Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

97-NJI BAP

Üzümçilikde işlän adamlar hakdaky mysal

Üzümçilikde işlän adamlar hakdaky mysal

MATTA 20:1—16

  • «SOŇKULAR... ILKINJI BOLARLAR»

Isa henizem Pereýadady. Ol ýaňyja diňleýjilerine «ilkinji bolanlaryň köpüsi soňky, soňkularyň bolsa ilkinji boljakdygyny» aýtdy (Matta 19:30). Ol bu pikirini nygtamak üçin üzümçilikde işlän adamlar hakda bir hekaýany gürrüň berýär:

«Gökdäki Patyşalygy ir bilen işgärleri hakyna tutmaga çykan üzümçiligiň eýesine meňzetse bolar. Ol işgärler bilen gününe bir dinar tölemäge gepleşip, olary üzümçiligine iberýär. Ol sagat üçlerde çykanda, bazarda başga-da işsiz galan adamlary görýär. Ol: „Sizem üzümçiligime gidip işläň, men iş hakyňyzy tölärin“ diýýär. Olar hem işlemäge gidýärler. Sagat alty we dokuz töweregi hem şeýle bolýar. Ol sagat on bir töweregi çykanda, ýene-de işsiz duran adamlary görüp, olardan: „Siz näme üçin uzakly gün işsiz dursuňyz?“ diýip soraýar. Olar: „Bizi hiç kim işe çagyrmady“ diýip jogap berýärler. Şonda ol: „Siz-de gidip, meniň üzümçiligimde işläň“ diýýär» (Matta 20:1—7).

Isanyň gürrüňini diňleýän adamlar «gökdäki Patyşalyk» we «üzümçiligiň eýesi» diýen sözleri eşidende, Ýehowa Hudaý hakda pikir eden bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda üzümçiligiň eýesi diýlende Ýehowa, üzümçilik diýlende bolsa ysraýyl halky göz öňünde tutulýar (Zebur 80:8, 9; Işaýa 5:3, 4). Kanun ähtiniň astyndaky halk üzümçilikde işlän adamlara meňzedilýär. Ýöne Isa geçmişi däl-de, öz döwri hakda aýdýardy.

Meselem, ýakynda Isany synamak üçin aýrylyşmak baradaky meseläni gozgan fariseýler, ýagny dini ýolbaşçylar Hudaýa gulluk etmek üçin elmydama agyr zähmet çekýän adamlar hasaplanýardy. Olar uzak gün işläp, soňra iş hakyny almaga garaşan işçilere meňzedilýär. Üzümçiligiň eýesi olar bilen gününe bir dinar tölemäge gepleşipdi.

Ruhanylaryň we beýleki dini ýolbaşçylaryň pikirine görä, sada adamlar Hudaýa az gulluk edýärler. Olar üzümçilikde uzak gün işlemedik işçilere meňzedilýär. Isanyň gürrüň bermegine görä, olar «sagat üçlerde (9:00 töweregi)», «sagat alty we dokuzda (12:00 we 15:00 töweregi)», iň soňunda bolsa «sagat on birde (17:00 töweregi)» gelen işçilerdir.

Isanyň yzyna eýerýän erkekdir aýallary «näletlenen adamlar» hasaplaýardylar (Ýahýa 7:49). Olaryň köpüsi balykçylyk we başga-da şoňa meňzeş işler bilen meşgullanýan adamlardy. B. e. 29-njy ýylynyň güýz aýynda «üzümçiligiň eýesi» Isany iberýär. Ol Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa gulluk etmek isleýän şol sada adamlary çagyrmalydy. Olar Isanyň aýdyşy ýaly, «soňkulardy», ýagny sagat 11 töweregi işlemäge gelen işçilerdi.

Soňra Isa iş gününiň tamamlanyşyny şeýle gürrüň berýär: «Agşam düşende, üzümçiligiň eýesi iş dolandyryjysyna: „Işgärleri çagyr-da, iň soňky gelenlerden başlap, tä başda gelenlere çenli iş hakyny ber“ diýýär. Sagat on birde işläp başlanlaryň hersi bir dinardan alýar. Irden işe başlanlar gelende, olar has köpräk alarys öýdýärler. Emma olara-da bir dinar berilýär. Olar haklaryny alanda, üzümçiligiň eýesinden nägile bolup başlaýarlar. Olar: „Soňky gelenler bir sagat işlediler, emma biz ertirden agşama çenli jokrama yssyda işlesek-de, sen olary biziň bilen deň tutduň!“ diýýärler. Ol şeýle jogap berýär: „Dostum, men saňa adalatsyzlyk etmedim. Biz bir dinara gepleşenimizde, sen razy bolupdyň, şeýle dälmi? Öz hakyňy al-da, gidiber. Men bir sagat işlänlere-de saňa töleýşim ýaly tölejek. Eýsem, men pulumy öz isleýşim ýaly ulanmaga hakym ýokmy näme? Ýa-da meniň olara ýagşylyk edenime göriplik edýärmiň?“ Şeýlelikde, ilkinji bolanlar soňky, soňkular bolsa ilkinji bolarlar» (Matta 20:8—16).

Şägirtler hekaýanyň soňky bölegini diňläp, haýran galan bolmaly. Özlerini «ilkinji» hasaplaýan ýehudy dini ýolbaşçylary nädip «soňkular» bolar? Isanyň şägirtleri nädip «ilkinji bolarlar»?

Fariseýleriň we şoňa meňzeş adamlaryň «soňkular» hasaplaýan adamlary, ýagny Isanyň şägirtleri «ilkinji bolanlaryň» hatarynda durup, iş hakyny doly alarlar. Isanyň ölüminden soň, Hudaý ysraýyl halkyndan ýüz öwrer, ýerine bolsa täze halk, ýagny «Hudaýyň Ysraýylyny» saýlar (Galatýalylar 6:16; Matta 23:38). Suwa çümdürýän Ýahýa mukaddes ruh bilen çümdüriljek adamlar hakda aýdanda, şol adamlary göz öňünde tutupdy. Olar «soňkular» bolsa-da, ilkinji bolup mukaddes ruh bilen çümdüriler, ýagny mesh ediler we «bütin ýer ýüzünde» Isa hakda wagyz etmek hormatyna eýe bolarlar (Resullaryň işleri 1:5, 8; Matta 3:11). Şägirtler Isanyň pikirine düşünen bolmaly. Diýmek, olar gelejekde «soňkular» boljak dini ýolbaşçylaryň gahar-gazaba münüşini hem göz öňüne getirip bilendirler.