Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

137-NJI BAP

Isa Pentikost baýramyndan öň ýüzlerçe adama görünýär

Isa Pentikost baýramyndan öň ýüzlerçe adama görünýär

MATTA 28:16—20; LUKA 24:50—52; RESULLARYŇ IŞLERI 1:1—12; 2:1—4

  • ISA ENÇEME ADAMLARA GÖRÜNÝÄR

  • OL GÖGE GALÝAR

  • ISA 120 ŞÄGIRDINE MUKADDES RUHY BERÝÄR

On bir resul Isa bilen görüşmek üçin, onuň aýdyşy ýaly, Jeliledäki daga çykýar. Ol ýerde 500-den gowrak şägirt ýygnanýar. Emma olaryň käbiri Isanyň direlendigine henizem şübhelenýärdi (Matta 28:17; 1 Korinfliler 15:6). Ýöne Isanyň häzirki aýtjak sözleri olaryň ählisine onuň diridigine ynanmaga kömek eder.

Isa şägirtlerine Hudaýyň oňa gökde we ýerde ähli ygtyýary berendigini aýdyp, soňra şeýle diýýär: «Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriň. Olara meniň ähli tabşyran zatlarymy berjaý etmegi öwrediň» (Matta 28:18—20). Hawa, Isa diňe bir direlmän, eýsem, öňküsi ýaly hoş habaryň ýaýramagy hakda gyzyklanýardy.

Şägirt taýýarlamaly diýen tabşyryk Isanyň yzyna eýerýän erkekdir aýallaryň we çagalaryň ählisine berilýär. Duşmanlar wagyz etmek we tälim bermek işini togtatjak bolarlar, emma Isa şägirtlerine: «Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi» diýýär. Eýsem, bu sözler şägirtler üçin nämäni aňladýar? Ol: «Ine, men dünýäniň soňuna çenli elmydama siziň bilen bolaryn» diýýär. Isa hoş habary wagyz etjek şägirtleriniň hemmesiniň gudrat görkezjekdigini aýtmandy. Muňa garamazdan, olaryň ählisine mukaddes ruh berler.

Isa direlensoň, şägirtlerine «40 günüň dowamynda» görünýär. Ol dürli ynsan bedeninde gelip, olara «özüniň diridigini köp subutnamalar arkaly görkezýär» we «Hudaýyň Patyşalygy barada» görkezme berýär (Resullaryň işleri 1:3; 1 Korinfliler 15:7).

Ähtimal, resullar heniz Jeliledekä, Isa olara Iýerusalime dolanmaklaryny tabşyrýar. Olar şäherde görşenlerinde, Isa: «Iýerusalimden gitmäň-de, size öň aýdyşym ýaly, Atanyň wada beren zadyna garaşyň. Sebäbi Ýahýa suwa çümdürýärdi, emma siz tiz wagtdan mukaddes ruh bilen çümdürilersiňiz» diýýär (Resullaryň işleri 1:4, 5).

Soňra Isa resullary bilen ýene-de duşuşýar. Ol resullary bilen Zeýtun dagynyň gündogar ýapgydynda ýerleşýän «Betaniýa çenli» bile gidýär (Luka 24:50). Isa özüniň göge gitjekdigi hakda şonça aýtsa-da, olar entegem onuň Patyşalygynyň ýer ýüzünde boljakdygyna ynanýardylar (Luka 22:16, 18, 30; Ýahýa 14:2, 3).

Resullar Isadan: «Mugallym, sen Ysraýyl üçin patyşalygy şu wagt dikeltmekçimi?» diýip soraýarlar. Ol: «Size bellenen wagty we döwri bilmek gerek däl. Onuň haçan boljakdygyny çözmäge diňe Atanyň ygtyýary bardyr» diýip jogap berýär. Soňra olaryň etmeli işini nygtap: «Üstüňize mukaddes ruh inende, siz güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men barada şaýatlyk edersiňiz» diýýär (Resullaryň işleri 1:6—8).

Ine-de, resullar Zeýtun dagynda durup, direlen Isanyň göge galşyna seredýärler. Biraz salymdan bulut ony örtýär we ol gözden gaýyp bolýar. Isa direlende, ynsan bedeninde görünýärdi. Emma indi ol ynsan bedenini taşlap, ruhy şahsyýet bolup göge galýar (1 Korinfliler 15:44, 50; 1 Petrus 3:18). Wepaly resullar asmana seredip durkalar, «ak eşikli iki adam peýda bolýar». Göze görnüp gelen bu perişdeler: «Eý jelileli adamlar, siz näme üçin asmana seredip dursuňyz? Isa sizden alnyp, asmana nädip giden bolsa, edil şonuň ýaly-da gaýdyp geler» diýýärler (Resullaryň işleri 1:10, 11).

Isa ýer ýüzünden göge gidende, adamlaryň ünsüni özüne çekmeýär. Muny diňe wepaly şägirtler görýär. Ol asmana nädip giden bolsa, «edil şonuň ýaly-da» hiç kimiň ünsüni özüne çekmän, gaýdyp geler. Isanyň Patyşalyk ygtyýarynda gelendigine diňe onuň yzyna eýerýän wepaly şägirtler düşünerler.

Resullar Iýerusalime gaýdyp barýarlar. Birnäçe günüň dowamynda olar beýleki şägirtler, şol sanda «Isanyň ejesi Merýem hem-de onuň doganlary» bilen bile ýygnanyşýarlar (Resullaryň işleri 1:14). Şägirtler Hudaýa dyngysyz doga edýärdiler. Olar resullaryň sanynyň öňküsi ýaly 12 bolmagy üçin, Iuda Iskariotyň deregine şägirtlerden birini saýlamak hakda Hudaýa doga edýärler (Matta 19:28). Munuň üçin olar Isanyň eden işlerini we direlişini gözi bilen gören şägirdi saýlamakçydylar. Olar Hudaýyň islegini bilmek üçin bije atýarlar. Şonda Mukaddes Ýazgylarda bijäniň atylandygy hakda iň soňky gezek agzalýar (Zebur 109:8; Süleýmanyň tymsallary 16:33). Olar Mattiýany saýlaýarlar. Ol Isanyň wagyz etmäge iberen 70 şägirdiniň biri bolmaly. Şeýlelikde, ol «11 resulyň hataryna goşulýar» (Resullaryň işleri 1:26).

Isa göge galandan soň, on gün geçende, b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramçylygy bolýar. Isanyň takmynan 120 şägirdi Iýerusalimdäki bir jaýyň ýokarky otagynda ýygnanypdylar. Birdenkä güýçli ýeliň şuwwuldysy kimin bir ses gelip, jaýyň içini lerzana getirýär. Şonda ot ýalynlaryna meňzeş diller peýda bolup, oturanlaryň hersiniň üstünde durýar. Şägirtleriň bary dürli dilde gepläp başlaýar. Şeýdip, olara Isanyň wada beren mukaddes ruhy inýär (Ýahýa 14:26).