Ýermeýa 44:1—30
44 Müsür ýurdundaky+ Migdolda+, Tahpanesde+, Nopda*+, Patrosda+ ýaşaýan ýehudylar barada Hudaý Ýermeýa pygambere şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Siz Iýerusalimiň we Ýahuda galalarynyň başyna inderen betbagtçylygymy gördüňiz+. Häzir tutuş ýurt janly-jemendesiz haraba bolup ýatyr+.
3 Sebäbi olar zalym işleri edip, meni ynjatdylar; özleriniň we ata-babalarynyň tanamaýan taňrylaryna gurbanlyklar berip, gulluk etdiler+.
4 Men pygamberlerimi gaýta-gaýta* iberip: „Meniň ýigrenýän nejis işlerimi etmäň“+ diýdim.
5 Emma olar meni diňlemediler, gulak asmadylar, ýat taňrylara gurbanlyk berip, nejis işlerinden el çekmediler+.
6 Şonda gahar-gazabym tutaşyp, Ýahuda galalaryny, Iýerusalimiň köçelerini ýakyp kül etdim. Tutuş ýurt weýran bolup, haraba öwrüldi. Ol ýer häzirem şeýle ýagdaýda“+.
7 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Näme üçin başyňyza beýle betbagtçylyk indertjek bolýarsyňyz? Ýahudanyň ähli aýal-erkekleri, ogul-gyzlary gyrlar, hiç kim aman galmaz.
8 Müsür ýurdunda ýat taňrylara gurbanlyk berip, meni näme üçin ynjadýarsyňyz? Siz ýok edilersiňiz, ýer ýüzüniň milletleri size gargarlar, üstüňizden gülerler+.
9 Ata-babalaryňyzyň, Ýahuda patyşalarynyň+ we olaryň aýallarynyň+, özüňiziň hem aýallaryňyzyň Ýahudada, Iýerusalimiň köçelerinde eden erbet işlerini unutdyňyzmy?+
10 Şu güne çenli olar pälinden gaýtmadylar, menden gorkmadylar+. Olara we ata-babalaryna beren kada-kanunlarymy berjaý etmediler“+.
11 Şol sebäpli Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men siziň başyňyza betbagtçylyk inderip, tutuş Ýahudany ýok ederin.
12 Müsüre gidip ýaşamak islän Ýahudanyň aman galanlary meniň elimden gaçyp gutulmazlar. Olar Müsür ýurdunda ölerler+, başlaryndan gylyç iner, açlykdan heläk bolarlar. Olaryň uludan-kiçisi gylyçdan, açlykdan öler. Olary görenler gorkudan ýaňa sandyrarlar, näletlärler, ýaňsylarlar we gargarlar+.
13 Iýerusalimi gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyryşym ýaly, Müsüre ýaşamaga gidenleri hem jezalandyraryn+.
14 Müsüre ýaşamak üçin giden Ýahudanyň aman galanlary gaçyp gutulmaz, diri galmaz, Ýahuda dolanmaz. Olar yzyna gelip, watanynda ýaşamak islärler. Emma diňe az sanlysy yzyna dolanar“».
15 Aýallarynyň ýat taňrylara gurbanlyk berýändigini bilýän erkek adamlar, şol ýerde duran aýallar, Müsür ýurdunda+, Patrosda+ ýaşaýan adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler:
16 «Biz Ýehowanyň adyndan aýdan sözleriňi diňlemeris.
17 Biz sözümizde durup, Asman melikesine* gurbanlyklar, şerap sadakalaryny bereris+. Biziň özümizem, ata-babalarymyzam, patyşalarymyzam, han-beglerimizem Ýahuda galalarynda we Iýerusalimiň köçelerinde şeýle ederdik. Şol günler biz baý ýaşaýardyk, zada zar däldik, ýamanlyk ýüzüni görmeýärdik.
