Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

118-NJI BAP

Kimiň uludygy hakda turan dawa

Kimiň uludygy hakda turan dawa

MATTA 26:31—35; MARKUS 14:27—31; LUKA 22:24—38; ÝAHÝA 13:31—38

  • ISA RESULLARYNYŇ GARAÝŞYNY DÜZEDÝÄR

  • OL PETRUSYŇ ÝÜZ ÖWÜRJEKDIGINI ÖŇÜNDEN AÝDÝAR

  • ISANYŇ ŞÄGIRTLERI SÖÝGÜSI BILEN TANALÝAR

Isa resullary bilen geçiren soňky gijesi olaryň aýagyny ýuwup, pesgöwünli bolmagy öwretdi. Näme üçin? Sebäbi bu olaryň gowşak ýeridi. Olar özüni Hudaýa bagyş edenem bolsalar, henizem öz aralarynda kimiň uludygy hakda jedelleşýärdiler (Markus 9:33, 34; 10:35—37). Ine, olaryň bu gowşaklygy ýene-de ýüze çykýar.

Hawa, resullaryň «arasynda kimiň uludygy hakda uly dawa turýar» (Luka 22:24). Olaryň dawalaşýandygyny görüp, Isa gaty gynanandyr! Ol näme edýär?

Isa resullaryna özlerini nädogry alyp barandygy üçin käýemeýär, gaýtam, sabyrly bolup, şeýle diýýär: «Milletleriň patyşalary olara agalyk edýär, ygtyýarly adamlar hem özlerine haýyr-sogap ediji diýýär. Ýöne siziň araňyzda beýle bolmaly däl... Eýsem, saçak başynda oturan ulumy ýa-da oňa hyzmat edýän?» Soňra olaryň ünsüni özüniň alyp barşyna çekip: «Emma men siziň araňyzda hyzmatkär ýalydyryn» diýýär (Luka 22:25—27).

Resullar bikämil bolsalar-da, Isa bilen bile köp kynçylyklary başdan geçirdiler. Şonuň üçin ol: «Atamyň meniň bilen patyşalyk ähtini baglaşyşy ýaly, men hem siziň bilen äht baglaşýaryn» diýýär (Luka 22:29). Hawa, olar Isanyň wepaly şägirtleridi. Isa olar bilen äht baglaşyp, Patyşalykda bile höküm sürjekdiklerini wada berýär.

Resullaryň şeýle ajaýyp gelejegi bolsa-da, olar bikämildi we entek ruhy taýdan ösmelidiler. Isa olara: «Şeýtan siziň ähliňizi bugdaý kimin elekden geçirmegi talap etdi» diýýär. Şeýle ýagdaýda bugdaý çar tarapa ýaýrap gidýär (Luka 22:31). Ol resullaryna şeýle diýýär: «Şu gije siziň hemmäňiz menden ýüz öwrersiňiz. Sebäbi Ýazgylarda: „Men çopany öldürerin, süriniň goýunlary hem dargar“ diýilýär» (Matta 26:31; Zekerýa 13:7).

Şonda Petrus: «Hemmeler senden ýüz öwürse-de, men hiç haçan senden ýüz öwürmerin!» diýip, gaty ynamly gepleýär (Matta 26:33). Isa oňa şu gijäniň özünde horaz iki gezek gygyrýança, özünden üç gezek dänjekdigini aýdýar. Muňa garamazdan, Isa oňa: «Imanyň gowşamaz ýaly, men Hudaýa ýalbaryp doga etdim; şonuň üçin dolanyp geleniňde, doganlaryň imanyny berkitgin» diýýär (Luka 22:32). Emma Petrus ýan bermeýär, ol: «Seniň bilen ölmeli bolsam-da, senden asla ýüz döndermerin» diýýär (Matta 26:35). Beýleki resullar hem şeýle diýýärler.

Isa şägirtlerine: «Men siziň bilen ýene biraz wagt bolaryn. Siz meni gözlärsiňiz; ýehudylara „Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz“ diýip aýdyşym ýaly, muny size-de aýdýaryn» diýýär. Soňra: «Size täze tabşyryk berýärin: bir-biriňizi söýüň; meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň. Eger araňyzda söýgi bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýýär (Ýahýa 13:33—35).

Isanyň «biraz wagt» diýen sözlerini eşidende, Petrus ondan: «Halypam, sen nirä barýarsyň?» diýip soraýar. Isa: «Sen meniň barýan ýerime häzir baryp bilmersiň, ýöne soň bararsyň» diýip jogap berýär. Petrus geň galyp: «Halypam, men näme üçin häzir gidip bilmeýärin? Men seniň üçin janymy bermäge taýyn» diýýär (Ýahýa 13:36, 37).

Soňra Isa resullaryna ýanlarynda pul ýa-da iýmit alman, Jelilede wagyz eden wagtlaryny ýatladýar (Matta 10:5, 9, 10). Ol: «Kem zadyňyz bolupmydy?» diýip soraýar. Olar: «Ýok!» diýip jogap berýärler. Mundan beýläk olar näme etmelidi? Isa olara şeýle görkezme berýär: «Indi bolsa kimiň puly bar bolsa, goý, alsyn, şonuň ýaly-da iýmitli torba-da alsyn, kimiň gylyjy ýok bolsa, eşigini satyp, ony satyn alsyn. Sebäbi size diýýärin, Ýazgylarda: „Ol jenaýatçylaryň biri saýyldy“ diýip, men hakda aýdylan sözler berjaý bolmalydyr. Hawa, men hakda aýdylanlaryň bary berjaý bolup barýar» (Luka 22:35—37).

Indi Isa zalymlaryň ýa-da jenaýatçylaryň elinden pürse çüýlenip öldüriljekdigini aýdýar. Şondan soň olaryň ýowuz yzarlamalara uçrajakdygyny hem aýdýar. Olar hamala şeýle zada taýýar ýaly: «Halypam, ine bu ýerde iki gylyç bar» diýýärler. Isa hem: «Şol ýeterlikdir» diýýär (Luka 22:38). Ýanlarynda iki gylyjy bolan resullaryna Isa tizden ýene-de bir wajyp zady öwreder.