68-NJI SAPAK
Elizabetiň ogly bolýar
Iýerusalimiň diwarlarynyň gurlanyna 400 ýyldanam köp wagt geçdi. Şäheriň golaýynda Zekerýa atly adam ýaşaýardy. Ol ruhanydy. Onuň Elizabet atly aýaly bardy. Olaryň köp ýyldan bäri çagasy bolmaýardy. Bir gün Zekerýa ybadathana barýar. Ol ýerde tütetgi ýakýar. Şonda oňa Jebraýyl atly perişde görünýär. Zekerýanyň gorkup, ýüregi ýarylýar. Jebraýyl oňa şeýle diýýär: «Zekerýa, gorkma. Siziň ogluňyz bolar. Adyna Ýahýa dakarsyňyz. Ýehowa ony saýlady. Oňa bir ýumuş tabşyrar». Zekerýa bolsa: «Beýle bolup bilmez. Menem, aýalymam garry. Nädip çagamyz bolsun?!» diýýär. Perişde: «Meni Hudaý iberdi. Sen bolsa maňa ynanmadyň. Şonuň üçin ogluň bolýança gepläp bilmersiň» diýýär.
Zekerýa ybadathanada köp eglenýär. Adamlar oňa daşarda garaşyp durdy. Zekerýa ahyry ybadathanadan çykýar. Adamlar ondan näme bolandygyny soraýar. Ýöne Zekerýa gepläp bilmeýärdi. Ol aýtjak zadyny eli bilen düşündirýär. Şonda adamlar onuň Hudaýyň perişdesi bilen gepleşendigine düşünýär.
Biraz wagtdan Elizabet göwreli bolýar. Perişdäniň aýdyşy ýaly, olaryň ogly bolýar. Goňşulary we dogan-garyndaşlary bäbegi görmäge gelýär. Elizabetiň oglunyň bolanyna hemmeler begenýär. Elizabet: «Oglumyň adyna Ýahýa dakjak» diýýär. Olar geň galyp: «Dogan-garyndaşlaryňyzyň içinde hiç kime Ýahýa diýen at dakylmady. Oňa kakasy Zekerýanyň adyny dakyň» diýdiler. Ýöne Zekerýa: «Ýahýa dakjak» diýip ýazyp görkezýär. Şol wagt Zekerýa ýene gepläp başlaýar. Ýahuda-da ähli adamlar Ýahýa barada gürrüň edýärdi. Olar: «Oglanjyk nähili bolup ýetişerkä?!» diýýärdiler.
Hudaý Zekerýa mukaddes ruhuny berýär. Ol şeýle pygamberlik edýär: «Ýehowa alkyş bolsun! Ol Ybraýyma söz beripdi. Bizi halas etmek üçin Mesihi iberjekdigini aýdypdy. Ýahýa pygamber bolar. Ol Mesihiň ýörejek ýoluny taýýarlar».
Elizabetiň garyndaşy bardy. Onuň ady Merýemdi. Merýem bilen hem üýtgeşik waka bolýar. Ol hakda indiki sapakdan bileris.
«Adamlar muny başarmaz, ýöne Hudaý ähli zady başarýar» (Matta 19:26).