92-NJI BAP
Heýwere keselli on adamyň diňe biri minnetdar bolýar
-
ISA HEÝWERE KESELLI ON ADAMY SAGALDÝAR
Sinedrionyň niýetini puja çykaransoň, Isa Iýerusalimiň gündogar-demirgazyk tarapynda ýerleşýän Efraýym şäherine ýola düşýär. Şeýdip, ol şägirtleri bilen duşmanlarynyň tapyp bilmejek ýerinde bolýar (Ýahýa 11:54). Ýöne b. e. 33-nji ýylynyň Pasha baýramy golaýlaýardy, şonuň üçin ol tizden ýene-de ýola düşmeli bolar. Ol Samariýanyň üsti bilen demirgazyga, ýagny Jelilä barýardy. Isa ol ýere ölmezinden öň soňky gezek barmakçydy.
Isa syýahatynyň başynda bir obadan çykyp, başga oba girip barýarka, on sany heýwere keselli adama duşýar. Heýwere kesele uçran adamyň bedeni, ýagny el-aýagynyň barmaklary ýa-da gulaklary kem-kemden betnyşan bolup başlaýardy (Sanlar 12:10—12). Hudaýyň Kanunyna görä, heýwere keselli adam: «Men—haram, men—haram» diýip gygyrmalydy we ol adamlardan aýry ýaşamalydy (Lewiler 13:45, 46).
Ýaňky on adam hem Isanyň ýanyna barman, uzakda durýar. Emma olar batly ses bilen: «Isa, Mugallym, bize rehim et!» diýýärler. Isa olary görende: «Baryň-da, özüňizi ruhanylara görkeziň» diýýär (Luka 17:13, 14). Şeýdip, Isa Hudaýyň Kanunyna hormat goýýandygyny görkezýär. Sebäbi şol döwürde adamyň heýwere keselinden sagalandygyny ruhanylar yglan etmelidi. Diňe şondan soň ol hemmeleriň arasynda ýaşap bilýärdi (Lewiler 13:9—17).
On sany heýwere keselli adam Isanyň gudrat görkezip bilýändigine ynanýardy. Şonuň üçin olar entek sagalmanka, özüni ruhanylara görkezmäge gidýärler. Göz öňüne getiriň, ýolda barýarka, olar özüniň sagalandygyny görüp we duýup başlaýarlar! Hawa, olaryň Isa bolan imany sylaglanýar.
Heýwere keselinden tämizlenen dokuz adam ýoluny dowam edýär. Olaryň diňe biri, ýagny samariýaly adam yzyna dolanyp, Isany gözläp başlaýar. Näme üçin? Ol sagalandygy üçin Isa minnetdarlyk bildirmek isleýär. Ol «batly ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp başlaýar», çünki Hudaý tarapyn sagalandygyny bilýärdi (Luka 17:15). Isany tapanda bolsa, ýüzin ýykylyp, oňa minnetdarlyk bildirýär.
Şonda Isa ýanynda duranlara seredip: «Eýsem, sagalan adamlar on dälmidi? Galan dokuzysy nirede? Hudaýy şöhratlandyrmak üçin, şu özge milletli adamdan başga hiç kim gelmedimi?» diýýär. Soňra Isa samariýaly adama ýüzlenip: «Tur-da, gidiber; imanyň seni sagaltdy» diýýär (Luka 17:17—19).
Isa heýwere keselli on adamy sagaldyp, Ýehowa Hudaýyň özüni goldaýandygyny görkezýär. Ýöne samariýaly adam diňe bir sagalman, eýsem, ýaşaýyş ýoluna-da düşýär. Biziň günlerimizde şeýle gudratlar görkezilmeýär, emma Isa iman etsek, ebedi ýaşaýşa gowşup bileris. Biz hem samariýaly adam ýaly minnetdar bolarysmy?