8-NJI SAPAK
Ybraýym bilen Bibisara Hudaýa gulak asdy
Wawilon şäheriniň golaýynda Ur şäheri bardy. Ol ýerdäki adamlaryň köpüsi her hili zat ýasap, şoňa sežde edýärdi. Ýöne bir adam diňe Ýehowa sežde edýärdi. Onuň ady Ybraýym.
Ýehowa Ybraýyma: «Öýüňi, dogan-garyndaşlaryňy goýup ýola düş, saňa nirä gitmelidigini aýdaryn» diýdi. Soňra: «Seniň çagalaryňy köpelderin, sen arkaly hemme adamlara ýagşylyk ederin» diýdi.
Ybraýym nirä gitmelidigini bilmese-de, Ýehowanyň aýdanyny etdi. Ybraýym, gelni Bibisara, kakasy Tarah we inisi Lut ýola düşdi. Olar diňe egin-eşiklerini we gerek zatlaryny aldylar.
Ybraýym maşgalasy bilen ahyry Ýehowanyň aýdan ýurduna bardy. Oňa Kengan diýilýärdi. Şol wagt Ybraýym 75 ýaşyndady. Ýehowa Kenganda Ybraýym bilen gepleşdi. Oňa: «Şu ýurdy çagalaryňa bererin» diýip söz berdi. Ýöne Ybraýym bilen Bibisaranyň çagasy ýokdy, özleri hem garrydy. Onda Ýehowanyň«Ybraýym pygamber iman edendigi üçin Hudaýyň çakylygyna gulak asyp, miras beriljek ýere gitdi. Ol nirä barýandygyny bilmese-de, dogduk mekanyndan çykyp gaýtdy» (Ýewreýler 11:8).