80-NJI SAPAK
Isa 12 şägirdini saýlaýar
Isanyň wagyz edip başlanyna bir ýarym ýyl boldy. Indi oňa kömekçi gerekdi. Isa ýygnagyň aladasyny edip biljek adamlary saýlamak isleýärdi. Ol Ýehowadan kömek soramak üçin daga gidýär. Uzak gije doga edýär. Ertesi irden şägirtleriniň käbirini ýanyna çagyrýar. Şeýdip, Isa 12 şägirdini saýlaýar. Olara resullar diýilýär. Olar Petrus, Andreas, Ýakup, Ýahýa, Filipus, Bartolomeý, Tomas, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddewus, Simun we Iuda Iskariýot.
Isa bilen 12 şägirt hem wagyz etmäge gidýär. Isa köp zatlary öwredensoň, şägirtlerini wagyz etmäge iberýär. Ýehowanyň güýji bilen şägirtler keselleri sagaldýar we adamlaryň içinden jynlary çykarýar.
Isa 12 şägirdine dostlarym diýýärdi. Olara köp zat ynanýardy. Fariseýler şägirtleri kemsidýärdi. Olary hiç zat bilmeýän, ýönekeý adam hasaplaýardy. Ýöne Isa şägirtlerine nirede we
nädip wagyz etmelidigini öwretdi. Olar Isanyň hemişe ýanynda boldular. Ony ölýänçä-de, direlensoň hem goldadylar. Isa ýaly şägirtleriň hem köpüsi Jelilede ýaşaýardy. Olaryň käbiri öýlenendi.Şägirtler köp ýalňyşýardy. Käte olar pikirlenmän gepleýärdi ýa-da ýalňyş iş edýärdi. Käwagt bolsa sabyrly bolmaýardy. Hatda: «Men uly-da, men uly» diýip dawalaşýardylar. Ýöne şägirtler gowy adamdy. Olar Ýehowany ýürekden söýýärdi. Şägirtler Isa ölensoň, köp işleri etdiler. Ýygnaklary döretdiler, olaryň aladasyny etdiler.
«Men size dostlarym diýýärin, sebäbi Atamdan eşidenlerimiň ählisini size aýtdym» (Ýahýa 15:15).