Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

135-NJI BAP

Direlen Isa köplere görünýär

Direlen Isa köplere görünýär

LUKA 24:13—49; ÝAHÝA 20:19—29

  • ISA EMMAWUSA BARÝAN ÝOLDA IKI ŞÄGIRDINE GÖRÜNÝÄR

  • OL BIRNÄÇE GEZEK ÝAZGYLARY DÜŞÜNDIRÝÄR

  • TOMAS INDI ŞÜBHELENMEÝÄR

Nisan aýynyň 16-sy ýekşenbe günüdi; şägirtler gam-gussadady. Olar Isanyň mazarynyň näme üçin boşdugyna akyl ýetirip bilmeýärdiler (Matta 28:9, 10; Luka 24:11). Şol gün biraz wagtdan Klepas we başga-da bir şägirt Iýerusalimden takmynan 11 km uzaklykda ýerleşýän Emmawus obasyna ýola düşýär.

Olar ýolda barýarka, bolan zatlar hakda gürrüň edýärler. Ýolda bir adam hem olara goşulýar. Ol: «Siz ýol boýy näme hakda gürrüň edip gelýärsiňiz?» diýip soraýar. Klepas oňa: «Şu günler Iýerusalimde bolup geçen zatlar hakda bilmeýärsiň welin, sen gelmişeg-ä dälsiň?» diýýär. Nätanyş adam olardan: «Näme hakda?» diýip soraýar (Luka 24:17—19).

Olar: «Nazaretli Isa hakda eşitmediňmi?... Biz oňa Ysraýyly halas etmek üçin bellenen adamdyr diýip umyt edýärdik» diýýärler (Luka 24:19—21).

Şonda Klepas we onuň ýoldaşy şol gün bolan wakalary şol adama gürrüň berip başlaýarlar. Olar birnäçe aýalyň Isanyň mazaryna baranda, onuň boşdugyny we perişdeleriň gelip, Isanyň direlendigini habar berendiklerini aýdýarlar. Şeýle-de başga adamlaryň mazara baranlarynda, «aýallaryň aýdyşy ýaly, jesediň ýokdugyny görendiklerini» gürrüň berýärler (Luka 24:24).

Görşümiz ýaly, iki şägirt bolan zatlary akylyna sygdyryp bilmeýärdi. Ýaňky nätanyş erk-ygtyýaryny ulanyp, olaryň nädogry pikirini düzetmek üçin ýüregine täsir ediji sözleri aýdýar. Ol: «Eý akylsyz we düşünjesiz adamlar! Siz pygamberleriň aýdanlaryna näme üçin ynanmaýarsyňyz? Mesih şeýle görgüleri başdan geçirip, şöhrata eýe bolmaly dälmidi näme?» diýýär (Luka 24:25, 26). Soňra ol Ýazgylardaky Mesihe degişli köp aýatlary düşündirýär.

Ahyry, olar Emmawusa baryp ýetýärler. Iki şägirt eşidenleri hakda has köpräk bilmek isleýärdi. Olar gelmişege: «Agşam düşüp gelýär, şonuň üçin biziň bilen galaý» diýip haýyş edýärler. Ol hem razylaşýar. Saçak başynda otyrkalar, ýaňky adam Hudaýa doga edip, çörekleri bölüşdirýär-de, olara uzadýar. Şonda şägirtler ony tanaýarlar; emma Isa olaryň gözlerinden gaýyp bolýar (Luka 24:29—31). Indi olar Isanyň direlendigine doly göz ýetirýärler!

Iki şägirt tolgunyp, bir-birine: «Ol biziň bilen ýolda gepleşip gelýärkä, Ýazgylary doly düşündirende, ýüregimize güýçli täsir etmändimi näme?» diýişýärler (Luka 24:32). Olar derrew Iýerusalime dolanyp, resullary we beýleki şägirtleri tapýarlar. Bolan zatlary gürrüň berip ýetişmänkä, şägirtlerden: «Dogrudan-da, Halypamyz direlipdir, ol Simuna hem görnüpdir!» diýlen sözleri eşidýärler (Luka 24:34). Soňra olar hem Isany görendiklerini aýdýarlar. Hawa, Isa olaryň hemmesine görnüpdir!

