Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Haçan we näme üçin başyňy örtmeli?

Haçan we näme üçin başyňy örtmeli?

Hudaýa sežde edende, mesihçi uýa haçan we näme üçin başyny örtmeli? Gel, bu barada Pawlus resulyň Hudaýyň ylhamy bilen aýdan sözlerine seredeli. Onuň sözleri Hudaýy şöhratlandyrýan dogry karara gelmäge kömek edýär (1 Korinfliler 11:3—16). Pawlus göz öňünde tutmaly üç zady belläp geçýär: 1) mesihçi uýa haýsy işler bilen meşgullananda, başyny örtmeli; 2) ol muny nähili ýagdaýlarda etmeli; 3) bu maslahata nähili niýet bilen eýermeli.

Işler. Pawlus iki zat barada, ýagny doga we pygamberlik etmegi agzaýar (4, 5-nji aýatlar). Doga etmek—Ýehowa bilen sylaşykly gepleşmekdir. Şu günler mesihçileriň Mukaddes Ýazgylar esasynda geçirýän islendik okuwy pygamberlik etmegi aňladýar. Pawlusyň maslahatyna görä, mesihçi uýa her gezek doga edende ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirende başyny örtmelimi? Ýok. Bu ýagdaýa bagly bolýar.

Ýagdaýlar. Pawlus iki ýagdaýy agzap geçýär: maşgalany we ýygnagy. Ol şeýle diýýär: «Aýalyň başy erkek... Başyny örtmän doga ýa-da pygamberlik edýän aýal hem öz başyny masgara edýändir» (3, 5-nji aýatlar). Ýehowa erkek kişini maşgalabaşy belledi. Eger mesihçi uýa Ýehowanyň erkek kişä tabşyran ýumşuny berjaý edende, onuň baştutanlygyna hormat goýmasa, ärine ysnat getirýär. Meselem, eger ol äriniň ýanynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeli bolsa, başyny örtüp, onuň baştutanlygyna hormat goýýar. Ol muny äri suwa çümdürilen bolsa-da, bolmasa-da etmeli, sebäbi ol maşgalabaşy *. Eger ol kämillik ýaşyna ýetmedik suwa çümdürilen oglunyň ýanynda doga etmeli ýa-da okuw geçirmeli bolsa-da, başyny örtmeli, bu oglunyň maşgalabaşydygyny aňlatmaýar, ýöne suwa çümdürilen erkeklere mesihçileriň ýygnagynda ýolbaşçylyk berleni üçin, ol başyny örtmeli.

Ýygnak barada Pawlus şeýle diýdi: «Kimdir biri munuň bilen ylalaşman, başga däbe eýerjek bolsa, onda ol bizde-de, Hudaýyň ýygnagynda-da mundan başga düzgüniň ýokdugyny bilsin» (16-njy aýat). Mesihçiler ýygnagynda suwa çümdürilen erkekler ýolbaşçylyk edýär (1 Timoteos 2:11—14; Ýewreýler 13:17). Diňe erkekler ýaşuly we ýygnagyň hyzmatçylary bolup bilýär, Hudaý olara sürüsi barada alada etmegi tabşyrýar (Resullaryň işleri 20:28). Emma käte suwa çümdürilen dogana berilmeli ýumuş mesihçi uýa tabşyrylýar. Meselem, suwa çümdürilen dogan ýok bolsa, wagyz duşuşygyny uýa geçirmeli bolýar. Ýa-da ol öňünden planlaşdyrylan Mukaddes Ýazgylar okuwyny suwa çümdürilen doganyň ýanynda geçirmegi mümkin *. Bu ýygnagyň işine degişli bolany üçin, mesihçi uýa erkeklere berlen ýumşy berjaý edýändigine düşünip, başyny örtmeli.

Emma uýa ähli ýagdaýlarda başyny örtmelimi? Meselem, ýygnak duşuşyklarynda jogap berende, ýanýoldaşy ýa-da başga dogan bilen öýden-öýe wagyz edende, suwa çümdürilmedik çagalary bilen okuw geçirende ýa-da doga edende başyny örtmek hökman däl. Elbetde, başga ýagdaýlar hem ýüze çykmagy mümkin, şonda uýa näme etmelidigini bilmese, goşmaça maglumat tapyp, ondan okap biler *. Eger ol şübhelense we ynsaby başyny örtmäge höweslendirse, onda ýokardaky suratdan görnüşi ýaly, bu-da nädogry bolmaz.

Niýet. 10-njy aýatda mesihçileriň näme üçin bu tabşyrygy berjaý etmelidiginiň iki sebäbi düşündirilýär: «Şol sebäpli-de perişdelere alamat bolar ýaly, aýal ärine tabyn bolýandygyny görkezmek üçin başyny örtmelidir». Ilki bilen, «tabyn bolýandygyny görkezmek üçin» diýen jümlä üns ber. Aýal başyny örtüp, Ýehowanyň suwa çümdürilen erkeklere ýygnakda ýolbaşçylyk etmegi tabşyrandygyna düşünýändigini aýan edýär. Şeýdip, ol Ýehowany söýýändigini we Oňa wepalydygyny görkezýär. Ikinji sebäbi «şol sebäpli-de perişdelere» diýen sözlerden görünýär. Aýal başyny örtüp, bu güýçli ruhy şahsyýetlere nähili täsir edip biler?

Perişdeler Ýehowanyň gökdäki we ýerdäki guramasynda Hudaýyň häkimiýetine nähili tabyn bolunýandygyna höwes bilen syn edýärler. Bu babatda perişdeler hem bikämil adamlardan görelde alyp biler. Sebäbi olar-da Ýehowanyň guramasyndaky düzgüne tabyn bolmaly, çünki geçmişde ençeme perişdeler şu synaga döz gelip bilmediler (Ýahuda 6). Kä ýagdaýda suwa çümdürilen doganlara garanda, mesihçi uýalar akylly we tejribeli bolýar, ýöne olaryň doganlaryň ýolbaşçylygyna tabyn bolýandygyny perişdeler görýärler. Şeýle-de uýa gelejekde Mesih bilen höküm sürjek mesh edilenlere degişli bolup biler. Şeýle ýagdaýda uýa perişdelerden hem ýokary orny eýeläp, Mesih bilen gökde höküm sürer. Perişdeler üçin, gör, nähili ajaýyp görelde! Görşümiz ýaly, kiçigöwünli gulak asýan uýalaryň ählisi Hudaýa wepaly tabyn bolup, millionlarça perişdeleriň öňünde aýratyn hormata mynasyp!

^ abzas 5 Adatça, mesihçi uýa iman edýän äriniň ýanynda daşyndan doga etmeli däl. Ol muny diňe käbir ýagdaýlarda, meselem, äri hassalygy üçin gepläp bilmese edip bilýär.

^ abzas 6 Uýa suwa çümdürilmedik doganyň ýanynda, eger ol ýanýoldaşy bolmasa öňünden planlaşdyrylan Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirse, başyny örtmek gerek däl.

^ abzas 7 Bu barada köpräk bilmek üçin «Garawul diňiniň» 2015-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykan sanynyň 30-njy sahypasyna, «Garawul diňiniň» 2002-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan sanynyň 26, 27-nji sahypalaryna (rusça) we 1977-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykan sanynyň 125—128-nji sahypalaryna (iňlisçe) seret.