115-NJI BAP
Isanyň bellejek soňky Pasha baýramy golaýlaýar
MATTA 26:1—5, 14—19; MARKUS 14:1, 2, 10—16; LUKA 22:1—13
-
IUDA ISKARIOTYŇ ISA HAÝYNLYK EDIŞI
-
IKI RESUL PASHA ÜÇIN GEREKLI ZATLARY TAÝÝARLAÝAR
Isa Zeýtun dagynda dört resulyna tälim bermegini tamamlaýar. Olar Mesihiň «gelmegi» we dünýäniň ahyry babatda beren soragyna jogap aldylar.
Hawa, 11-nji nisan diýseň başagaýlykda geçýär! Isa resullaryna: «Siz iki günden Pasha baýramynyň boljakdygyny we Ynsan oglunyň duşmanlaryň eline berlip, pürse çüýlenjekdigini bilýärsiňiz» diýýär. Ol bu sözleri gijäni geçirmek üçin Betaniýa barýarka aýdan bolmaly (Matta 26:2).
Ertesi, ýagny çarşenbe güni Isa diňe resullary bilen geçirmekçidi. Düýn ol dini ýolbaşçylary hemmeleriň öňünde paş edipdi. Olar hem Isany öldürmek üçin ony agtarýardylar. Şonuň üçin Isa 12-nji nisan güni hiç kime görünmeýär. Sebäbi ol 14-i güni agşam resullary bilen Pashany bellemäge kimdir biriniň päsgel bermegini islemeýärdi.
Emma uly ruhanylar we halkyň ýaşululary Pashanyň öň ýanyndaky günleri asudalykda geçirendir diýsek ýalňyşarys. Olar Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusynda ýygnanýarlar. Näme üçin? Isanyň paş edendigine olaryň jany ýanýardy. Ine-de, olar ýygnanyşýarlar-da, «Isany mekirlik bilen tussag edip, öldürmek üçin dil düwüşýärler». Olar muny haçan we nädip etmekçidi? Dini ýolbaşçylar: «Adamlar gopgun turuzmaz ýaly, ony baýramçylyk güni tussag etmäliň» diýýärler (Matta 26:4, 5). Hawa, olar adamlardan ýaýdanýardylar, sebäbi halk Isany gowy görýärdi.
Dini ýolbaşçylar özara gepleşip otyrka, ine, olaryň ýanyna bir habarçy gelýär. Geň galaýmaly, gelen habarçy Isanyň resuly Iuda Iskariotdy. Onuň içine Şeýtan girip, Mugallymyna haýynlyk etmäge iterýär! Iuda: «Eger men ony siziň eliňize tabşyrsam Matta 26:15). Olar hem begenişip, «oňa kümüş pul berjekdigini aýdýarlar» (Luka 22:5). Olar 30 kümüş teňňe bermäge razylaşýarlar. Şol döwürde 30 teňňe bir guluň bahasydy (Müsürden çykyş 21:32). Şeýdip, dini ýolbaşçylar Isany ýigrenýändiklerini mese-mälim görkezýärler, sebäbi onuň üçin gaty az pul teklip edýärler. Şondan soň Iuda «adamlar ýokka Isany satmak üçin amatly pursat gözläp başlaýar» (Luka 22:6).
näme berersiňiz?» diýýär (Gün ýaşanda, 13-nji nisan, ýagny çarşenbe güni başlanýar. Bu Isanyň altynjy we iň soňky geçiren gijesi bolar. Ertesi Pasha üçin gerekli zatlary taýýarlamalydy. Munuň üçin guzy gerekdi, 14-nji nisan başlanmaka, ony öldürip, bişirip ýetişmelidi. Olar agşamlyk naharyny nirede ediner we ony kim taýýarlar? Isa bu jikme-jiklikleri aýtmaýar. Şonuň üçinem Iuda Pasha baýramyny nirede bellejekdiklerini uly ruhanylara ýetirip bilmeýär.
Isa Petrus bilen Ýahýa ýüzlenip: «Baryň-da, biziň üçin Pashalyk naharyny taýýarlaň» diýýär. Ol muny penşenbe güni gündiz tabşyran bolmaly. Olar: «Sen ony nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soraýarlar. Isa şeýle düşündirýär: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýan bir adama duşarsyňyz. Onuň yzyna düşüp, baran öýüne giriň. Soňra öýüň eýesine: „Mugallym senden: „Şägirtlerim bilen Pashalyk naharyny iýer ýaly, myhman otagy nirede?“ diýip soraýar“ diýiň. Ol size içinde hemme zady bar bolan ýokarky otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlaň» (Luka 22:8—12).
Öýüň eýesi Isanyň şägirdidi. Ol Isa şeýle haýyş bilen ýüzlener diýip, öňünden pikir eden bolmaly. Şonuň üçin hem iki resul Iýerusalime gelende, Isanyň aýdyşy ýaly, hemme zadyň taýýar durandygyny görýärler. Şeýlelikde, olar Pasha üçin guzy we 13 adam, ýagny Isa hem-de 12 resuly üçin ýer taýýarlaýarlar.