Ýermeýa 13:1—27
13 Ýehowa maňa: «Git-de, zygyr* matadan guşak satyn al, ony biliňe guşa, ýöne suw degiräýme» diýdi.
2 Men Ýehowanyň aýdyşy ýaly guşak satyn alyp, bilime guşadym.
3 Ýehowa maňa ikinji gezek ýüzlenip şeýle diýdi:
4 «Satyn alyp, biliňe daňan guşagyňy al-da, Ýewfrata git we gaýanyň jaýrygynda gizle».
5 Men Ýehowanyň buýruşy ýaly, guşagy Ýewfratyň golaýynda gizledim.
6 Köp gün geçensoň, Ýehowa maňa: «Tur, Ýewfrata git, meniň emrim bilen gizlän guşagyňy alyp gel» diýdi.
7 Men Ýewfrata gitdim, gizläp goýan ýerimden guşagy gazyp çykardym. Görsem, guşak çüýräpdir, derde ýarar ýaly bolmandyr.
8 Ýehowa maňa şeýle diýdi:
9 «Ýehowa şeýle diýýär: „Ýahudanyň ulumsylygyny we Iýerusalimiň ýere-göge sygmaýan tekepbirligini edil şu guşak ýaly çüýrederin+.
10 Zalym halk sözüme gulak asmaýar+, kesirlik bilen kellesine gelenini edýär+, başga taňrylara çokunyp, olara gulluk edýär, sežde edýär. Zalym halk derde ýaramaýan guşak ýaly bolar.
11 Men bütin Ysraýyl we Ýahuda öýüni guşak kimin bilime guşadym — muny Ýehowa aýdýar. — Olar meniň halkym+, şan-şöhratym+ we abraýym bolmalydylar. Emma olar maňa gulak asmadylar“+.
12 Olara şu habary ýetir. Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Her bir uly küýze şerapdan doly bolsun“. Olar saňa: „Uly küýzeleriň şerapdan doly bolmalydygyny bilýäris“ diýerler.
13 Şonda olara Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men ýurduň ilatyny, Dawudyň tagtynda oturan patyşalary, ruhanylary, pygamberleri we Iýerusalimiň ähli ilatyny serhoş ederin“+.
14 Ýehowa şeýle diýýär: „Men ataly-ogly biri-biri bilen gyrlyşdyraryn+. Olary ýok edenimde haýpym gelmez, ýüregim awamaz, rehimim inmez, meni hiç zat saklap bilmez“+.
15 Ünsli diňläň,
Tekepbir bolmaň, sebäbi Ýehowa gepleýär.
16 Hudaý tümlük indermänkä,Dagda alagaraňkylykda büdremänkäňiz,Ýehowany şöhratlandyryň.
Siz ýagtylyga garaşarsyňyz,Hudaý üstüňizi garaňkylyk bilen örter;Ýagtylygy tümlüge öwrer+.
17 Siz gulak asmasaňyz,Tekepbirlik etseňiz, gizlinlikde aglaryn.
Gözýaş dökerin, gözlerimiň ýaşy sil bolup akar+,Sebäbi Ýehowanyň sürüsi+ ýesir edilip äkidildi.
18 Patyşa we onuň ejesine+: „Tagtdan düşüň,Sebäbi owadan täjiňiz başyňyzdan alnar“ diý.
19 Günorta şäherleriniň derwezeleri ýapyldy,Olary açjak tapylmaz.
Tutuş Ýahuda sürgün edildi, ählisi ýesir alyndy+.
20 Eý Iýerusalim, başyňy galdyryp,Demirgazykdan gelýänlere seret+.
Hany saňa berlen süri? Semiz goýunlaryň nirede?+
21 Saňa jana-jan dostlaryň jeza berse, näme edersiň?+
Çaga dogurýan aýal ýaly seni sanjy tutmazmy?+
22 Şonda: „Bular näme üçin meniň başyma indi?“+ diýersiň.
Günäleriň köpdügi sebäpli eşigiň sypyrlyp alnar+,
Dabanyň gabarar.
23 Garaýagyz* adamyň reňkini,Alajabarsyň meneklerini üýtgedip bilmeýşi ýaly+,Siz hem ýagşy işleri etmegi başarmaýarsyňyz.
Sebäbi erbetlik siziň ganyňyza siňipdir.
24 Men olary çöl ýeline tozaýan saman kimin dargadaryn+.
25 Saňa düşen bije, saňa ölçäp beren paýym şudur»Muny Ýehowa aýdýar.«Sebäbi sen meni unutdyň+, ýalana bil bagladyň+.
26 Köýnegiň etegini ýüzüňe çenli galdyraryn,Uýat ýeriň görner+.
27 Hemmeler seniň baýtal kimin kişňeýşiňi eşiderler,Ahlaksyz, haýasyz işleriňi+ görerler.
Men depeleriň üstünde,Melleklerde edýän ýigrenji işleriňi gördüm+.
Eý Iýerusalim, waý halyňa!
Sen haçana çenli haram işleri edersiň?»+