Ýermeýa 35:1—19

  • Göreldeli rehaplar (1—19)

35  Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ günlerinde Ýehowa Ýermeýa pygambere şeýle diýdi:  «Rehaplaryň+ öýüne bar⁠-⁠da, olar bilen gepleş. Olary Ýehowanyň öýündäki naharhanalaryň birine getirip, içmäge şerap ber».  Men Habasynýanyň agtygy, Ýermeýanyň ogly Ýazanýany, onuň doganlaryny, ähli ogullaryny we Rehabyň kowumyny  Ýehowanyň öýüne çagyrdym. Men olary hak Hudaýyň guly bolan Ygdalýanyň ogly Hanan ogullarynyň naharhanasyna alyp bardym. Ol otag hanlaryň naharhanasynyň gapdalyndady. Hanlaryň naharhanasy bolsa gapy garawuly Şalumyň ogly Maseýanyň naharhanasynyň ýokarsynda ýerleşýärdi.  Men şerapdan doly käseleri we bulgurlary rehaplara uzadyp: «Içiň» diýdim.  Emma olar şeýle jogap berdiler: «Biz şerap içmeris. Sebäbi atamyz Rehabyň ogly Ýehonadap*+ bize şeýle tabşyryk berdi: „Sizem, ogullaryňyzam hiç haçan şerap içmeli dälsiňiz.  Jaýlar gurmaň, tohum sepmäň, ekin ekmäň, üzüm nahallaryny oturtmaň, üzümçiligiňiz bolmasyn. Siz hemişe çadyrlarda ýaşamalysyňyz, şonda gelmişek bolup ýaşan ýurduňyzda uzak ömür sürersiňiz“.  Biz atamyz Rehabyň ogly Ýehonadabyň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetirýäris. Biziň özümiz⁠-⁠de, aýallarymyz⁠-⁠da, ogul⁠-⁠gyzlarymyz⁠-⁠da hiç wagt şerap içmedik.  Biz ýaşamak üçin jaýlar gurmadyk, biziň ne üzümçiligimiz, ne mellegimiz, ne⁠-⁠de tohumymyz bar. 10  Biz çadyrlarda ýaşaýarys we atamyz Ýehonadabyň tabşyran ähli sözlerini ýerine ýetirýäris. 11  Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* ýurdumyza çozanda+: „Ýörüň, Iýerusalime gideliň. Haldeýleriň we siriýalylaryň goşunlaryndan gaçyp, halas bolalyň“ diýdik. Şondan bäri biz Iýerusalimde ýaşaýarys». 12  Ýehowa Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: 13  «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Git⁠-⁠de, ýahuda halkyna, Iýerusalim ilatyna şeýle diý: „Men size: „Maňa gulak asyň“ diýip, gaýta⁠-⁠gaýta aýtmadymmy?+ — Muny Ýehowa aýdýar. 14  — Rehabyň ogly Ýehonadap öz nesline şerap içmäň diýip tabşyrdy. Olar şu güne çenli atasynyň sözünden çykman, şerap içmeýärler+. Emma men size gaýta⁠-⁠gaýta* aýtsam⁠-⁠da, siz maňa gulak asmadyňyz+. 15  Men size pygamberlerimi gaýta⁠-⁠gaýta* iberip+: „Zalym ýoluňyzdan dönüň+, dogry işleri ediň. Başga taňrylara çokunmaň, olara sežde etmäň, şonda ata⁠-⁠babalaryňyza we size beren ýurdumda uzak ömür sürersiňiz“+ diýdim. Ýöne siz meni diňlemediňiz, maňa gulak asmadyňyz. 16  Rehabyň ogly Ýehonadabyň nesli atasynyň tabşyrygyny ýerine ýetirýär+. Emma halkym meni diňlemeýär“. 17  Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men aýdyşym ýaly, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatynyň üstüne betbagtçylyk indererin+. Men olara aýtsam⁠-⁠da, diňlemediler, çagyrsam⁠-⁠da, jogap bermediler“»+. 18  Ýermeýa pygamber rehaplara diýdi: «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ataňyz Ýehonadaba gulak asandygyňyz, onuň ähli tabşyryklaryny ýerine ýetirip, aýdan sözünden çykmandygyňyz üçin, 19  Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Rehabyň ogly Ýehonadabyň nesli hemişe huzurymda hyzmat eder“».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ýonadap. Ýehonadap adyň gysga görnüşi.
Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.
Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.
Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.