Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

26-NJY BAP

«Seniň günäleriň bagyşlandy»

«Seniň günäleriň bagyşlandy»

MATTA 9:1—8; MARKUS 2:1—12; LUKA 5:17—26

  • ISA YSMAZ ADAMYŇ GÜNÄLERINI BAGYŞLAÝAR WE ONY SAGALDÝAR

Isanyň at-owazasy dag aşýar. Adamlar onuň gürrüňini diňläp, edýän gudratlaryny görmek üçin, hatda uzak ýerlerdenem gelýärdiler. Emma ol birnäçe günden soň Kapernauma dolanýar. Ol gullugynyň arasynda, esasan, şu şäherde düşleýärdi. Onuň Jelile deňziniň kenarynda ýerleşýän şähere gelendigi hakda eýýäm hemmeler eşidýär. Netijede, köp adamlar onuň ýaşaýan öýüne ýygnanýarlar. Jeliläniň we Ýahudanyň ähli ýerinden, hatda Iýerusalimden hem fariseýlerdir kanunçylar gelýärler.

«Onuň baran öýüne şeýle köp adam ýygnanýar welin, hatda gapynyň agzynda-da ýer ýokdy. Şonda Isa olara Hudaýyň sözüni wagyz edip başlaýar» (Markus 2:2). Bu ýerde täsin bir waka bolýar, ýagny Isa adamzady ejir çekdirýän zady ýok etmäge we saýlan adamlarynyň ählisini sagaltmaga ygtyýarynyň bardygyny görkezýär.

Isa öýde märekä öwredip durka, ine, dört adam düşekde ýatan ysmazy getirýär. Olar dostunyň sagalmagyny isleýärler. Emma «olar märekeden ýaňa öýe girip bilmeýärler» (Markus 2:4). Waheý, olar gynanandyr! Şonda olar jaýyň üstüne çykyp, üçegi açýarlar. Soňra ýuwaşlyk bilen ysmazy aşak düşürýärler.

Isa olara gaharlandymyka? Elbetde, ýok! Gaýtam, olaryň imanyny görüp begenýär we ysmaz adama: «Seniň günäleriň bagyşlandy» diýýär (Matta 9:2). Isa günäleri bagyşlap bilýärmi näme? Kanunçylardyr fariseýler onuň haky ýokdur öýdýärler. Olar öz aralarynda: «Bu adam näme üçin beýle diýýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär. Hudaýdan başga günäleri bagyşlap bilýän barmy?» diýişýärler (Markus 2:7).

Isa muny aňyp, şeýle diýýär: «Siz näme üçin ýüregiňizde beýle zatlar barada pikir edýärsiňiz? Siziň pikiriňizçe, ysmaza „Günäleriň bagyşlandy“ diýmek aňsatmy ýa-da „Tur, düşegiňi al-da, ýöre“ diýmek?» (Markus 2:8, 9). Hawa, Isa gelejekde hödürlejek töleg gurbany arkaly adamyň günäsini bagyşlap bilýärdi.

Soňra Isa märekä we özüni tankytlan adamlara günäleri bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyny görkezmek üçin, ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýýär. Ol adam şol bada ýerinden turýar-da, hemmeleriň gözüniň alnynda ýöräp gidýär. Märeke diýseň haýran galýar! Olar Hudaýy şöhratlandyryp: «Biz beýle zady hiç haçan görmändik» diýişýärler (Markus 2:11, 12).

Üns beren bolsaňyz, Isa günäni keselçilik bilen baglanyşdyrýar we adamyň günäleri bagyşlansa, onuň sagdyn boljakdygyny görkezýär. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, ilkinji ynsan Adam atanyň günä edendigi sebäpli, biziň ählimiz günäli bolduk. Günä arkaly bolsa bize keselçilik we ölüm geçdi. Emma Isa Hudaýyň Patyşalygy arkaly Ýehowany söýýän we oňa sežde edýän adamlaryň ählisiniň günälerini bagyşlar. Şondan soň gaýdyp keselçilik bolmaz (Rimliler 5:12, 18, 19).