Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

78-NJI SAPAK

Isa hoş habary wagyz edýär

Isa hoş habary wagyz edýär

Isanyň suwa çümdürilenine biraz wagt geçipdi. Ol: «Hudaýyň Patyşalygy golaýlady» diýip, wagyz edip başlady. Şägirtler hem Isa bilen Jelilede we Ýahudada wagyz etdi. Soňra Isa Nazaret şäherine gaýtdy. Ol sinagoga baryp, Işaýa pygamberiň golýazmasyny okady. Ol ýerde: «Hoş habary wagyz eder ýaly, Ýehowa maňa mukaddes ruhuny berdi» diýilýär. Adamlar Isanyň gudrat görkezmegini isleýärdiler. Ýöne Ýehowa Isa hoş habary wagyz etmek üçin mukaddes ruhuny berdi. Soňra Isa oturan adamlara: «Şu gün Işaýa pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetdi» diýdi.

Isa Jelile deňzine geldi. Ol ýerde dört balykçyny gördi. Isa balykçylara: «Meniň yzyma düşüň, men sizi adam tutýan balykçy edeýin» diýdi. Balykçylaryň ady Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa. Olar şol bada balyk tutýan torlaryny taşlap, Isa bilen gitdiler. Olar Jeliläniň hemme ýerine aýlandylar. Adamlara Ýehowanyň Patyşalygy barada gürrüň berdiler. Olar sinagogalarda, bazarlarda we köçelerde wagyz etdiler. Olar nirä gitse, adamlar hem yzyndan gidýärdi. Isa barada hemme ýerde eşitdiler. Hatda Siriýada ýaşaýan adamlar hem eşitdi.

Biraz wagtdan soň, Isa käbir şägirtlerine keselleri sagaltmaga we adamlaryň içinden jynlary çykarmaga güýç berdi. Beýlekiler bolsa Isa bilen wagyz etmäge gitdi. Olar şäher-şäher, oba-oba aýlandy. Olaryň ýanynda Hudaýa wepaly aýallar hem bardy. Meselem, magdalaly Merýem, Ýanna we Suzanna. Olar Isa we şägirtlere kömek etdi.

Isa şägirtlerine wagyz etmegi öwretdi. Soňra wagyz etmäge iberdi. Olar Jeliläniň hemme ýerine aýlandy. Köp adamlar Isanyň şägirdi boldy we suwa çümdürildi. Isanyň şägirdi bolasy gelýän adamlar köpdi. Şonuň üçin Isa olary ekin meýdanyna meňzetdi. Ekin meýdanynda hasyl ýetişipdi. Isa olara: «„Hasyly ýygnar ýaly işçi iberäý“ diýip, Ýehowa doga ediň» diýdi. Soňra Isa 70 şägirdini saýlady. Olary iki-ikiden wagyz etmäge iberdi. Şägirtler Ýahudanyň ähli ýerine aýlandy. Hemme adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada öwretdiler. Şägirtler yzyna begenip geldiler. Olar Isa wagyzda bolan zatlary gürrüň berdiler. Şeýtan wagyz etmäge päsgel berip bilmedi.

Isa göge gidensoň hem şägirtleriniň wagyz etjekdigini aýtdy. Şonuň üçin şägirtlerine: «Hoş habary bütin ýer ýüzünde wagyz ediň. Adamlara Hudaýyň sözüni öwrediň. Olary suwa çümdüriň» diýdi.

«Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlerde-de wagyz etmeli, sebäbi men şonuň üçin geldim» (Luka 4:43).