12-nji bölüm
Isa adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýärdi. Şeýle-de ol Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy, Patyşalygynyň gelmegi we ýerde-de isleginiň berjaý bolmagy barada doga etmegi öwretdi. Ene-atalar, çagalaryňyza şol zatlar hakda doga etmegiň wajypdygyny düşündiriň. Isa Şeýtana aldanmady, Hudaýa wepaly boldy. Isa 12 resulyny saýlady. Olar ilkinjileriň hatarynda Hudaýyň gökdäki Patyşalygyna girmelidi. Isa Hudaýa arassa sežde etmek üçin elinde baryny edýärdi. Onuň adamlara hem kömek edesi gelýärdi. Ol keselleri sagaltdy, açlary doýurdy, hatda ölen adamlary hem direltdi. Şeýdip, Isa Hudaýyň Patyşalygy arkaly ýerde etjek işlerini görkezdi.
ŞU BÖLÜMDE:
74-NJI SAPAK
Mesihiň kimdigi belli bolýar
Ýahýa Isa «Hudaýyň Guzusy» diýende nämäni göz öňünde tutdy?
75-NJI SAPAK
Şeýtan Isany synady
Şeýtan Isany näçe gezek synaýar we nädip? Isa Şeýtana nähili jogap berdi?
76-NJY SAPAK
Isa satyjylary kowýar
Isa näme üçin ybadathanadan mallary kowdy we pul çalyşýanlaryň stollaryny agdardy?
77-NJI SAPAK
Suw almaga gelen aýal
Isa samariýaly aýal bilen gepleşdi. Aýal näme üçin haýran galýar? Isa oňa nähili üýtgeşik zat aýtdy?
78-NJI SAPAK
Isa hoş habary wagyz edýär
Isa käbir şägirtlerine adam tutýan balykçy bolmagy öwretdi. Soňra ol 70 şägirdine wagyz etmegi öwretdi.
79-NJY SAPAK
Isa köp gudrat görkezýär
Isa nirede bolsa-da, kömek sorap gelen adamlary sagaldýardy. Ol hatda gyzjagazy hem direldýär.
80-NJI SAPAK
Isa 12 şägirdini saýlaýar
Isa şägirtleri näme üçin saýlady? Olaryň atlaryny bilýärsiňmi?
83-NJI SAPAK
Isa köp adamlary doýurdy
Isanyň eden gudratyndan ol hakda näme öwrenýäris? Ýehowa barada näme öwrenýäris?
86-NJY SAPAK
Isa Lazary direldýär
Isa Merýemiň aglaýanyny görüp aglady. Ýöne Isanyň gudraty hemmeleri begendirdi.