18 Asman melikesine gurbanlyklary, şerap sadakalary bermegimizi bes eden günümizden bäri hor-homsy ýaşaýarys, gylyçdan, açlykdan gözümiz açylmady».
19 Aýallar hem şeýle diýdiler: «Asman melikesine gurbanlyklary, şerap sadakalaryny berenimizde ärimizden soraman edendiris öýdýärsiňmi? Asman melikesiniň şekilinde sadaka çöreklerini bişirdik, şerap sadakalaryny hödürledik. Mundan ärimiz bihabardyr öýdýärsiňmi?»
20 Ýermeýa özüne jogap berenleriň ählisine, aýal-erkeklere we bütin halka şeýle diýdi:
21 «Ýehowa Ýahudanyň galalarynda, Iýerusalimiň köçelerinde+ siziň, ata-babalaryňyzyň, patyşalaryňyzyň, han-begleriňiziň we ülkäňizde ýaşaýan halkyň beren gurbanlyklaryny ýatlady, göz öňüne getirdi.
22 Edýän erbet işleriňizden, ýigrenji zatlaryňyzdan ýaňa Ýehowanyň sabyr käsesi doldy. Ýurduňyz haraba öwrüldi, janly-jemende galmady, ol ýer häzirem şeýle ýagdaýda. Ýurdy görenler gorkudan sandyraýarlar, näletleýärler+.
23 Gurbanlyklary berip, Ýehowa garşy günä etdiňiz. Ýehowanyň sözüne we duýduryşlaryna* gulak asmadyňyz, kada-kanunlaryny berjaý etmediňiz. Şonuň üçin betbagtçylyklar başyňyzdan indi. Muny özüňizem görýärsiňiz»+.
24 Soňra Ýermeýa pygamber tutuş halka we aýallara şeýle diýdi: «Müsürde ýaşaýan ýahuda halky, Ýehowanyň sözüni diňläň!
25 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Sizem, aýallaryňyzam beren sözüňizde durduňyz. Siz: „Asman melikesine gurbanlyklary, şerap sadakalaryny bereris+, wadamyzy berjaý ederis“ diýdiňiz. Eý aýallar, siz beren sözüňizde durarsyňyz, wadaňyzy hökman ýerine ýetirersiňiz“.
26 Müsürde ýaşaýan ýahuda halky, Ýehowanyň sözüni diňläň: „Ýehowa şeýle diýýär: „Beýik adymdan ant içýärin, tutuş Müsürde ýaşaýan ýahuda halkynyň hiç biri: „Älemiň Hökümdary Ýehowa diri şaýatdyr!“+ diýip, meniň adymdan ant içmez+.
27 Men olaryň başyna ýagşylyk däl-de, betbagtçylyk indermäge taýýar durun+. Müsürde ýaşaýan ýahuda halky gylyçdan, açlykdan ejir çekip gyrlar+.
28 Olaryň az sanlysy gylyçdan gaçyp, Müsürden Ýahuda ýurduna dolanarlar+. Müsüre ýaşamaga giden Ýahudanyň aman galanlary şonda kimiň sözüniň dogry çykandygyny bilerler.
29 Sizi şu ýurtda jezalandyrjakdygyma bir alamat bererin — muny Ýehowa aýdýar. — Şonda başyňyza betbagtçylyk inderjekdigim baradaky sözümiň ýerine ýetendigini bilersiňiz.
30 Ýahuda patyşasy Sadykýary duşmanynyň we janynyň kastyna çykan Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* eline berişim ýaly, Müsür faraony Hoprany hem duşmanlarynyň, janynyň kastyna çykanlaryň eline bererin“+. Muny Ýehowa aýdýar».
Çykgytlar
^ Ýa-da: Memfisde.
^ Sözme-söz: daň bilen turup.
^ Biwepa ysraýyllaryň sežde eden aýal taňrysy. Belki, hasyl taňrysy.
^ Ýa-da: ýatlatmalaryna.
^ Sözme-söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.