116-NJY BAP
Isa soňky Pasha baýramynda pesgöwünlilik barada öwredýär
MATTA 26:20; MARKUS 14:17; LUKA 22:14—18; ÝAHÝA 13:1—17
-
ISA RESULLARY BILEN SOŇKY PASHALYK NAHARYNY IÝÝÄR
-
OL RESULLARYNYŇ AÝAGYNY ÝUWUP, PESGÖWÜNLI BOLMAGY ÖWREDÝÄR
Isanyň beren görkezmesine eýerip, Petrus bilen Ýahýa Iýerusalime gelýärler-de, Pasha üçin taýýarlyk görýärler. Olaryň yzysüre Isa hem on resuly bilen ýola düşýär. Ol resullary bilen Zeýtun dagyndan düşüp gelýärkä, Gün asmanyň günbataryna bakan ýaşyp barýardy. Indi Isa tä direlýänçä, şeýle tebigaty görüp bilmez.
Biraz wagtdan Isa ýoldaşlary bilen şähere gelip ýetýär. Olar Pashalyk nahary taýýarlanan öýe gelip, jaýyň ikinji gatyndaky uly otaga girýärler. Olar üçin hemme zat eýýäm taýyndy. Isa muňa sabyrsyzlyk bilen garaşypdy, şonuň üçin ol: «Men görgi görmezimden öň, şu Pashany siziň bilen iýmegi juda isledim» diýýär (Luka 22:15).
Gadymy döwürlerden bäri, Pashany belleýän adamlar birnäçe şeraply käsäni bir-birine geçirýärdiler. Isa-da şeraply käseden dadyp, Hudaýa minnetdarlyk bildirýär-de, resullaryna: «Muny alyň we biri-biriňize geçirip, ondan ähliňiz içiň. Çünki size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy gelýänçä, men asla şerap içmerin» diýýär (Luka 22:17, 18). Bu sözler onuň ölüminiň golaýlandygyny görkezýärdi.
Olar Pashalyk naharyny edinip otyrkalar, bir üýtgeşik zat bolup geçýär. Isa ýerinden turýar-da, donuny çykaryp, eline bir ýaglyk alýar. Soňra golaýda duran legene suw guýýar. Adatça, myhmanlaryň aýagyny öý eýesi ýa-da hyzmatkär ýuwýardy (Luka 7:44). Emma häzir öý eýesi ýokdy, şonuň üçin bu işi Isa edýär. Elbetde, muny resullaram edip bilerdi, ýöne olaryň biri-de şeýle mümkinçilikden peýdalanmaýar. Onda olar henizem bäsdeşlik edýärlermi? Her näme-de bolsa, olar bu işi Isanyň edýändigini görüp, özlerini oňaýsyz duýýarlar.
Isa Petrusyň ýanyna baranda, ol: «Men saňa hiç haçan aýagymy ýuwdurmaryn» diýýär. Isa oňa: «Ýuwdurmasaň, meniň ýanymda bolup bilmersiň» diýip jogap berýär. Petrus: «Halypam, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, kellämi-de ýuw» diýip haýyş edýär. Isa oňa: «Ýuwnan adamyň bütin bedeni arassadyr. Şonuň üçin onuň aýagyny ýuwmak ýeterlikdir» diýýär. Petrus bu sözleri eşidende, juda geň galandyr (Ýahýa 13:8—10).
Şeýdip, Isa 12 resulyň ählisiniň, hatda Iuda Iskariotyň hem aýagyny ýuwýar. Soňra ol donuny geýip, ýene-de saçak başyna geçýär. Ol resullaryna ýüzlenip, şeýle diýýär: «Siz meniň näme edendigime düşünýärsiňizmi? Siz maňa Ýahýa 13:12—17).
„Mugallym“ we „Halypam“ diýip ýüzlenýärsiňiz. Sebäbi men Mugallym we Halypadyryn. Eger men Halypa we Mugallym bolup, siziň aýaklaryňyzy ýuwan bolsam, onda sizde bir-biriňiziň aýaklaryňyzy ýuwmalysyňyz. Men size görelde görkezdim, şonuň üçin siz-de meniň edişim ýaly etmelisiňiz. Size dogrusyny aýdýaryn, gul öz hojaýynyndan beýik däldir. Iberilen hem özüni iberenden beýik däldir. Siz bulary bilip, ýerine ýetirseňiz bagtlysyňyz» (Isa pesgöwünlilik babatda, gör, nähili ajaýyp görelde görkezdi! Onuň şägirtleri gopbamsyrap, özüni ýokary tutmaly däl; şeýle-de adamlar olara hyzmat etmäge borçludyr öýtmeli däl. Gaýtam, Isanyň göreldesine eýermeli, munuň üçin başgalaryň aýaklaryny ýuwmak gerek däl, ýöne adamlary ala tutman, pesgöwünlilik bilen olara hyzmat etmäge taýyn bolmaly.