Birdenkä olaryň arasynda Isa peýda bolýar! Hemmesi ör-gökden gelýärler. Bu akyla sygjak zat däldi, çünki ýehudylardan gorkup, olar gapyny içinden gulplapdylar. Ine-de, Isa olaryň arasynda dur. Ol mähir bilen: «Salam» diýýär. Emma olar ýene-de perişde görýändiris öýdüp, gaty gorkýarlar (Luka 24:36, 37; Matta 14:25—27).

Isa olaryň gözüne görünmeýändigini we perişde däl-de, ynsan bedenindedigini subut etmek üçin, şägirtlerine ellerini we aýaklaryny görkezip, şeýle diýýär: «Siz näme üçin aljyraýarsyňyz, ýüregiňizde näme üçin şübhe döreýär? Bu men, ellerime we aýaklaryma serediň; maňa eliňizi degrip görüň, sebäbi perişdäniň bedeni we süňki bolmaýar. Şonda siz meniň Isadygymy bilersiňiz» (Luka 24:36—39). Şägirtler hem begenýärdiler, hem geň galýardylar, ýöne şonda-da öz gözlerine ynanyp bilmän durdular.

Isa olary ynandyrmak üçin: «Bu ýerde iýmäge bir zat barmy?» diýip soraýar. Soňra bir bölek balygy alyp, ony iýip görkezýär. Ol: «Ýadyňyzdamy, men heniz ýanyňyzdakam (ölmezimden öň), Musanyň kanunynda, Pygamberler ýazgylarynda we Zeburda men hakda ýazylan ähli zatlaryň doly berjaý bolmalydygy barada aýdypdym» diýýär (Luka 24:41—44).

Isa Klepasa we onuň ýoldaşyna Ýazgylardaky aýdylanlara düşünmäge kömek edişi ýaly, galan şägirtlerine-de kömek edip, şeýle diýýär: «Ýazgylarda aýdylyşyna görä, Mesih ejir çekip, ölmeli we üçünji güni direlmeli. Şeýle-de onuň ady arkaly günäleriň bagyşlanmagy üçin toba etmelidigi barada Iýerusalimden başlap ähli milletlere wagyz edilmelidi. Siz bulara şaýat bolmalysyňyz» (Luka 24:46—48).

Bir sebäbe görä Tomas resul şol ýygnanyşykda ýokdy. Ertesi şägirtler begenişip, oňa: «Biz Halypamyzy gördük!» diýip buşlaýarlar. Emma ol: «Onuň ellerine kakylan çüýleriň yzyny görüp, oňa barmagymy degirmesem, böwrüne-de elimi degrip görmesem, asla ynanmaryn» diýip jogap berýär (Ýahýa 20:25).

Sekiz gün geçensoň, şägirtler ýene-de gapyny içinden gulplap, bir otagda ýygnanyşýarlar. Olaryň arasynda Tomas hem bardy. Isa ynsan keşbinde peýda bolup, olara: «Salam» diýýär. Soňra Tomasa ýüzlenip: «Barmagyňy uzat-da, şu ýere degir, ellerime seret. Eliňi uzadyp, böwrüme degir. Şübhelenmegiňi bes et-de, iman et» diýýär. Tomas oňa: «Halypam, hudaýym!» diýýär (Ýahýa 20:26—28). Hawa, indi ol Isanyň ruhy şahsyýet hökmünde direlendigine asla şübhelenmeýärdi.

Isa oňa: «Sen meni görendigiň üçin iman etdiňmi? Ýöne görmän iman edýän adamlar bagtlydyr» diýýär (Ýahýa 20:29).