Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?

Bu Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin gollanma bize Ýazgylarda dürli temalar barada näme diýilýändigini, şeýle-de biz näme üçin horluk çekýäris, adam ölende oňa näme bolýar, maşgalany nädip bagtly etmeli we başga-da köp zatlar barada bilmäge kömek edýär.

Hudaýyň islegi şumydy?

Belki siz, gitdigiçe näme üçin kynçylyklaryň köpelýändigi hakda pikir edýänsiňiz. Mukaddes Ýazgylara görä tizden uly özgerişikleriň boljagyny bilýäňizmi?

1-NJI BAP

Hudaý barada hakykat

Hudaý seniň aladaňy edýärmi? Hudaýyň häsiýetleri we oňa nädip ýakynlaşyp bolýandygy barada biliň.

2-NJI BAP

Mukaddes Ýazgylar — Hudaýyň kitaby

Mukaddes Ýazgylar kynçylyklary ýeňmäge nädip kömek edýär? Mukaddes Ýazgylaryň pygamberliklerine näme üçin ynansa bolýar

3-NJI BAP

Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?

Hudaýyň ýer ýüzüni jennet etmek baradaky niýeti haçanam bolsa amala aşarmy? Eger aşýan bolsa, onda haçan?

4-NJI BAP

Isa Mesih kim?

Isanyň näme üçin wada edilen Mesihdigi, onuň nireden gelendigi we näme üçin ol Ýehowanyň ýeke-täk Ogludygy hakda biliň.

5-NJI BAP

Töleg —Hudaýyň iň uly sowgady

Töleg näme? Onyň saňa nähili peýdasy bar?

6-NJY BAP

Ölen adamlar nirede?

Mukaddes Ýazgylardan ölen adamlar barada näme diýilýandigi we näme üçin adamlaryň ölýändigi hakynda biliň.

7-NJI BAP

Ölen dogan-garyndaşlarymyz üçin hakyky umyt

Siz hem ýakyn garyndaşlaryňyzdan birini ýitirdiňizmi? Onuň bilen duşup bilersiňizmi? Mukaddes Ýazgylarda direliş barada näme diýilýändigini biliň.

8-NJI BAP

Hudaýyň Patyşalygy näme?

Köp adamlar bu dogany gowy bilýärler. «Patyşalygyň gelsin» diýen jümle näme aňladýar?

9-NJY BAP

Biz «soňky günlerde» ýaşaýarys

Daş-töweregimizdäki adamlaryň özüni alyp barşy we garaýşy, Mukaddes Ýazgylarda pygamberlik edilen «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy görkezýändigine serediň.

10-NJY BAP

Ruhy şahsyýetler bize nähili täsir edýär?

Mukaddes Ýazgylarda perişdeler we zalym ruhlar barada aýdylýar. Zalym ruhlar barmy? Olar siziň durmuşyňyza täsir edýärmi?

11-NJI BAP

Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?

Adamlaryň köpüsi ähli horluklara we betbagtçylyklara Hudaý günäk diýýarler. Siz nähili pikir edýärsiňiz? Horluklaryň näme sebäpden bolýandygy hakda Hudaýyň näme diýýändigini biliň.

12-NJI BAP

Hudaýy begendirip ýaşa

Ýehowany begendirip ýaşap bilersiňiz. Siz onuň dosty bolup bilersiňiz.

13-NJI BAP

Ýaşaýşa Hudaýyň garaýşy ýaly garamak

Hudaý çaga aýyrtmaga, gan goýbertmäge we haýwanlaryň janyna nähili garaýar?

14-NJI BAP

Maşgalany nädip bagtly etmeli?

Isan söýgüsi bilen ärlere, aýallara, ata-enelere we çagalara gowy görelde galdyrdy. Biz ondan näme öwrenip bileris

15-NJI BAP

Hudaýa ýaraýan sežde

Hakyky dine degişli adamlary alty aýratynlykdan tanap bolýandygyna serediň.

