Ýahýa 17:1—26

  • Isanyň resullary bilen soňky gezek eden dogasy (1—26)

    • Hudaýy tanamak ebedi ýaşaýyş berýär (3)

    • Mesihçiler dünýäden däl (14—16)

    • «Seniň sözüň hakykat» (17)

    • «Men adyňy tanatdym» (26)

17  Isa bulary aýdansoň, göge seredip, şeýle doga etdi: «Atam, wagt geldi. Ogluň seni şöhratlandyrar ýaly, Ogluňy şöhratlandyr+.  Ogluň hemmelere+ ebedi ýaşaýyş berer ýaly+, oňa ähli adamlaryň üstünden höküm sürmäge ygtyýar berdiň+.  Ebedi ýaşaýşy almak üçin+, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý+ we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almaly+.  Maňa tabşyran işiňi tamamlap+, seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym+.  Atam, dünýä ýaradylmanka huzuryňda alan şöhratymy indi maňa gaýtaryp ber+.  Maňa beren adamlaryňa adyňy tanatdym+. Olar seniňkidi, olary maňa berdiň. Olar hem seniň sözüňe gulak asýarlar.  Olar ähli zady maňa seniň berendigiňi bildiler.  Maňa beren sözleriňi olara aýtdym+, olar hem kabul etdiler. Seniň wekiliňdigime ynandylar+ we seniň iberendigiňe iman etdiler+.  Men olar hakda doga-dileg edýärin, dünýä üçin däl, maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, sebäbi olar seniňki. 10  Meniň ähli zadym seniňkidir, seniň ähli zadyň hem meniňkidir+. Men olaryň arasynda şöhratlandym. 11  Men dünýäden gidip, seniň ýanyňa barýaryn, ýöne olar dünýäde galýarlar+. Eý mukaddes Atam, öz adyň, maňa beren adyň hatyrasyna olary gora+. Biziň agzybir bolşumyz ýaly, olar hem agzybir bolsunlar+. 12  Men olaryň ýanyndakam, seniň adyň, maňa beren adyň hatyrasyna olara göz-gulak boldum+. Men olary goradym, hiç biri heläk bolmady+. Emma ýazylan zatlar ýerine ýeter ýaly+, olardan diňe biri ýitip, heläk bolar+. 13  Häzir bolsa seniň ýanyňa barýaryn. Olar hem meniň şatlanyşym ýaly şatlansynlar diýip, şu sözleri dünýädekäm aýdýaryn+. 14  Olara seniň sözüňi aýtdym, ýöne dünýä olary ýigrendi. Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar hem dünýäden däl+. 15  Olary dünýäden almagyňy däl, Şeýtandan* goramagyňy haýyş edýärin+. 16  Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly+, olar hem dünýäden däl+. 17  Olary sözüň arkaly mukaddes et+, sebäbi seniň sözüň hakykat+. 18  Meni şu dünýä iberişiň ýaly, men hem olary dünýä iberdim+. 19  Olar hakykat arkaly mukaddes bolup biler ýaly, olaryň hatyrasyna mukaddesligimi saklaýaryn. 20  Men diňe olar üçin däl, olary diňläp, maňa iman etjek adamlar üçin hem dileýärin. 21  Atam, seniň meniň bilen, meniň hem seniň bilen agzybir bolşum ýaly+, olaryň ählisi-de agzybir bolsunlar+. Şeýlelikde, olar biziň bilen agzybir bolarlar, dünýä hem meni seniň iberendigiňe iman eder. 22  Olaryň hem biziň ýaly agzybir bolmagy üçin, olara seniň maňa beren şöhratyňy berdim+. 23  Men olar bilen agzybirdirin, sen hem meniň bilen agzybirsiň, olar hem biri-biri bilen agzybir bolsunlar. Şonda dünýä meni seniň iberendigiňe, meni söýşüň ýaly, olary-da söýýändigiňe göz ýetirer. 24  Atam, men nirede bolsam, maňa beren adamlaryň hem ýanymda bolmagyny isleýärin+. Şonda olar maňa beren şöhratyňy görerler, sebäbi sen meni dünýä ýaradylmanka söýdüň+. 25  Eý dogruçyl Atam, dünýä seni tanamady+, ýöne men seni tanaýaryn+. Emma olar meni seniň iberendigiňi bilýärler. 26  Men olara adyňy tanatdym, ýene-de tanadaryn+. Şonda meni söýşüň ýaly, olar hem adamlary söýerler, men hem olar bilen agzybir bolaryn»+.

Çykgytlar

Sözme-söz: zalymdan.