Ýermeýa 28:1—17

  • Ýermeýa we ýalan pygamber Hananýa (1—17)

28  Şol ýyl Ýahuda patyşasy Sadykýaryň+ hökümdarlygynyň başynda, ýagny dördünji ýylynyň bäşinji aýynda gibgonly+ Azuryň ogly Hananýa pygamber Ýehowanyň öýünde, ruhanylaryň we halkyň öňünde şeýle diýdi:  «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men Wawilon patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin+.  Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň Ýehowanyň öýünden Wawilona alyp giden gap⁠-⁠gaçlaryny iki ýylyň içinde yzyna getirerin+.  Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň+ ogly Ýehonýany+ we Ýahudadan Wawilona sürgün edilenleri⁠-⁠de+ yzyna getirerin. Men Wawilon patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Ýehowa aýdýar».  Ýermeýa pygamber Ýehowanyň öýüne gelen jemagatyň we ruhanylaryň öňünde Hananýa pygambere şeýle jogap berdi:  «Goý, Ýehowa şeýle etsin! Omyn!* Agzyňdan Hudaý eşitsin! Ýehowa sürgün edilen halky we Ýehowanyň öýüniň gap⁠-⁠gaçlaryny Wawilondan yzyna getirsin.  Indi bolsa saňa we halka aýtjak sözlerimi diňle.  Senem, menem dünýä inmänkäk, gadymy döwürlerde ýaşan pygamberler hem köp ýurtlaryň, beýik patyşalyklaryň üstüne urşuň, betbagtçylygyň we merginiň injekdigi barada pygamberlik edipdiler.  Eger bir pygamber parahatlygyň boljakdygyny aýtsa we onuň aýdan sözi ýerine ýetse, ol Ýehowanyň iberen pygamberidir». 10  Şonda Hananýa pygamber Ýermeýanyň boýnundaky boýuntyrygy çykaryp döwdi+. 11  Hananýa halkyň öňünde: «Ýehowa şeýle aýdýar: „Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň ähli halklara dakan boýuntyrygyny iki ýylyň içinde şeýdip döwerin“»+ diýdi. Ýermeýa pygamber bolsa çykyp gitdi. 12  Hananýa pygamber Ýermeýanyň boýnundaky boýuntyrygyny çykaryp döwenden soňra, Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 13  «Hananýanyň ýanyna baryp, Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Sen agaç boýuntyrygy döwdüň+, indi demir boýuntyryk ýasarsyň“. 14  Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ähli milletleriň boýnuna demir boýuntyryk dakaryn. Olaryň ählisi Wawilon patyşasy Nawuhodonosora gulluk eder+, ýabany haýwanlary hem onuň eline bererin“»+. 15  Ýermeýa pygamber Hananýa+ şeýle diýdi: «Hananýa, ýalbarýaryn, maňa gulak as! Seni Ýehowa ibermedi. Ýöne sen halky ýalan sözleriňe ynandyrdyň+. 16  Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni ýer ýüzünden ýok ederin. Sen şu ýylyň içinde ölersiň. Sebäbi halky Ýehowa garşy aýaga galdyrdyň“»+. 17  Hananýa pygamber şol ýylyň ýedinji aýynda aradan çykdy.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Goý, şeýle bolsun!