Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

50-NJI SAPAK

Ýehowa Ýehoşapata kömek edýär

Ýehowa Ýehoşapata kömek edýär

Ýehoşapat Ýahudanyň patyşasydy. Ol ýurtda Bagal butlaryny, olara gurbanlyk berilýän ýerleri ýok etdi. Ýehoşapat halka Ýehowanyň kanunlaryny öwretmek isleýärdi. Şonuň üçinem halkyň ýanyna baştutanlary we lewileri iberdi.

Goňşy halklar Ýahuda hüjüm etmäge gorkýardy. Olar Ýehowanyň öz halkyny goraýandygyny bilýärdi. Olar Ýehoşapat patyşa sowgat hem getirýärdiler. Ýöne soň mowaplar, ammonlar we Segirde ýaşaýanlar Ýahudanyň üstüne çozýar. Şonda Ýehoşapat Ýehowadan kömek soraýar. Ol erkek adamlary, aýallary we çagalary Iýerusalime ýygnaýar. Soň olaryň öňünde: «Ýehowa, duşmanlarymyzy ýeňmäge kömek et. Bize näme etmelidigini öwret» diýip dileg edýär.

Ýehowa onuň dilegine jogap berdi. Ol: «Gorkmaň, men size kömek ederin. Ýeriňizde durup, meniň halas edişimi görüň» diýdi. Ýehowa olary nädip halas etdi?

Ertesi ir bilen Ýehoşapat aýdymçylary ýygnaýar. Olar esgerleriň öňünden ýöräp aýdym aýtmalydylar. Şeýdip, olar Iýerusalimden söweş bolmaly ýere çenli ýörediler. Söweş Tekoýa çölünde bolmalydy.

Aýdymçylar Ýehowany öwüp, joşup aýdym aýtdylar. Ýehowa halky üçin söweşdi. Ol ammonlar bilen mowaplary bir-birini öldürer ýaly etdi. Adamlar bir-birine topuldy, hiç kim diri galmady. Ýöne ýahuda halkyna, esgerlere we ruhanylara hiç zat bolmady. Ýehowa olary gorady. Goňşy ýurtlar hem Ýehowanyň halkyny halas edendigini eşitdi. Olar Ýehowanyň halkyna henizem kömek edýändigine düşündiler. Ýehowa olary her dürli ýol bilen halas edýärdi. Oňa adamlaryň kömegi gerek däldi.

«Size söweşmek gerek bolmaz. Ýeriňizde durup, Ýehowanyň halas edişini görüň» (2 Taryh 20:17).