Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

59-NJY BAP

Ynsan Ogly kim

Ynsan Ogly kim

MATTA 16:13—27; MARKUS 8:22—38; LUKA 9:18—26

  • ISA KÖR ADAMYŇ GÖZÜNI AÇÝAR

  • PETRUSA PATYŞALYGYŇ AÇARLARY BERILÝÄR

  • ISA ÖLÜMI WE DIRELIŞI HAKDA PYGAMBERLIK EDÝÄR

Isa şägirtleri bilen Betsaýda gelýär. Ol ýerde Isanyň ýanyna bir kör adamy getirýärler we oňa elini degrip, sagaltmagy haýyş edýärler.

Isa ol adamyň elinden tutup, obadan çykarýar. Soňra gözlerine tüýkürýär-de, ondan: «Sen bir zatlary görýärmiň?» diýip soraýar. Ol: «Men adamlary görýärin. Olar agaja meňzeýärler, ýöne ýöreýärler» diýip jogap berýär (Markus 8:23, 24). Isa elini onuň gözlerine goýup, sagaldanda, ol aýdyň görüp başlaýar. Soňra ony öýüne ugradyp, ýaňky oba girmezligi tabşyrýar.

Şondan soň Isa şägirtleri bilen demirgazykda ýerleşýän Kaýsariýa-Filipi obasyna ýola düşýär. Olar 40 km ýol sökmelidiler we daga çykmalydylar. Sebäbi bu oba deňiz derejesinden 350 m ýokarda ýerleşýärdi. Onuň demirgazyk-gündogar tarapynda üsti gar bilen örtülen Hermon dagy bardy. Olar iki-üç günläp ýöremeli bolandyr.

Ýolda barýarkalar, Isa ýekelikde doga etmek üçin bir ýana sowulýar. Onuň ölümine bary-ýogy dokuz-on aý galypdy, şonuň üçin ol şägirtleri hakda alada edýärdi. Ýakynda käbir şägirtleri ondan ýüz öwrüpdiler, başgalary bolsa käbir zatlara düşünmän, ruhdan düşen bolmaly. Olar Isanyň patyşa bolmakdan ýa-da özüniň kimdigini subut etmek üçin alamat görkezmekden ýüz öwrendigine düşünip bilmeýärdiler.

Şägirtler Isanyň doga eden ýerine gelende, Isa olardan: «Adamlar Ynsan ogluna kim diýýärler?» diýip soraýar. Olar: «Käbirleri suwa çümdürýän Ýahýa, käbirleri bolsa Ylýas, başgalary Ýeremiýa ýa-da pygamberleriň biridir diýýärler» diýip jogap berýärler. Hawa, adamlar Isany ölümden direlen pygamberleriň biridir öýdýärler. Isa şägirtleriniň pikirini bilmek üçin, olardan: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýip soraýar. Petrus şol bada: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berýär (Matta 16:13—16).

Bu hakykaty Petrusa Hudaýyň hut özi açýar. Şonuň üçin Isa onuň bagtlydygyny aýdyp, soňra: «Men saňa diýýärin: sen — Petrus, men ýygnagymy şu gaýanyň üstünde guraryn we Gabryň derwezeleri ony ýeňip bilmez» diýýär. Bu sözler Isanyň ýygnak gurjakdygyny we onuň agzalary soňuna çenli wepaly galsa, hatda Gabryň hem olary ýesirlikde galdyryp bilmejekdigini aňladýardy. Soňra Isa Petrusa: «Men saňa gökdäki Patyşalygyň açarlaryny bererin» diýip wada berýär (Matta 16:18, 19).

Isa beýleki resullara garanyňda Petrusa ýokary orun berjekdigini ýa-da ýygnagy onuň üstünde gurjakdygyny aýtmaýar. Aslynda, Gaýa — Isanyň özi, ýygnak hem onuň üstünde gurlar (1 Korinfliler 3:11; Efesliler 2:20). Petrusa bolsa Patyşalygyň üç açary berler. Ol bu açarlar arkaly gökdäki Patyşalyga girjek adamlara ýol açar.

Petrus birinji açary b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni ulanar. Şonda toba eden ýehudylara we ýehudy dinini kabul eden adamlara halas bolmaga mümkinçilik berler. Ikinji açary ulananda, iman eden samariýalylara Hudaýyň Patyşalygyna girmäge ýol açylar. Petrus b. e. 36-njy ýylynda üçünji açary ulananda, Korneliý we onuň dogan-garyndaşlary ýaly özge milletlere mümkinçilik berler (Resullaryň işleri 2:37, 38; 8:14—17; 10:44—48).

Isa tizden Iýerusalimde ejir çekip, öldüriljekdigi hakda aýdanda, şägirtleri alada edip başlaýar. Isanyň gökdäki ýaşaýyş üçin direljekdigine düşünmän, Petrus ony bir gyra çekip: «Halypam, özüňe haýpyň gelsin; beýle zat saňa asla bolmasyn» diýip garşy çykýar. Emma Isa arkasyna öwrülip: «Çekil öňümden, Şeýtan! Sen maňa Hudaýyň islegini berjaý etmäge päsgel berýärsiň. Sebäbi sen Hudaýyň däl-de, adamlaryň pikir edişi ýaly pikirlenýärsiň» diýýär (Matta 16:22, 23).

Soňra Isa resullaryny we beýleki adamlary ýanyna çagyryp, öz yzyna eýermegiň aňsat bolmajakdygyny şeýle düşündirýär: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni alyp, yzyma düşsün. Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne meniň ugrumda we Patyşalyk baradaky hoş habar üçin janyny ýitiren adam ony halas eder» (Markus 8:34, 35).

Dogrudan-da, Isanyň mynasyp şägirdi bolmak üçin, olar batyrgaý bolmalydylar we janyny gaýgyrmaly däldiler. Isa şeýler diýýär: «Kim şu zynahor, günäli nesliň arasynda meniň şägirdimdigine we meniň sözlerimden utansa, ynsan Ogly-da mukaddes perişdeleri bilen bilelikde Atasynyň şöhraty bilen gelende, oňa şägirdim diýmäge utanar» (Markus 8:38). Hawa, Isa gelende, «erbet iş edýänleri jezalar, ýagşy iş edýänleri bolsa sylaglar» (Matta 16:27).