16-NJY BAP

Hakyky seždäni kabul et

Dini ynançlaryňy başgalar bilen paýlaşanyňda nähili kynçylyklara uçramagyň mümkin? Adamlaryň göwnüne degmän‚ dini düşünjäňi nädip düşündirmeli?

17-NJI BAP

Hudaýa doga arkaly ýakynlaş

Hudaý dogalaryňyzy eşidýärmi? Munuň üçin, Mukaddes Ýazgylarda doga barada näme diýilýändigini biliň.

18-NJI BAP

Hudaý bilen dostlaşmak üçin näme etmeli

Suwa çümdürilmek üçin nähili ädimler ätmeli? Suwa nädip çümdirilýändigi barada biliň.

19-NJY BAP

Hudaýyň söýgüsinde gal

Biz Hudaýa ähli eden ýagşylyklary üçin nädip söýgimizi we minnetdarlygymyzy bildirip bileris?

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Hudaýyň adynyň manysy we tutulyşy

Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinden Hudaýyň adyny aýyrdýlar. Näme üçin? Hudaýyň adyny tutmak wajypmy?

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Danyýeliň Mesihiň gelmegi baradaky pygamberligi nädip ýerine ýetdi?

Hudaý 500 ýyl öňünden, Mesihiň geljekdigi barada aýtdy. Bu tolgundyryjy pygamberlik barada öwreniň!

ÇOŞMAÇA MAGLUMAT

Isa pygamber — wada edilen Mesih

Mesih baradaky ähli pygamberlikler Isada berjaý boldy. Öz Mukaddes Ýazgylaryňyzdan şu pygamberlikleriň anyk we jikme-jik ýerine ýetişine göz ýetiriň.

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Ata, Ogul we mukaddes ruh baradaky hakykat

Köp adamlar troisa baradaky taglymat Mukaddes Ýazgylara esaslanandyr öýdýärler. Bu dogrumyka?

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Näme üçin mesihçiler haça çokunmaýar?

Isa pygamber haçda öldürildimi?Munuň jogabyny Mukaddes Ýazgylaryň özünden okaň.

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Hudaýy şöhratlandyrýan Halypamyzyň agşam nahary

Mesihcilere Isa Mesihiň ölen gününi ýatlamak tabşyryldy. Bu ýatlama güne «Halypamyzyň agşam nahary» hem diýilýär. Ony haçan we nädip bellemeli?

GOŞMAÇA MAGLUMAT

«Jan» hem-de «ruh» näme?

Köp adamlar adam ölenden soň, onuň jany ýa-da ruhy çykyp bir ýerlerde ýaşaýar diýýärler. Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Şeol hem-de hades näme?

Mukaddes Ýazgylary käbir terjimelerinde şeol we hades diýen sözler «gabyr» ýa-da «dowzah ody» diýlipdir. Bu sözleriň asyl manysy näme?

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Magşar güni ýa-da Höküm güni näme?

Höküm gününiň ähli wepaly adamlar üçin bereket getirjekdigi barada biliň.

GOŞMAÇA MAGLUMAT

1914-nji ýyl — Mukaddes Ýazgylara görä‚ ähmiýetli ýyl

Mukaddes Ýazgylara görä‚ 1914-nji ýylyň ähmiýetli ýyldygyny näme görkezýär?

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Baş perişde Mikaýyl kim?

Mukaddes Ýazgylarda bu güýçli perişdäniň kimdigi düşündirilýär. Şol perişde we onuň häzir näme edýändigi hakynda köpräk biliň.

GOŞMAÇA MAGLUMAT

«Beýik Babyl» näme?

Ylham kitabynda «Beýik Babyl» atly bozuk aýal barada aýdylýar. Ol göni manydaky aýalmy? Ol aýal barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Isa Mesih gyşda doguldymyka?

Isanyň doglan ýyly nähili howa bolandygyny biliň. Mundan nämäni bilse bolýar?

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Baýramçylyklary bellemelimi?

Ýaşaýan ýeriňizdäki köp ýörgünli baýramçylyklar nireden gelip çykdy? Munuň jogabyny bilip, siz haýran galarsyňyz.