45-NJI BAP
Isanyň jynlaryň üstünden ygtyýary bar
MATTA 8:28—34; MARKUS 5:1—20; LUKA 8:26—39
-
ADAMDAN ÇYKAN JYNLAR DOŇUZLARA GIRÝÄR
Şägirtler deňizde agyr ýagdaýy başdan geçirip, kenara çykan badyna ýene-de gorkunç waka uçraýarlar. Ine, içinde jyn bolan iki sany howply adam golaýdaky mazarçylykdan çykyp, Isanyň ýanyna ylgap gelýär. Olaryň biri has gazaply görünýärdi, ol köp wagtdan bäri jynlaryň goly astynda bolmaly.
Onuň ýagdaýy gözgynydy, ol eşiksiz gezýärdi. «Ol mazarlaryň içinde we daglarda gije-gündiz gygyryp, özüni daş bilen ýaralaýardy» (Markus 5:5). Bu adam şeýle bir gorkunç görünýärdi welin, hatda şol ýoldan geçmäge-de gorkýardylar. Ony zynjyr bilen daňýardylar, ýöne ol zynjyrlary üzüp, aýaklaryndaky gandallary döwýärdi. Ol hiç kime başartmaýardy.
Ol Isanyň ýanyna gelýär-de, aýaklaryna ýykylýar. Onuň içindäki jynlar: «Eý Beýik Biribaryň Ogly Isa, sen meni näme etmekçi bolýarsyň? Meni gynamajakdygyňa Hudaýyň adyndan ant iç» diýip gygyrýar. Isa oňa: «Eý zalym jyn, bu adamdan çyk» diýip buýurýar. Sebäbi Isanyň jynlaryň üstünden ygtyýary bardy (Markus 5:7, 8).
Aslynda, bu adamyň içine gaty köp jyn giripdi. Isa ondan adyň näme diýip soranda, ol: «Meniň adym Legion, sebäbi biz köpdüris» diýip jogap berýär (Markus 5:9). Rim goşunynyň bir toparynda (legion) müňlerçe esgerler bolýardy. Diýmek, bu adamyň içinde bir topar jyn birigip, oňa ejir baryny çekdirýärdiler we şondan lezzet alýardylar. «Olar Isadan düýpsüz çuňluga kowmazlygy ýalbarýarlar». Sebäbi olar özlerine we baştutany Şeýtana nämäniň garaşýandygyny bilýärdiler (Luka 8:31).
Şol ýerde 2 müňe golaý doňuzdan ybarat bolan süri bakylýardy. Musa berlen Kanuna görä, doňuz hapa hasaplanýardy, ýehudylar hem olary saklamaly däldiler. Jynlar: «Bizi şol doňuzlaryň arasyna kow, olaryň içine gireli» diýip, Isa ýalbarýarlar (Markus 5:12). Isa rugsat berensoň, olar baryp doňuzlara girýär. Şonda 2 müňe golaý doňuz dazyrdaşyp, özlerini uçut gaýadan deňze zyňýarlar we gark bolýarlar.
Çopanlar muny görende, gaçyp gidýärler-de, şähere we obalara baryp, bolan wakany gürrüň
berýärler. Adamlar hem bolan zatlary görmäge gelýärler. Şonda içinden birtopar jyn çykan adamyň sagalyp, akyl-huşunyň ýerindedigini görýärler. Ol Isanyň ýanynda egin-eşikli otyrdy.Bolan wakany görüp-eşiden adamlar bu zatlaryň nämäniň alamatydygyny bilmänsoň gorkýarlar. Olar Isadan bu töwerekden gitmegi haýyş edýärler. Isa gaýyga münüp gaýtjak bolanda, içinden jyn çykan adam özüni ýany bilen alyp gitmegi soraýar. Emma Isa oňa: «Öýüňe git-de, dogan-garyndaşlaryňa Ýehowanyň saňa eden ähli zatlaryny we rehimdarlygyny gürrüň ber» diýýär (Markus 5:19).
Adatça, Isa sagaldan adamlaryna özi hakda aýtmazlygy tabşyrýardy, sebäbi ol adamlaryň kimdir biriniň gürrüňini eşidip, özüne iman etmeklerini islemeýärdi. Emma bu gezek içinden jyn çykan adam Isanyň nähili güýje eýedigini öz gözi bilen görüpdi we onuň wagyz edip bilmedik adamlaryna bu hakda güwälik edip bilýärdi. Şeýle-de ol doňuzlar hakda ýaýrajak nädogry maglumatyň öňüni alyp bilýärdi. Şeýlelikde, ol adam gidýär-de, bütin Dekapolisde Isanyň eden işleri hakda gürrüň berip başlaýar.