102-NJI BAP
Patyşa taýharly Iýerusalime girýär
MATTA 21:1—11, 14—17; MARKUS 11:1—11; LUKA 19:29—44; ÝAHÝA 12:12—19
-
ISANYŇ DABARA BILEN IÝERUSALIME GIRIŞI
-
ISA IÝERUSALIMIŇ ÝOK EDILJEKDIGINI PYGAMBERLIK EDÝÄR
Ertesi ýekşenbe güni, ýagny 9-njy nisanda Isa şägirtleri bilen Betaniýadan çykyp, Iýerusalime gidýär. Zeýtun dagynda ýerleşýän Befagiýa golaýlanlarynda, Isa iki şägirdine şeýle diýýär:
«Şu oba baryň, oňa gireniňizde, daňylgy eşegi we ýanynda duran taýhary görersiňiz. Olary çözüň-de, ýanyma getiriň. Biri size bir zat diýse: „Bular biziň Halypamyza gerek“ diýiň. Ol şol bada olary size berer» (Matta 21:2, 3).
Şägirtler Isanyň Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige esaslanyp, görkezme berýändigine düşünmeýärler. Emma biraz wagtdan olar Zekeriýanyň pygamberliginiň ýerine ýetýändigine akyl ýetirerler. Zekeriýa Hudaýyň wada beren Patyşasy hakda: «Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pesgöwünlilik bilen saňa gelýär» diýip pygamberlik edipdi (Zakarýa 9:9).
Ýaňky iki şägirt Befagiýa gelip, daňylgy eşegi we ýanynda duran taýhary çözüp başlaýar. Adamlar muny görende: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýip soraýarlar (Markus 11:5). Halypamyza gerekdigini bilenlerinde, olar hiç zat diýmän, alyp gitmäge rugsat berýärler. Şägirtleri eşegi we taýhary getirip, üstlerine donlaryny ýazýarlar, ýöne Isa eşegiň däl-de, taýharyň üstünde oturýar.
Isa Iýerusalime girende, märekäniň sany gitdigiçe köpelýär. Köpler donlaryny ýola ýazýardylar, başgalar bolsa «ýoluň ugrundaky» agaçlaryň şahalaryny alyp, ýere düşeýärdiler. Olar: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, ony halas et! Ýehowanyň adyndan gelýäne şöhrat bolsun! Atamyz Dawudyň golaýlap gelýän Patyşalygyna şöhrat bolsun!» diýip gygyryşýarlar (Markus 11:8—10). Pygamberlikdäki sözleri eşidip, fariseýleriň keýpi gaçýar. Olar Isa: «Mugallym, şägirtleriňe sem bol diýsene» diýýärler. Emma Isa: «Size diýýärin, eger olar sem bolsa, daşlar gygyrar» diýip jogap berýär (Luka 19:39, 40).
Isa Iýerusalimi gören badyna, aglap başlaýar. Ol: «Eger sen şu gün nämäniň saňa parahatlyk berýändigine düşünsediň... Ýöne sen bu zatlary görüp bilmeýärsiň» diýýär. Iýerusalimiň ýaşaýjylary gulak asmandyklary üçin jezasyny çekerler. Isa bu barada şeýle pygamberlik edýär: «Duşmanlaryň daşyňa pürsler aýlap, seni gabarlar. Seni gurşap alyp, her tarapdan gysarlar. Olar seni ýer bilen ýegsan ederler, çagalaryňy-da heläklärler. Olar sende daş üstünde daş goýmazlar» (Luka 19:42—44). Isanyň bu sözleri b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalim weýran edilende berjaý bolar.
Isa Iýerusalime girende, şäheriň adamlary: «Bu kimkä?» diýip gygyryşýar. Märeke olara: «Bu Jeliläniň Nazaret şäherinden gelen Isa. Ol wada edilen pygamber!» diýýär (Matta 21:10, 11). Lazaryň direlişini gören adamlar bu gudrat hakda hemmelere gürrüň berýärler. Fariseýler hiç zat edip bilmeýändiklerine jany ýanyp, bir-birlerine: «Ine bütin dünýä onuň yzyna düşýär» diýişýärler (Ýahýa 12:18, 19).
Isa Iýerusalime gelenden soň, hemişekisi ýaly ybadathana baryp, adamlara tälim berip başlaýar. Ol ýerde körleri we agsaklary sagaldýar. Uly ruhanylar we kanunçylar çagalaryň ybadathanada: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, Dawut Ogluny halas et!» diýip gygyryşýandyklaryny eşidenlerinde, gahar-gazaba münýärler. Dini ýolbaşçylar Isadan: «Sen bu çagalaryň näme diýýändigini eşidýärmiň?» diýip soraýarlar. Isa hem olara: «Siz näme „Çagalaryň we bäbekleriň dili seni şöhratlandyrar“ diýleni okamadyňyzmy?» diýip jogap berýär (Matta 21:15, 16).
Isa ybadathanadaky zatlara syn edýär. Wagt gijigensoň, şägirtleri bilen ol ýerden çykyp gaýdýar. 10-njy nisan başlamanka, ol ýene-de yzyna Betaniýa gaýdýar we ýekşenbe güni gijäni şol ýerde geçirýär.