Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

85-NJI SAPAK

Sabat güni bolan waka

Sabat güni bolan waka

Fariseýler Isany ýigrenýärdi. Ony türmä basjak bolup bahana gözleýärdiler. Olar: «Sabat güni hiç zat etmeli däl. Hatda kesel adamlara-da kömek etmeli däl» diýip öwredýärdiler. Bir gezek Sabat güni Isa köçede gidip barýardy. Ol dilegçilik edip oturan kör adamy görýär. Şonda Isa şägirtlerine: «Häzir Hudaý kör adamyň gözüni açmaga kömek eder. Hudaýyň güýjüni görersiňiz» diýýär. Soňra Isa ýere tüýkürip palçyk ýasaýar. Ony kör adamyň gözüne çalyp: «Silowam howdanynda gözüňi ýuwup gel» diýýär. Ol hem gidip gözüni ýuwýar. Kör adamyň gözi şol bada açylýar. Ol ömründe birinji gezek daş-töweregi, dogan-garyndaşlaryny we adamlary görýär.

Kör adamy tanaýanlar haýran galyp: «Ol dilegçi dälmi? Ýa şoňa meňzeş birimi?» diýişdiler. Kör adam: «Men şol dilegçi» diýýär. Adamlar: «Gözüň nädip açyldy?» diýip soradylar. Kör adam ähli zady gürrüň berdi. Soňra ony fariseýleriň ýanyna alyp gitdiler.

Ol fariseýlere-de gözüniň nädip açylanyny gürrüň berdi. Olara: «Isa meniň gözüme palçyk çaldy. Soňra ýuw diýdi. Menem onuň aýdyşy ýaly etdim. Şondan soň görüp başladym» diýdi. Fariseýler: «Isa Sabat güni adam sagaldypdyr. Onda oňa Hudaý kömek etmändir» diýdiler. Käbiri bolsa: «Oňa Hudaý kömek edendir, ýogsam adamlary sagaldyp bilmezdi» diýdiler.

Fariseýler kör adamyň ene-atasyny çagyryp: «Ogluňyzyň gözi nädip açyldy?» diýip soradylar. Şol wagt fariseýler Isa iman eden adamlary sinagogadan kowýardy. Şonuň üçinem kör adamyň ene-atasy fariseýlerden gorkýar. Olara: «Biz nireden bileli?! Baryň, özünden soraň» diýdiler. Fariseýler kör adama sorag baryny berdiler. Ahyry ol ýadap: «Men size hemme zady aýtdym-a. Näme üçin gaýta-gaýta soraýarsyňyz?!» diýdi. Fariseýleriň gahary gelip, ony kowup goýberdiler.

Isa kör adamy gözläp tapýar. Soňra ondan: «Mesihe ynanýarsyňmy?» diýip soraýar. Olam: «Agam, onuň kimdigini aýtsaň ynanaýyn» diýýär. Isa: «Men Mesih!» diýýär. Isa kör adama uly ýagşylyk etdi. Onuň gözüni açdy. Şeýle-de Mesihe ynanmaga kömek etdi.

«Siz ýalňyşýarsyňyz, sebäbi mukaddes kitaplary-da, Hudaýyň güýjüni-de bilmeýärsiňiz» (Matta 22:29).