Ýermeýa 12:1—17
12 Eý Ýehowa, saňa arzymy aýdanymda,Arz-şikaýat edenimde,Sen adalatlysyň+.
Emma näme üçin erbetleriň işi ugruna bolýar?+Dönükler näme üçin aladasyz ýaşaýar?
2 Sen olary ekdiň, kök urdular,Ösüp miwe berdiler.
Olar seni dilinden düşürmese-de,
Oý-pikiri* senden uzakda+.
3 Eý Ýehowa, meni görýärsiň, gowy tanaýarsyň+,Ýüregimi barladyň, saňa wepalydygymy gördüň+.
Olary damagy çalynjak goýun kimin saýlap goý,Öldürilmeli güni üçin aýryp goý.
4 Haçana çenli ýurt çöl bolup ýatar?Haçana çenli ekin meýdanlary gurap ýatar?+
Ýurduň zalym halkyndan ýaňaÝyrtyjy haýwanlar we guşlar ýok boldular.
Sebäbi adamlar: «Hudaý gelejegimizi bilmeýär» diýýärler.
5 Soňra Alla maňa şeýle diýdi:«Sen adamlar bilen ýaryşyp ýadaýan bolsaň,Atlar bilen nädip ýaryşarsyň?+
Sen parahat ýurtda özüňi arkaýyn duýýarsyň welin,Iordanyň jeňňelinde näme edersiň?
6 Seniň doganlaryň, ataň tohum-tiji,Saňa dönüklik etdiler+,
Üstüňe gygyrdylar.
Olar saňa ýagşy söz aýtsalar-da,Olara ynanma.
7 Men öýümi taşlap+, mirasymy terk etdim+.
Mähriban halkymy duşmanlarynyň eline berdim+.
8 Mirasym jeňňeliň arslany kimin üstüme arlanda,
Meniň ýüregim ýigrençden doldy.
9 Mirasym owadan* laçyn guşy ýalydy.Ýyrtyjy guşlar çar tarapdan hüjüm etdiler+.
Eý wagşy haýwanlar, jem boluň, çozuň!Ony ýalmap ýuwudyň+.
10 Çopanlar üzümçiligimi+ ýok etdiler.Olar mellegimi depelediler+.
Mes toprakly* ýerimi çöle öwürdiler.
11 Ol ýer boşap galdy.
Gözümiň alnynda gurady*,Çöle döndi+.
Tutuş ýurt haraba öwrüldi,Emma hiç kimiň azaryna-da* däl+.
12 Çölüň içinden geçýän ýollardan garakçylar geldi,Ýehowanyň gylyjy tutuş ýurdy gyryp taşlady+.
Indi parahatlyk ýok.
13 Olar bugdaý ekip, ýandak ordular+.
Olar der döküp zähmet çekseler-de, bary biderek boldy.
Ýehowanyň gahar-gazabyndan ýaňaOlar hasyl alyp bilmän masgara bolar».
14 Ýehowa şeýle diýýär: «Ysraýyla beren mirasyma çozan erbet goňşularyny+ ýurdundan sogrup taşlaryn+. Ýahuda öýüni hem olaryň arasyndan kowup çykararyn.
15 Emma olary sogran hem bolsam, ýene-de rehim ederin. Olaryň her birine öz mirasyny we öz ýerini gaýtaryp bererin».
16 «Olar halkymyň ýollaryny öwrenseler we Bagaldan ant içişleri ýaly „Ýehowa diri şaýatdyr!“ diýip, adymdan ant içseler, halkymyň arasynda ýaşarlar.
17 Eger halklaryň biri gulak asmasa, men şol halky gyryp ýok ederin». Muny Ýehowa aýdýar+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Duýgusy. Sözme-söz: Böwregi.
^ Sözme-söz: dürli reňkli.
^ Ýa-da: Gymmatly.
^ Başga manysy: ýas tutdy.
^ Ýa-da: piňine-de.