olary ulanmaklyk has gowy görkezýär. Ýehowa gulak asmak isleýän adamlar üçin bu örän wajyp mesele. Eger biz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine gowy düşünsek, onda paýhasly karara gelip bileris we ynsabymyzy arassa saklap, Hudaýyň söýgüsinde galarys (Süleýmanyň tymsallary 2:6—11). Käbir prinsiplere seredeliň.

ÝAŞAÝYŞ WE GAN MUKADDES

3, 4. Mukaddes Ýazgylaryň ilki niresinde ganyň mukaddesligi barada aýdylýar we ol haýsy prinsiplere esaslanan?

3 Ýaşaýyş hem-de ganyň bir-biri bilen baglydygyny ilkibaşda Ýehowa görkezip, olaryň mukaddesdigini Kabyl Habyly öldürende aýtdy. Hudaý Kabyla: «Sen nämeler etdiň? Doganyň gany toprakdan Maňa perýat edýär» diýdi (Gelip çykyş 4:10). Ýehowanyň gözünde Habylyň gany onuň zalymlyk bilen biwagt kesilen ýaşaýşyny aňladýardy. Şol sebäpli, göçme manyda aýdanda, Habylyň gany ar almak üçin Hudaýy çagyrýardy (Ýewreýler 12:24).

4 Nuhuň tupanyndan soň, Hudaý adamlara haýwanlaryň etini iýmäge rugsat berdi, ýöne gany bilen iýmeli däldi. Hudaý şeýle diýdi: «Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr. Siziň ganyňyzy dökene ölüm jezasyny bererin» (Gelip çykyş 9:4, 5). Bu tabşyryk Nuhuň ähli we şu günki nesillerine-de degişli. Ol Hudaýyň Kabyla aýdan sözlerini tassyklaýar, ýagny gan ähli ýaradylanlaryň janyny ýa-da ýaşaýşyny aňladýar. Şeýle-de bu tabşyryk Ýehowanyň ýaşaýşyň Gözbaşydygyny tassyklaýar, ýaşaýşa we gana hormat goýmaýanlaryň ählisi Hudaýyň öňünde jogap berer (Zebur 36:9).

5, 6. Musanyň kanunynda ganyň mukaddes we gymmatlydygy nähili görkezilýär? (Şeýle-de « Haýwanlaryň janyny aýaň» diýen çarçuwa seret.)

5 Bu iki wajyp hakykat Musanyň kanunda hem aýdylypdy. Lewiler 17:10, 11-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Eger... biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin, çünki her bir jandaryň jany — onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplanmagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr» *. (« Günäni ýuwýan gan» diýen çarçuwa seret.)

6 Eger öldürilen haýwanyň gany gurbanlyk getirilýän ýer üçin ulanylmasa, ony ýere dökmelidi. Şeýlelikde, göçme manyda, ýaşaýyş öz Gözbaşyna dolanýardy (Kanun taglymaty 12:16; Ezekiýel 18:4). Emma ysraýyllylar haýwanyň etinden ähli gany aýyrmak üçin çendenaşa azara galmaly däldi. Eger haýwan dogry öldürilip, gany çykarylan bolsa, ysraýylly onuň etini arassa ynsap bilen iýip bilýärdi, çünki Ýaradyja hormat goýlupdy.

7. Dawut mukaddes gana nädip hormat goýdy?

7 Hudaýyň «ýüregine laýyk... adam» bolan Dawut Ýehowanyň gan baradaky kanunynyň prinsipine gowy düşünýärdi (Resullaryň işleri 13:22). Bir gezek ol suwsanda, onuň üç esgeri duşmanyň düşelgesinden böwsüp geçip, howdandan suw getirýärler. Şonda Dawut näme etdikä? Ol: «Janyny howp astyna salan adamlaryň ganyny içerinmi?» diýdi. Aslynda, bu suw Dawut üçin esgerleriniň gany bilen deňdi. Şol sebäpli ol suwsandygyna garamazdan, «ony Ýehowanyň öňünde dökýär» (2 Şamuwel 23:15—17).

8, 9. Mesihçiler ýygnagy döränden bäri, Hudaýyň ýaşaýyş we gan baradaky garaýşy özgerdimi? Düşündir.

