Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

125-NJI BAP

Isany Hannanyň, soňra Kaýafanyň ýanyna eltýärler

Isany Hannanyň, soňra Kaýafanyň ýanyna eltýärler

MATTA 26:57—68; MARKUS 14:53—65; LUKA 22:54, 63—65; ÝAHÝA 18:13, 14, 19—24

  • ISANY ÖŇKI BAŞ RUHANYNYŇ ÝANYNA GETIRÝÄRLER

  • SINEDRION ISANY BIKANUN HÖKÜM EDÝÄR

Isanyň elini daňyp, hamala jenaýatçy ýaly, ony öňki baş ruhany Hannanyň öňüne getirýärler. Isa ýaş wagty ybadathanada sorag-jogap alşyp, mugallymlary haýran galdyranda, ol baş ruhany bolup gulluk edýärdi (Luka 2:42, 47). Hannanyň käbir ogullary hem baş ruhany bolup gulluk edipdiler. Häzir bolsa bu wezipäni onuň giýewsi Kaýafa eýeleýärdi.

Isa Hannanyň öýündekä, Kaýafa Sinedrionyň agzalaryny ýygnap ýetişýär. Sinedrion 71 adamdan ybaratdy. Oňa baş ruhany we öň baş ruhany bolan adamlar girýärdi.

Hanna Isadan «şägirtleri we öwredýän zatlary hakda» soraýar. Isa: «Men adamlara aç-açan öwredýärdim. Elmydama ýehudylaryň ýygnanyşýan ýerlerinde, ýagny sinagogalarda we ybadathanada öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmandym. Siz muny näme üçin menden soraýarsyňyz? Ony eşiden adamlardan soraň» diýip, ýönekeý sözler bilen jogap berýär (Ýahýa 18:19—21).

Isa muny aýdanda, şol ýerde duran sakçylaryň biri onuň ýüzüne şarpyk çalýar-da: «Sen uly ruhany bilen nädip gepleşýärsiň?» diýýär. Emma Isa özüniň hiç hili nädogry zat etmändigini bilip, oňa: «Eger aýdanym nädogry bolsa aýt; eger dogry bolsa, onda näme üçin meni urýarsyň?» diýýär (Ýahýa 18:22, 23). Soňra Hanna Isany giýewsi Kaýafanyň ýanyna äkitmegi buýurýar.

Sinedrionyň baş ruhanydan, halkyň ýaşulularyndan hem-de kanunçylaryndan ybarat bolan agzalary bolsa eýýäm ýygnanypdy. Olaryň bary Kaýafanyň öýünde toplanýar. Pasha baýramynyň gijesi kimdir birini höküm etmek üçin ýygnanyşmak kanuna garşy gelýärdi. Emma bu olary ýaman niýetini amala aşyrmakdan saklamaýardy.

Bu topardan adalata garaşmak, boş zada umyt baglan ýalydy. Isa Lazary direldende, Sinedrion Isany öldürmeli diýen karar çykarypdy (Ýahýa 11:47—53). Bary-ýogy birnäçe gün mundan öň bolsa, dini ýolbaşçylar Isany tussag edip, ony öldürmeli diýip dil düwüşipdiler (Matta 26:3, 4). Hawa, entek Isany sud etmänkäler, oňa eýýäm ölüm jezasyny berýärler.

Uly ruhanylar we Sinedrionyň beýleki agzalary diňe bir bikanun ýygnanyşman, eýsem, Isa garşy ýalan şaýatlary tapjak bolup jan edýärler. Olar köp şaýat tapýarlar, ýöne olaryň berýän görkezmeleri deň gelmeýärdi. Ahyrsoňy, iki sanysy gelip: «Biz onuň „Men adam elleri bilen gurlan şu ybadathanany ýumrup, üç günden adam elleri bilen gurulmadyk başga bir ybadathana guraryn“ diýenini eşitdik» diýýärler (Markus 14:58). Hatda şu adamlaryň hem aýdýanlary bir-birine doly gabat gelmeýär.

Kaýafa Isadan: «Seniň aýdara zadyň ýokmy? Olaryň saňa garşy şaýatlyk edýändigini eşitmeýärmiň?» diýip soraýar (Markus 14:60). Isa bolsa bir-birine garşy gelýän ýalan şaýatlaryň sözlerine hiç hili jogap gaýtarman, dymyp durýar. Şonda baş ruhany Kaýafa başga usuly ulanýar.

Ýehudylar özüne Hudaýyň Ogly diýen adamlary tüýt-müýt etmäge taýyndylar. Kaýafa-da muny bilýärdi. Meselem, Isa öň Hudaýyň öz Atasydygyny aýdanda, ýehudylar ol «özüni Hudaý bilen deňeýär» diýip, ony öldürjek bolupdylar (Ýahýa 5:17, 18; 10:31—39). Şonuň üçin Kaýafa bilgeşleýin Isadan: «Diri Hudaýdan ant iç. Bize aýt, sen Hudaýyň Ogly Mesihmi?» diýip soraýar (Matta 26:63). Elbetde, Isa bu sözlere garşy çykyp bilmez (Ýahýa 3:18; 5:25; 11:4). Eger ol soraga jogap bermese, onda Hudaýyň Ogludygyndan we Mesihdiginden ýüz öwürdigi bolardy. Şol sebäpli ol: «Hawa, men şol. Siz Ynsan oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gökdäki bulutlar bilen gelýänini görersiňiz» diýýär (Markus 14:62).

Şonda Kaýafa edil sahnada duran artist ýaly donunyň ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirýär! Bize başga şaýat nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirýändigini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz?» diýýär. Sinedrion hem biragyzdan: «Ol ölüme mynasypdyr» diýen karar çykarýar (Matta 26:65, 66).

Olar Isany ýaňsylap we ýumruklap başlaýarlar. Käbiri onuň ýüzüne tüýkürip, şarpyk çalýar. Soňra onuň ýüzüni ýapyp: «Pygamber, hany aýt, seni kim urdy?» diýip, üstünden gülýärler (Luka 22:64). Ine, şeýdip, gije bikanun ýygnanyşyp, Hudaýyň Ogluna ýowuz daraşýarlar!