2-nji bölüm
Ýehowa näme üçin güýçli ýagyş ýagdyryp, erbetleri ýok etdi? Ilkibaşda Şeýtan Ýehowa garşy çykdy. Adam ata, How ene we Kabyl ýaly erbet adamlar Şeýtana gulak asdy. Habyl we Nuh ýaly gowy adamlar bolsa, Ýehowa gulak asdy. Şol döwürde erbet adamlar köpeldi welin, Ýehowa olary ýok etdi. Ýehowa biziňem kime gulak asýandygymyzy görýär. Ol erbetligi hökman ýok eder.
ŞU BÖLÜMDE:
3-NJI SAPAK
Adam ata bilen How ene Hudaýy diňlemedi
Erem bagynyň ortasyndaky agaç näme üçin üýtgeşikdi? How ene näme üçin ondan iýdi?
4-NJI SAPAK
Gaharyna adam öldürdi
Hudaý Kabylyň däl-de, Habylyň gurbanlygyny kabul etdi. Kabyl gaharyna jigisini öldürdi.
5-NJI SAPAK
Nuhuň ýasan gämisi
Käbir perişdeler gyzlara öýlendi, olaryň ogullary boldy. Olar güýçli hem zalym bolansoň, erbet adamlar köpeldi. Ýöne Nuh gowy adamdy, Hudaýy söýýärdi we oňa gulak asýardy.
6-NJY SAPAK
Sekiz adam halas boldy
Ýagyş 40 gije-gündiz ýagdy. Nuh maşgalasy bilen gäminiň içinde bir ýyldanam köp ýaşady. Ahyry Ýehowa olara gämiden çykyp bilýändigini aýtdy.