8 Gan baradaky Nuha berlen tabşyrykdan takmynan 2 400 ýyl we Kanun ähtiniň baglaşylanyna 1 500 ýyla golaý wagt geçenden soň, Ýehowa I asyrdaky mesihçileriň ýolbaşçylyk maslahatyna şu sözleri ýazmaga ylham berdi: «Biz mukaddes ruhuň kömegi bilen sizden şu wajyp zatlardan başga hiç zady talap etmezligi makul bildik: butlara gurban edilen zatlardan, gandan, boglan haýwanlaryň etinden we ahlaksyzlykdan gaça duruň» (Resullaryň işleri 15:28, 29).

9 Görşümiz ýaly, I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty ganyň mukaddesdigine we ony ýerliksiz ulanmagyň butparazlyk hem-de zyna ýaly ahlak taýdan nädogrudygyna düşünýärdi. Bu tabşyryga häzirki mesihçiler hem eýerýärler. Galyberse-de, olar Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri barada oýlanyp, oňa eýerýärler, esasanam, ganyň ulanylyşy bilen baglanyşykly kararlary Ýehowany begendirýär.

GANYŇ MEDISINADA ULANYLYŞY

Sen lukmana ganyň fraksiýalaryny ulanmak baradaky kararyňy nädip düşündirip bilersiň?

10, 11. a) Ýehowanyň Şaýatlary arassa gany we onuň esasy böleklerini goýbermeklige nähili garaýarlar? b) Gan meselesinde mesihçileriň pikiri haýsy ýagdaýda dürli bolup biler?

10 Ýehowanyň Şaýatlary «gandan... gaça durmak» gan goýbermezligi aňladýandygyna we özüne ýa-da başga adamlara guýdurmak üçin ganyny bir ýerde saklatmaly däldigine düşünýärler. Hudaýyň kanunyna hormat goýup, olar ganyň esasy dört bölegini hem, ýagny eritrositi, leýkositi, trombositi hem-de plazmany guýdurmaýarlar.

11 Şu günler ganyň bu böleklerini gaýtadan işläp, köplenç dürli ýollar bilen ulanylýan fraksiýalara (has kiçi bölejiklere) bölýärler. Mesihçi fraksiýany ulanyp bilermi? Ony «gan» hasaplaýarmy? Bu meseläni her kimiň özi çözmeli. Muňa gemodializ, gemodilýusiýa we reinfuziýa ýaly bejergileri hem degişli, şeýle ýagdaýda hiç ýerde saklanylmadyk öz ganyň ulanylýar. («Ganyň fraksiýalary we gan ulanylýan bejergiler» diýen goşmaça maglumata seret.)

12. Ynsaba bagly meselä biz nähili garamaly?

12 Biziň şahsy meselede gelýän kararymyz Ýehowa üçin wajypmy? Hawa, sebäbi ol biziň oý-pikirimiz, islegimiz barada ýürekden gyzyklanýar (Süleýmanyň tymsallary 17:3; 24:12-ni okaň). Şol sebäpli biz Ýehowa doga edip, dermanlar ýa-da bejeriş usullary barada maglumat ýygnap, soňra Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabymyza görä karara gelmeli (Rimliler 14:2, 22, 23). Elbetde, başgalar bize derek çözüp bilmez, bizem olardan: «Meniň ýerime sen näme ederdiň?» diýip soramaly däl. Bu meselede her mesihçi «öz ýüküni özi götermelidir» (Galatýalylar 6:5; Rimliler 14:12; « Men gany mukaddes hasaplaýarynmy?» diýen çarçuwa seret) *.

ÝEHOWANYŇ KANUNLARY ATALYK SÖÝGÜSINI GÖRKEZÝÄR

13. Ýehowanyň kanunlary we prinsipleri ol hakda nämäni görkezýär? Mysal getir.

13 Mukaddes Ýazgylardaky kanunlar we prinsipler Ýehowanyň akyldar Kanun çykaryjydygyny we söýýän Ata hökmünde öz çagalarynyň bähbidi hakda çuňňur alada edýändigini görkezýär (Zebur 19:7—11). «Gandan... gaça duruň» diýen tabşyryk saglygymyz üçin berilmese-de, ol gan goýbermegiň erbet täsirlerinden goraýar (Resullaryň işleri 15:20). Dogrudan-da, lukmanlaryň köpüsi gansyz bejerişi häzirki medisinada «iň ýokary hilli bejergi» hasaplaýarlar. Mesihçiler üçin şeýle üstünlik Ýehowanyň deňsiz-taýsyz akyldarlygyny we atalyk söýgüsini görkezýär (Işaýa 55:9; Ýahýa 14:21, 23).

