96-NJY SAPAK
Isa Sawuly saýlaýar
Sawul Rimiň raýatydy. Ol Tarsus şäherinde doglupdy. Ol fariseýdi, ýehudylaryň kanunyny gowy bilýärdi. Sawul mesihçileri ýigrenýärdi. Şonuň üçin aýallary we erkekleri öýünden süýräp çykarýardy. Olary alyp gidip, türmä basýardy. Bir gezek adamlar Stefanus atly şägirdi daşlap öldürýär. Şol ýerde Sawul hem bardy, bolýan zatlara seredip durdy.
Sawul Iýerusalimde şägirtleriň köpüsini türmä basypdy. Indi ol Damask şäherindäkileri hem tutup, türmä basmak isleýär. Şonuň üçin hem baş ruhanydan şähere gitmäge rugsat soraýar. Sawul ýola düşýär. Şähere ýetip barýarka, daş-töwerek ýagtylyp gidýär. Sawul ýere ýykylýar. Şonda ol şeýle ses eşidýär: «Sawul, meni näme üçin yzarlaýaň?» Sawul: «Sen kim?» diýýär. Ol: «Men Isa. Damasga git, şol ýerde näme etmelidigiňi bilersiň» diýýär. Sawulyň şol bada gözi kör bolýar. Ony şähere elinden tutup äkidýärler.
Damask şäherinde Ananýas atly bir adam ýaşaýardy. Ol Isanyň şägirdidi. Ananýas görnüşde Isany görýär. Isa oňa: «Dogry diýilýän köçä git. Şol köçede Ýahudanyň öýi bar. Sawul onuň öýündedir» diýýär. Ananýas: «Halypam, men ony tanaýaryn. Ol seniň şägirtleriňi türmä basypdy» diýýär. Ýöne Isa: «Bar, şonuň ýanyna git. Men ony saýladym. Ol köp milletlere hoş habary wagyz eder» diýýär.
Ananýas hem gidip Sawuly tapdy. Ol Sawula: «Sawul, doganym, meni Isa iberdi. Ol seniň gözüňi açar» diýdi. Şol bada Sawulyň gözi açyldy. Ol Isa hakda köp zatlary öwrendi. Suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi boldy. Ol şägirtler bilen bile sinagogalarda wagyz edip başlady.
Ýehudylar Sawulyň Isa barada öwredýändigine haýran galyp: «Ol öň-ä Isanyň şägirtlerini türmä basýardy» diýişdiler.Sawul üç ýyllap Damask şäherinde wagyz edýär. Ýehudylar Sawuly ýigrenýärdi. Ony öldürjek bolýardylar. Doganlar adamlaryň Sawuly öldürjek bolýandygyny eşidýär. Şonuň üçin oňa gaçmaga kömek edýär. Olar Sawuly sebede salyp, şäheriň diwaryndan aşak düşürýär. Şeýdip, Sawul halas bolýar.
Sawul Iýerusalime gidýär. Ol ýerde doganlar bilen görüşjek bolýar. Ýöne doganlar onuň bilen görüşmäge gorkýarlar. Şol ýerde Barnabas atly şägirt bardy. Ol mähirli adamdy. Ol Sawuly doganlaryň ýanyna äkidýär. Doganlara Sawulyň indi gowy adam bolandygyny aýdýar. Olar hem Barnabasa ynanýar. Şeýdip, Sawul dogan-uýalar bilen Iýerusalimde yhlasly wagyz edip başlaýar. Sawula Pawlus hem diýýärdiler.
«Isa Mesih günäkärleri halas etmek üçin dünýä geldi. Olaryň arasynda iň erbedi bolsa mendirin» (1 Timoteos 1:15).