Ýermeýa 15:1—21

  • Ýehowa çykaran hökümini ýatyrmaz (1—9)

  • Ýermeýa nalaýar (10)

  • Ýehowanyň jogaby (11—14)

  • Ýermeýanyň dogasy (15—18)

    • Hudaýyň sözüni eşidip begenýär (16)

  • Ýehowa Ýermeýany berkidýär (19—21)

15  Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Musa bilen Şamuwel halk üçin töwella etse⁠-⁠de+, men olara rehim etmerin. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsinler.  Olar saňa: „Biz nirä gideli?“ diýseler, Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Mergä höküm edilen, mergiden gyrylsyn! Gylyja höküm edilen, gylyçdan geçirilsin!+ Açlyga höküm edilen, açlykdan ölsün! Sürgüne höküm edilen, sürgüne gitsin!“+  Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň üstüne dört betbagtçylyk*+ indererin: öldürmek üçin gylyjy, jesetlerini süýremek üçin itleri, iýip ýok etmek üçin ýyrtyjy guşlary we wagşy haýwanlary ibererin+.  Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işleri+ sebäpli halky agyr hala salaryn. Ýer ýüzüniň halklary olary görüp gorkarlar+.   Iýerusalim, kimiň saňa ýüregi awar?Kimiň saňa haýpy geler?Kim hal⁠-⁠ýagdaýyňy soramaga barar?“   Ýehowa şeýle diýýär: „Sen meni terk etdiň+, Menden ýüz öwürdiň*+. Şonuň üçin güýçli golum bilen seni ýok ederin+. Saňa rehim etmekden ýadadym.   Men olary şäherlerde* çarşak* bilen ýele sowraryn. Çagalaryny öldürerin+, Halkymy ýok ederin.Sebäbi olar ýollaryndan yzyna dolanmadylar+.   Dul aýallaryny deňziň çägelerinden hem köp ederin. Günortan çagy ejesiniň,Oglunyň üstüne heläkleýjini ibererin. Olara duýdansyz howp abanar we gorky gaplap alar.   Ýedi çagany dogran aýal indi tapdan düşdi.Ol zordan dem alýar. Güneşi gündiziň güni batyp,Utanja goýdy, masgara etdi*. Olaryň sanlyjasy aman galsa⁠-⁠da,Duşman gylyjy bilen gyraryn“. Muny Ýehowa aýdýar»+. 10  Waý halyma! Ejem jan, meni näme üçin dünýä inderdiň?+Il⁠-⁠gün meniň bilen dawa edýär. Men hiç kime karz bermedim, hiç kimden karz almadym.Emma adamlaryň bary meni näletleýär. 11  Ýehowa şeýle diýýär: «Saňa hemaýat ederin,Agyr we aladaly günüňde ýardam ederin.Duşmanlaryň üstüňe gelende seni goldaryn. 12  Kim misi we demri bölek⁠-⁠bölek edip biler?Demirgazykdan getirilen demri kim döwüp biler? 13  Tutuş ýurtda eden günäleriňiz sebäpli,Mal⁠-⁠mülküňizi, hazynaňyzy talaňçylara bererin+. 14  Baýlygyňyzy duşman eline bererin,Mal⁠-⁠mülküňizi ýat ýurtlara alyp giderler+. Sebäbi gaharym ot bolup ýanýar,Size garşy tutaşýar»+. 15  Eý Ýehowa, meniň gaýgy⁠-⁠hasratymy bilýärsiň,Meni ýatla, maňa nazar sal. Duşmanlarymdan arymy al+. Olara geçirimlilik etme, ýogsam janymy alarlar. Seniň üçin kemsitmelere döz gelýändigimi bil+. 16  Sözleriňi eşidenimde kalbyma saldym*+.Sözüň maňa şatlyk berdi, ýüregim begençden doldy.Serkerdebaşy Ýehowa, men seniň adyňy göterýärin! 17  Keýpi⁠-⁠sapada ýaşaýanlar bilen oturmaýaryn+. Men ýeke başyma oturýaryn, sebäbi eliňi üstüme goýduň,Olaryň erbet işlerini görkezdiň, gahar⁠-⁠gazaba mündüm+. 18  Keselim ötüşdi, sagalyp bilemok. Derdime derman tapylanok, Sen meniň üçin gurap galanSuwsuz guýy bolduňmy? 19  Ýehowa şeýle diýýär: «Eger maňa dolansaň, seni ýene dikelderin,Ýene⁠-⁠de huzurymda durarsyň. Gymmatly zady biderek zatdan tapawutlandyryp bilseň,Meniň wekilim* bolarsyň. Olar seni diňlemeli bolarlar,Emma sen olary diňlemersiň». 20  «Men seni mis diwar kimin ederin+. Halk saňa garşy söweşer,Ýöne ýeňip bilmezler+.Sebäbi men seniň bilen bolaryn,Seni goraryn, halas ederin — muny Ýehowa aýdýar. 21  Seni erbetleriň elinden halas ederin,Zalymlaryň penjesinden azat ederin».

Çykgytlar

Başga manysy: dört sany höküm.
Başga manysy: Yzyňa ýörediň.
Ýa⁠-⁠da: ýabak.
Sözme⁠-⁠söz: ýurduň derwezelerinde.
Başga manysy: Güneşi utanja galdy we masgara boldy.
Sözme⁠-⁠söz: Sözleriňi tapamda, olary iýdim.
Sözme⁠-⁠söz: agzym.