112-NJI BAP
Isa on gyz mysaly arkaly oýa bolmagy öwredýär
-
ISA ON GYZ BARADAKY MYSALY GÜRRÜŇ BERÝÄR
Isa ýaňyja özüniň «gelmegi» we dünýäniň soňy hakdaky alamat barada resullaryň soragyna jogap berdi. Şuny göz öňünde tutup, ol ýene bir mysal arkaly resullaryna duýduryş bermekçi bolýar. Bu mysalyň ýerine ýetişini Isanyň Patyşalykda höküm sürjek döwründe ýaşajak şägirtler görer.
Isa mysalyny şeýle sözler bilen başlaýar: «Gökdäki Patyşalygy çyralaryny alyp, öýlenýän ýigidi garşylamaga çykan on gyza meňzetse bolar. Olaryň bäşisi akylsyz, bäşisi bolsa paýhaslydy» (Matta 25:1, 2).
Isa gökdäki Patyşalygy miras aljak şägirtleriň käbiri paýhasly, käbiri bolsa akylsyz diýjek bolmaýar. Gaýtam, ol her bir şägirdiň saýlamaga mümkinçiliginiň bardygyny görkezjek bolýar: olar Patyşalygy göz öňünde tutup, oýa bolarmy ýa-da başga zatlara ünsüni sowup, Patyşalygy gözden salar? Muňa garamazdan, Isa her bir gullukçysynyň wepaly galyp, Atasynyň berekedini alyp biljekdigine şübhelenmeýärdi.
Isanyň gürrüň berşi ýaly, on gyzyň ählisi öýlenýän ýigidi garşylap, toý dabarasyna gatnaşmaga çykýarlar. Olar öýlenýän ýigit gelende, çyralary bilen ýoly ýagtyldyp, oňa hormat goýýandygyny görkezmelidiler. Ýigit hem gelnini özleri üçin taýýarlanan jaýa alyp barmalydy. Emma näme bolýar?
Matta 25:3—5). Hawa, ýigit wagtynda gelmeýär. Gyzlar hem garaşmakdan halys bolup, ahyry uklap galýarlar. Şonda Isanyň «abraýly maşgaladan bir adamyň... uzak ýurda gidip», «ahyrsoňy patyşalyk ygtyýaryny alyp, yzyna dolanyp gelendigi» baradaky mysaly resullaryň ýadyna düşen bolmaly (Luka 19:11—15).
Isa şeýle düşündirýär: «Akylsyz gyzlar çyralaryny alsalar-da, ýeterlik ýag almandyrlar. Paýhasly gyzlar bolsa çyralary üçin gaplarynda ýag hem aldylar. Öýlenýän ýigidiň eglenýändigi sebäpli, olaryň ählisi irkilip, uklap galdylar» (Isa öýlenýän ýigit gelende näme bolandygyny şeýle gürrüň berýär: «Ýarygije: „Öýlenýän ýigit gelýär! Ony garşylamaga çykyň“ diýen ses eşidildi» (Matta 25:6). Eýsem, gyzlar ýigidi garşylamaga taýýarmydylar, olar oýa boldularmy?
Isa şeýle dowam edýär: «Şonda gyzlaryň hemmesi turup, çyralaryny taýýarladylar. Akylsyz gyzlar paýhasly gyzlara: „Çyralarymyz sönüp barýar, bize biraz ýag beräýiň“ diýdiler. Paýhasly gyzlar olara: „Bu ýagyň hemmämize ýetmezligi mümkin. Şonuň üçin gidiň-de, satyjylardan özüňiz üçin ýag alyň“ diýdiler» (Matta 25:7—9).
Bäş akylsyz gyz oýa bolmadylar we ýigidi garşylamaga taýýar däldiler. Olaryň çyralaryndaky ýag gutaryp barýardy, şonuň üçin ony satyn almaga gidýärler. Isa şeýle diýýär: «Olar ýag satyn almaga gidenlerinde, öýlenýän ýigit geldi. Taýýar duran gyzlar onuň bilen toý jaýyna girenlerinde, gapy ýapyldy. Soňra beýleki bäş gyz hem geldi. Olar: „Agam, agam, gapyny açaý!“ diýdiler. Öýlenýän ýigit olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi tanamaýaryn“ diýip jogap berdi» (Matta 25:10—12). Gyzlaryň taýýarlyksyzdygy we oýa bolmandyklary diýseň gynandyrýar!
Resullar öýlenýän ýigidiň Isany aňladýandygyna düşünendirler. Sebäbi ol öňem özüni öýlenýän ýigit bilen deňeşdiripdi (Luka 5:34, 35). Onda paýhasly gyzlar kimi aňladýar? Isa Patyşalygy aljak «kiçi süri» hakda aýdanda: «Egin-eşigiňiz geýilgi, özüňiz hem taýyn boluň, çyraňyz ýakylgy bolsun» diýipdi (Luka 12:32, 35). Hawa, resullar on gyz baradaky mysalda Isanyň özleri we «kiçi sürä» degişli şägirtler hakda aýdandygyna düşünýärler. Ýöne Isa şu mysal arkaly nämäni nygtajak bolýar?
Isa resullaryň özi akyl ýetirsin diýmeýär. Ol mysaly şeýle sözler bilen jemleýär: «Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz onuň haýsy gün ýa-da haýsy sagat boljakdygyny bilmeýärsiňiz» (Matta 25:13).
Diýmek, Isanyň Patyşalykda höküm sürjek döwründe ýaşajak wepaly mesihçilere «oýa bolmak» wajypdyr. Ol gelende, şägirtler bäş paýhasly gyz ýaly umydyny ýitirmän we aljak sylagyny gözden salman taýyn hem-de oýa bolup durmaly.