14, 15. a) Hudaýyň haýsy kanunlarynda öz halkyny söýýändigi görkezilýär? b) Bu kanunlaryň esasyndaky prinsipleri sen nädip berjaý edip bilersiň?

14 Gadymy Ysraýyla berlen ençeme kanunlar Hudaýyň öz halkynyň bähbidi barada alada edýändigini görkezýär. Meselem, ysraýyllylar betbagtçylyk bolmaz ýaly, üçeginiň daşyna germew aýlamalydylar, sebäbi adamlar köplenç şol ýerde ýygnanýardylar (Kanun taglymaty 22:8; 1 Şamuwel 9:25, 26; Nehemýa 8:16; Resullaryň işleri 10:9). Şeýle-de Hudaý süsegen öküze gözegçilik etmegi tabşyrdy (Müsürden çykyş 21:28, 29). Bu tabşyryklara eýermeýän adam, başgalaryň bähbidine hormat goýmaýandygyny we olaryň ganyna galýandygyny görkezýärdi.

15 Sen bu kanunlaryň esasyndaky prinsipleri nädip berjaý edip bilersiň? Sen maşynyň, öýüň, ulagy sürüşiň, haýwanlaryň, iş ýeriň we saýlaýan göwün açmalaryň barada oýlansaň gowy bolmazmy? Käbir ýurtlarda köplenç ýaşlar öz janyny howp astyna salyp, ýol heläkçiligine uçraýarlar. Emma özüni Hudaýyň söýgüsinde saklamak isleýän ýaşlar janyny gymmat saýyp, howply zatlara baş goşmaýarlar. Olar ýaşdygy üçin bize hiç zat bolmaýar diýip özdiýenlilik etmeýärler. Gaýtam, ýaşlygyna guwanyp, özüni gerekmejek betbagtlykdan goraýarlar (Wagyz kitaby 11:9, 10).

16. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri çaga aýyrtmagy gadagan edýär? (Çykgyda hem seret.)

16 Hudaý üçin hatda dünýä inmedik çaganyň jany hem gymmatly. Gadymy Ysraýylda göwreli aýala biri zyýan ýetirip, şol aýalyň özi ýa-da çagasy ölse, Hudaý ol adamy ganhor hasaplaýardy we ol «jan ýerine jan bermelidi» (Müsürden çykyş 21:22, 23) *. Her ýyl ençeme aýallar ýagdaýyny kynlaşdyrmajak bolup ýa-da ahlaksyz ýaşamak üçin heniz dogulmadyk çagasyny bilgeşleýin aýyrdýarlar. Göz öňüne getir, Ýehowa şeýle ýagdaýy görüp nähili gynanýandyr.

17. Hakykata gelmänkä çagasyny aýyrdan aýala nädip göwünlik berip bileris?

17 Eger aýal hakykata gelmänkä, çagasyny aýyrdan bolsa näme? Eýsem, Ýehowa ony bagyşlarmy? Hawa, bagyşlar! Sebäbi ýürekden toba eden adam Isanyň dökülen gany esasynda Ýehowanyň bagyşlajakdygyna ynanyp biler (Zebur 103:8—14; Efesliler 1:8). Mesihiň özi-de şeýle diýdi: «Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» (Luka 5:32).

ÝARAMAZ DÜŞÜNJEDEN GAÇA DUR!

18. Mukaddes Ýazgylarda ganhorlugyň esasy sebäbi barada näme diýilýär?

18 Ýehowa biziň adamlara diňe bir ýamanlyk etmezligimizi däl-de, eýsem, ganhorlygyň esasy sebäbi bolan ýigrenji hem ýüregimizden aýyrmagymyzy isleýär. Ýahýa resul hem: «Doganyny ýigrenýän kişi ganhordyr» diýýär (1 Ýahýa 3:15). Şeýle adam diňe bir doganyny ýigrenmän, onuň ölümini-de isleýär. Duşmançylyk sebäpli, megerem, ol rehimsiz töhmet atýandyr ýa-da Hudaýyň ýazgarýan zatlaryny edýär diýip, ýalandan aýyplaýandyr (Lewiler 19:16; Kanun taglymaty 19:18—21; Matta 5:22). Şol sebäpli-de, ýüregimizde ornaşan ýigrenji aýyrmak nähili wajyp! (Ýakup 1:14, 15; 4:1—3).

19. Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşaýan adama Zebur 11:5 we Filipililer 4:8, 9-njy aýatlar nähili täsir edýär?

19 Ýehowa ýaly ýaşaýşyň gadyryny bilýän we özüni Hudaýyň söýgüsinde saklaýan adamlar her hili zorluk-sütemden hem gaça durýarlar. Zebur 11:5-de Ýehowa «zorlugy söýýäni ýigrenýändir» diýilýär. Şu aýat diňe bir Ýehowanyň häsiýetini däl, eýsem, biziň durmuşymyzy ugrukdyrýan esasy prinsipi hem görkezýär. Şol prinsip Hudaýy söýýän adamlary zorluga iterýän islendik göwün açmadan gaça durmaga höweslendirýär. Şonuň ýaly-da, Ýehowanyň gullukçylary onuň «parahatlyk berýän Hudaýdygyny» bilip, aňyny we ýüregini ýakymly, artyk we öwgä mynasyp zatlardan doldurýarlar, bu bolsa parahatlygy saklamaga ýardam edýär (Filipililer 4:8, 9).

ADAMLARYŇ GANYNA GALÝAN GURAMALARDAN GAÇA DUR

20—22. Mesihçiler dünýä nähili garaýarlar we näme üçin?

20 Hudaýyň gözünde Şeýtanyň bütin dünýäsi adamlaryň ganyna galýar. Mukaddes Ýazgylarda wagşy haýwan bilen deňeşdirilýän syýasy guramalar millionlarça adamlary, şol sanda Ýehowanyň ençeme gullukçylaryny öldürdiler (Danyýel 8:3, 4, 20—22; Ylham 13:1, 2, 7, 8). Bu wagşy haýwan kommersiýa we ylym bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, göz öňüne getirip bolmaýan elhenç ýaraglary döredip, uly girdeji gazandy. Dogrudan-da, «bütin dünýä... Şeýtanyň goly astynda»! (1 Ýahýa 5:19).

21 Isanyň şägirtleri bu «dünýäden däl», şol sebäpli syýasata we urşa goşulman, bitaraplygy berk saklaýarlar, özleri-de hiç kimi öldürmeýärler, umumy gandöküşiklige-de gatnaşmaýarlar (Ýahýa 15:19; 17:16) *. Olary yzarlanlarynda Mesihden görelde alyp, zorluga zorluk bilen jogap bermeýärler. Gaýtam, hatda duşmanlary üçin doga edip, olary söýýändigini görkezýärler (Matta 5:44; Rimliler 12:17—21).

22 Mundan başga-da mesihçiler ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan we has köp gan döken «Beýik Wawilon» bilen gatnaşyk etmekden gaça durýarlar. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Pygamberleriň, mukaddesleriň we ýer ýüzünde öldürilenleriň gany şu şäherden tapyldy». Şonuň üçin bize şeýle duýduryş berilýär: «Eý halkym,.. ol ýerden çykyň» (Ylham 17:6; 18:2, 4, 24).

23. Beýik Wawilondan çykmak näme aňladýar?

23 Beýik Wawilondan çykmak üçin ýalan din bilen arany bütinleý kesmek ýeterlikli däl. Munuň üçin ýalan diniň zalym işlerini ýigrenmeli, sebäbi ol ahlaksyzlyk, syýasata goşulmak we baýlyga kowalaşmak ýaly işleri açyk goldaýar (Zebur 97:10-ny okaň; Ylham 18:7, 9, 11—17). Köplenç şeýle işler gandöküşiklige eltýär!

24, 25. a) Toba eden ganhora Hudaý nämäniň esasynda rehimdarlyk edýär? b) Bu bize geçmişdäki nämäni ýatladýar?

24 Hakykata gelmänkä, her birimiz belli bir derejede Şeýtanyň dünýäsini goldap, gandöküşiklige gatnaşypdyk. Emma biz Mesihiň töleg gurbanyna imanymyzy ösdürip, özümizi Hudaýa bagyş edip, durmuşymyzy özgertdik, Onuň rehimdarlygyny gazandyk we ruhy taýdan goragymyz bar (Resullaryň işleri 3:19). Şeýle gorag bize geçmişdäki gaçybatalga şäherlerini ýatladýar (Sanlar 35:11—15; Kanun taglymaty 21:1—9).

