Ýermeýa 4:1—31
4 Ýehowa şeýle diýýär: «Maňa dolan, eý Ysraýyl!Eger maňa dolansaň,Nejis butlaryňy huzurymdan aýyrsaň,Sergezdan bolup ýörmersiň+.
2 Eger hakykatda, adyllykda, dogrulykda,„Ýehowa diri şaýatdyr!“ diýip ant içseň,Halklar Alladan bereket alarlar.Onuň işlerine buýsanarlar»+.
3 Ýehowa Iýerusalim we ýahuda halkyna şeýle diýýär:
«Mellegiňizi sürüň,Tikenekleriň arasyna tohum sepmäň+.
4 Eý ýahuda halky, Iýerusalim ilaty!Ýüregiňizi sünnetläň,Ýehowa üçin sünnetleniň!+Ýogsam zalym işleriňiz üçin gaharym ot kimin tutaşar,Gazap odumy hiç kim söndürip bilmez»+.
5 Ýahudada jar çekiň, Iýerusalimde yglan ediň,
Batly gygyryň, bütin ýurtda surnaý çalyň!+
Gygyryp şeýle diýiň: «Jem boluň,Galalara gaçyň!+
6 Siona gidýän ýol belgisini goýuň,
Boş durmaň, gaçybatalga gözläň».
Men demirgazykdan betbagtçylyk+,Uly gyrgynçylyk getirerin.
7 Tokaýdan çykan arslan kimin+,Halklary ýok etjek duşman peýda boldy+.
Ol ýurduňyzy gorkunç hala salmak üçin çykdy.
Şäherleriňiz weýran bolar, hiç kim galmaz+.
8 Şonuň üçin jul* geýiň+,Gursagyňyza urup aglaň.Sebäbi Ýehowa gahar-gazabyny bizden sowmady.
9 Ýehowa şeýle diýýär: «Şol gün patyşanyň-da,Han-begleriň-de ýüregi howsala düşer+,Ruhanylar gorkarlar, pygamberler aňk bolarlar»+.
10 Şonda men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa! Sen: „Parahat ýaşarsyňyz!“+ diýip, halkyňy we Iýerusalimi aldadyň+. Ine, gylyç bokurdagymyza direlip dur» diýdim.
11 Şonda halka we Iýerusalime şeýle diýerler:
«Baýyrlardan gyzgyn ýel,Halkymyň gyzynyň* üstüne öwser.Ol ýel bugdaý sowurmak ýa-da arassalamak üçin öwüsmez.
12 Güýçli ýel meniň emrim bilen öwser,
Indi olara garşy hökümlerimi yglan ederin.
13 Duşman gara bulutlar kimin,Söweş arabalary apy-tupan kimin geler+.
Olaryň atlary bürgütlerden ýyndamdyr+.
Waý halymyza, indi heläk bolarys!
14 Ýüregiňi erbetlikden tämizle,Eý Iýerusalim, şonda halas bolarsyň+.
Haçana çenli erbetlik hakda pikirlenjek?
15 Dandan ses eşidiler+,Efraýym daglarynda betbagtçylyk habary yglan ediler.
16 Muny halklara jar çekiň,Iýerusalim iline habar beriň».
«Uzak ýurtdan içalylar* geler,Olar Ýahuda şäherlerine batly ses bilenUruş yglan ederler.
17 Ekin meýdanyny goraýan daýhanlar ýaly,Onuň daş-töweregini gabarlar+.Sebäbi ol gozgalaň turuzdy+ — muny Ýehowa aýdýar.
18 Saýlan ýollaryňa, eden işleriňe görä jeza alarsyň,
Başyňa uly betbagtçylyk iner+,Sebäbi dönüklik ýüregiňde kök urandyr».
19 Wah janym*, wah janym!
Köňlüm gan aglaýar,
Ýüregim para-para bolýar!
Men dymyp bilmedim,Sebäbi surnaý sesini,Söweş* sesini eşitdim+.
20 Yzly-yzyna betbagtçylyk habary geldi,Bütin ýurt weýran boldy.
Çadyrlarym göz açyp-ýumasy salymda ýykyldy,Matalary bir demde ýyrtyldy+.
21 Siona gidýän ýol belgisi haçana çenli durar?Haçana çenli surnaý çalnar?+
22 «Akylsyz halkym+Maňa hormat goýmaýar.
Olar akmak, düşünjesiz çaga kimindir.
Erbetlik etmäge ökdedir,Ýagşylyk etmegi başarýan däldir».
23 Ýurda seretdim, boşluk we gum-guklukdy+.
Asmana bakdym, tüm-garaňkylykdy+.
24 Seretdim, daglar titredi,Depeler sandyrady+.
25 Seretdim, janly-jemende ýokdy,Asman guşlarynyň birem ýokdy+.
26 Ýene seretdim, bag-bakjalar çöle öwrülipdir,Şäherleri weýran bolupdyr+.
Ýehowa bularyň barynyGahar-gazap bilen etdi.
27 Ýehowa şeýle diýýär: «Tutuş ýurt haraba döner+,Emma ony doly ýok etmerin.
28 Şol sebäpli ýurt ahy-nala çeker+,Asman tüm-garaňky bolar+.
Muny men aýtdym, men höküm çykardym.Pikirimi üýtgetmerin*, niýetimden dänmerin+.
29 Atlylaryň, ýaýçylaryň sesindenŞäheriň ähli halky gaçar+.
Olar jeňňellerde gizlener,Gaýalaryň arasynda bukular+.
Şäherler boşap galar,Olarda hiç kim ýaşamaz».
30 Sen weýran edildiň, indi näme edersiň?
Gyrmyzy köýnek geýerdiň,Altyn şaý-sepler dakynardyň,Gözüňe sürme çalardyň.
Emma özüňi biderek ýere bezediň+.Saňa aşyk bolanlar, indi seni taşladylar,Janyň kastyna çykdylar+.
31 Men Sion gyzynyň sesini eşitdim.Ol burgusy tutýan aýal ýaly zaryn-zaryn aglaýardy,Ilkinji çagasyny dogurýan gelin ýaly zordan dem alýardy.
Ol ellerini uzadyp+:
«Waý halyma! Ganhorlardan bizar boldum!» diýdi.
Çykgytlar
^ Bu şahyrana jümle duýgudaşlygy görkezýän bolmaly.
^ Ýa-da: garawullar.
^ Sözme-söz: içegelerim.
^ Başga manysy: Hüjüm edýänleriň.
^ Ýa-da: Ökünmerin.