64-NJI BAP
Bagyşlamak wajypdyr
-
«ÝEDI GEZEK BAGYŞLAMALYMY?»
-
ZALYM GUL BARADAKY MYSAL
Isa doganlaryň arasynda döreýän düşünişmezligi ikiçäk çözmelidigi barada maslahat berende, Petrus ünsli diňländir. Muňa garamazdan, doganyňy näçe gezek bagyşlamalydygy barada onuň anyk bilesi gelýän bolmaly.
Petrus Isadan: «Agam, maňa garşy günä eden doganymy näçe gezek bagyşlamaly? Ýedi gezekmi?» diýip soraýar. Dini ýolbaşçylaryň käbiri adamy üç gezek bagyşlamaly diýip öwredýärdiler. Şonuň üçin Petrus «ýedi gezekmi» diýip soranda, özüni örän jomart adam hasaplandyr (Matta 18:21).
Ýöne göwnüňe degen adamyň ýalňyşyny hasaba alyp ýöremek Isanyň taglymatyna düýbünden garşy gelýär. Şol sebäpli ol Petrusyň garaýşyny düzetmek üçin: «Saňa diýýärin, ýedi gezek däl, 77 gezek» diýýär (Matta 18:22). Başgaça aýdanyňda, bu sözler tükeniksiz ýa-da elmydama bagyşlamalydygyny aňladýar. Diýmek, Petrus doganyna hemişe geçirimli bolmaly eken.
Soňra Isa Petrusa we beýlekilere adamlary bagyşlamaga borçludyklaryny görkezýän bir mysaly gürrüň berýär. Onda rehimdar hojaýynynyň göreldesine eýermedik bir gul hakda aýdylýar. Patyşa gullaryndan algysyny almak üçin, olary ýanyna çagyrýar. Bir guluň oňa ummasyz pul, ýagny 10 müň talant (60 million dinar) bergisi bardy. Ol bu berginiň aşagyndan asla çykyp bilmezdi. Şol sebäpli patyşa algysyny almak üçin bu guly, onuň aýalyny hem-de çagalaryny satmakçy bolýar. Şonda gul hojaýynyň öňünde dyza çöküp: «Hojaýyn, ýene biraz garaş. Men ähli bergimi gaýtaryp bererin» diýip, oňa ýalbarýar (Matta 18:26).
Rehimdar patyşanyň guluna ýüregi awap, onuň ummasyz bergisini geçýär. Patyşanyň ýanyndan çykansoň, ol gidip, özüne 100 dinar bergisi bolan guly tapýar. Ol ony tutýar-da: «Bergiňi Matta 18:28, 29). Ýöne bu gul bergisini geçen rehimdar patyşanyň göreldesine eýermeýär. Ol özüniňkä garanyňda juda az bergisi bolan gul hasaplaşýança, ony türmä basdyrýar.
ber» diýip, bogup başlaýar. Emma gul dyza çöküp: «Biraz garaşaý, bergimi bererin» diýip ýalbarýar (Beýleki gullar muny görüp, gidýärler-de, bar zady hojaýyna gürrüň berýärler. Şonda ol gaharlanyp, ony ýanyna çagyrýar-da: «Eý zalym gul, sen ýalbaranyňda, men seniň ähli bergileriňi geçipdim. Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen-de ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?» diýýär. Patyşanyň gahary gelip, zalym guly türmä basdyrýar, tä bergisini berýänçä, ony şol ýerde sakladýar. Soňra Isa sözüni jemläp: «Eger siz doganyňyzy ýürekden bagyşlamasaňyz, gökdäki Atam hem sizi bagyşlamaz» diýýär (Matta 18:32—35).
Geliň, bizem mundan sapak edineliň. Hudaý biziň örän köp günälerimizi bagyşlaýar. Doganymyzyň bize garşy edýän günäsi gaty ujypsyz. Ýehowa bizi bir gezek däl-de, müňlerçe gezek bagyşlaýar. Onda bizem doganymyzdan öýke-kine etmäge sebäp bolsa-da, ony bagyşlasak gowy bolmazmy? Isanyň Dagdaky wagzyna görä, Hudaý «biziň günälerimizi bagyşlar» ýaly, biz özümize garşy günä edýän adamlary bagyşlamaly (Matta 6:12).