25 Gaçybatalga şäherleri nädip goraýardy? Eger ysraýylly tötänden bir adamy öldürse, gaçybatalga şäherleriň birine gaçyp bilýärdi. Kazylar bu meseläni çözenden soň, birini tötänden öldüren adam baş ruhany ölýänçä şol şäherde ýaşamalydy. Soňra ol şäherden çykyp, islän ýerinde ýaşap bilýärdi. Bu Hudaýyň rehimdarlygyny we ynsan janyny gymmat saýýandygyny görkezýän nähili ajaýyp mysal! Geçmişdäki Hudaýyň gaçybatalga şäherleri ýaly, Ýehowa Mesihiň töleg gurbany arkaly mukaddes ýaşaýyş hem-de gan baradaky tabşyrygyny biz bilmän bozsak, ölümden halas edýär. Sen Ýehowanyň berýän zatlarynyň gadyryny bilýärmiň? Muny nädip görkezip bilersiň? Meselem, «agyr muşakgatyň» golaýlap gelýändigini göz öňünde tutup, adamlary Hudaýyň berýän goragyny kabul etmäge çagyryp bilersiň (Matta 24:21; 2 Korinfliler 6:1, 2).

ÝAŞAÝŞY GYMMAT SAÝ WE PATYŞALYK HABARYNY WAGYZ ET

26—28. Biziň ýagdaýymyz haýsy manyda Ezekiýel pygamberiň döwrüne meňzeýär we özümizi Hudaýyň söýgüsinde nädip saklap bileris?

26 Şu günler Hudaýyň halkynyň ýagdaýy Ezekiýel pygamberiň döwrüniň ýagdaýyny ýatladýar. Ýehowa Ezekiýele Ysraýyl öýüniň ruhy garawuly bolmagy tabşyrdy. Hudaý: «Sen meniň agzymdan çykýan sözlere gulak asyp, olary meniň adymdan duýdur» diýdi. Eger Ezekiýel bu tabşyryga gulak asmadyk bolsa, onda Iýerusalim höküm edilende, ol onuň ýaşaýjylarynyň ganyna galardy (Ezekiýel 33:7—9). Emma Ezekiýel gulak asyp, olaryň ölümine günäkär bolmady.

27 Biz Şeýtanyň bütin dünýäsiniň ýok edilmeginiň öňüsyrasynda ýaşaýarys. Şonuň üçin Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň «öç güni» hakda we Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegi borjy hasaplap, hormat saýýarlar (Işaýa 61:2; Matta 24:14). Sen şu wajyp işe yhlasly gatnaşýarmyň? Pawlus resul wagyz işine çynlakaý garaýardy. Şol sebäpli ol: «Ähli adamlaryň ganyndan azatdygyma güwä geçýärin. Sebäbi men Hudaýyň öwüt-nesihatlaryny size höwes bilen gürrüň berdim» diýip bildi (Resullaryň işleri 20:26, 27). Nähili ajaýyp görelde!

28 Elbetde, Ýehowanyň atalyk söýgüsinde galmak üçin, ýaşaýşa we gana Ýehowa ýaly garamak ýeterlikli däl. Biz arassa, ýagny mukaddes bolmaly. Muňa indiki bapda serederis.

^ abzas 5 Hudaýyň «jandaryň jany — onuň ganyndadyr» diýen sözleri barada «Saýentifik ameriken» žurnalynda şeýle diýilýär: «Eger bu sözleriň göçme däl-de, göni manysyna üns bersek, dogrudan-da, ýaşaýşy goldamak üçin gan öýjükleriniň her bir görnüşi gerek».

^ abzas 12 2006-njy ýylyň awgust aýynda çykan «Oýanyň!» (rusça) atly žurnalyň 3—12-nji sahypalaryna seret. Ýehowanyň Şaýatlary neşir etdi.

^ abzas 16 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän dilçileriň aýtmagyna görä, ýewreý tekstiň düzülişinden çen tutsaň, onda «megerem, diňe bir aýala ýetirilen zyýan barada aýdylmaýar». Şeýle-de üns beren bolsaň, Töwratda Ýehowanyň çykarjak kararyna düwünçegiň ýaşynyň täsir edýändigi barada hiç zat aýdylmaýar.

^ abzas 21 «Dünýäden aýry boluň» diýen 5-nji baba seret.

^ abzas 70 Bu barada «Ganyň fraksiýalary we gan ulanylýan bejergiler» diýen goşmaça maglumatda jikme-jik düşündirilýär.