Ýermeýa 51:1—64

  • Wawilona garşy pygamberlik (1—64)

    • Midiýalylar Wawilony basyp alýar (8—12)

    • Kitap Ýewfrata zyňylýar (59—64)

51  Ýehowa şeýle diýýär: «Men Wawilona+ we Lebkamaýyň* ýaşaýjylaryna garşy,Apy⁠-⁠tupan turzaryn.   Wawilona galla sowurýan adamlary ýollaryn,Olar ýurdy sowrup, boşadyp taşlarlar,Başyna betbagtçylyk inen güniDumly⁠-⁠duşdan hüjüm ederler+.   Ýaýçylary ýaýyny çekip ýetişmez, Esgerleri sowudyny geýip ýetişmez. Ýigitlerine rehim etmäň+, Tutuş goşuny gyryp taşlaň.   Haldeýleriň ýurdunda jesetler,Köçelerinde agyr ýaralanan adamlar çaşyp ýatar+.   Ysraýyl bilen Ýahudanyň Hudaýy,Serkerdebaşy Ýehowa halkyny terk etmedi*+. Haldeý ýurdy bolsa Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň öňünde agyr günä etdi.   Janyňyzy gutarmak üçin,Wawilondan gaçyň+. Onuň günäleri üçin heläk bolmaň. Sebäbi Ýehowanyň ar aljak wagty geldi. Ol Wawilonyň almytyny berer+.   Wawilon Ýehowanyň elindäki altyn käsedir.Wawilon bütin dünýäni serhoş etdi. Halklar onuň şerabyndan içip+,Akyl⁠-⁠huşuny ýitirerler+.   Wawilon duýdansyz ýykylyp, weýran boldy+. Onuň üçin aglaň!+ Ýarasyna melhem tapyň, belki, ol sagalar».   «Biz Wawilony sagaltjak bolduk, emma ol gutulmady. Geliň, ol ýerden çykalyň, watanymyza dolanalyň+. Onuň höküme laýyk eden işleriGöklere, bulutlara çenli baryp ýetdi+. 10  Ýehowa biziň üçin adalaty dikeltdi+. Hudaýymyz Ýehowanyň işlerini Sionda yglan edeliň!»+ 11  «Oklary ýiteldiň+, galkanyňyzy ele alyň!* Ýehowa Midiýa patyşalarynyň ruhuny göterdi+,Sebäbi Hudaýyň niýeti Wawilony ýok etmekdir. Ýehowa özi üçin, ybadathanasy üçin ar alýar. 12  Wawilon diwarlarynyň garşysynda söweş tuguny dikiň+. Gözegçiligi güýçlendiriň, garawullary goýuň. Bukuda ýatanlar hem taýýar bolsunlar. Sebäbi Ýehowa niýetini,Wawilona garşy beren wadasyny amala aşyrar»+. 13  «Suwlaryň üstünde ýaşaýan+,Genji⁠-⁠hazyna eýe bolan zenan!+Seniň ahyryň geldi, haram gazanjyň soňy geldi+. 14  Serkerdebaşy Ýehowa öz adyndan ant içip:„Seniň üstüňe çekirtge sürüsi kimin adamlary çozduraryn.Olar seni ýeňip, şatlykdan ýaňa gygyryşarlar“+ diýdi. 15  Alla gudraty bilen Ýeri,Akyldarlygy bilen mes topragy ýaradandyr+,Düşünjesi bilen gök gümmezini ýaýandyr+. 16  Ol geplände,Gögüň suwlary joşýar,Ol bulutlary ýeriň dört künjeginden asmana galdyrýar. Ýyldyrym çakdyryp*, ýagyş ýagdyrýar,Ammarlaryny açyp, ýel öwüsdirýär+. 17  Bilimsiz adam akmaklyk edýär. Zergär ýasan oýma buty bilen masgara bolar+,Onuň guýma buty ýalandyr,Ol jansyzdyr+. 18  Olar biderekdir+, masgara bolar, Hasabat bermeli güni gelende hemmesi ýok ediler. 19  Ýakubyň Hudaýy* olara meňzeýän däldir.Ol ähli zada şekil berendir,Ysraýyl onuň arzyly mirasydyr*+, Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr»+. 20  «Sen golumdaky serdessäm*, söweş ýaragym,Seniň bilen halklary gyraryn, Patyşalyklary ýok ederin. 21  Seniň bilen aty hem çapyksuwaryny, Söweş arabasyny hem arabaçysyny gyraryn. 22  Seniň bilen erkekleri hem aýallary, Garrylary hem ýaşlary, Oglanlary hem gyzlary gyraryn. 23  Seniň bilen çopany hem sürüsini, Daýhany hem ýer sürýän mallaryny, Häkimleri hem baştutanlary gyraryn. 24  Siziň gözüňiziň alnynda Sionda eden zalymlyklary üçin,Wawilon bilen Haldeýiň ähli ilatynyň eden erbet işleri üçin almytyny bererin+ — muny Ýehowa aýdýar. 25  Eý dag, sen weýran edýärsiň, ýöne saňa garşy çykaryn+,Sen bütin dünýäni ýykan⁠-⁠ýumran etdiň+. Elimi saňa garşy uzadyp, seni gaýadan aşak togalaryn,Garaköýük bolan daga öwrerin — muny Ýehowa aýdýar. 26  Adamlar senden burça goýmak üçin,Binanyň düýbüni tutmak üçin daş* almazlar,Sebäbi sen ebedilik çöle dönersiň»+. Muny Ýehowa aýdýar. 27  «Ýurtda söweş tuguny dikiň+, Halklaryň arasynda surnaý çalyň. Olary Wawilona garşy söweşmäge taýýarlaň, Ararat+, Minni we Aşkenaz+ patyşalyklaryny çagyryň. Oňa garşy çykjak serkerdeleri belläň. Çekirtge sürüsi kimin atlary olaryň üstüne çapdyryň. 28  Halklary, Midiýa patyşalaryny+,Häkimlerini, baştutanlary,Olaryň golastyndaky ähli ýurtlary,Oňa garşy söweşmäge taýýarlaň. 29  Ýer titräp, lerzana geler,Wawilon ýurdy elhenç hala düşüp, ilatsyz galar+,Sebäbi Ýehowanyň Wawilona garşy niýeti amala aşar. 30  Wawilonyň batyr ýigitleri söweşe çykmadylar. Galalarynda oturdylar. Olarda ysgyn⁠-⁠mydar galman+, Aýal ýaly ejizlediler+. Olaryň öýlerini ýakdylar. Derwezeleriniň kiltlerini döwdüler+. 31  Çapar üstüne çapar, habarçy üstüne habarçy ylgaşyp,Şähere her tarapdan hüjüm edilendiginiWawilon patyşasyna habar berýärler+. 32  Derýanyň ýalpak ýerleri ele salyndy+,Gamyş gaýyklary oda ýakyldy,Esgerleri gorkup sandyraýar». 33  Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Wawilon gyzy harmana meňzär, Onuň döwülmeli wagty geldi. Tizden orulmaly möwsümi geler». 34  «Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* meni ýuwutdy+.Ol meni aldym⁠-⁠berdime saldy. Meni boş küýze kimin taşlady. Uly ýylan kimin ýuwutdy+. Garnyny näz⁠-⁠nygmatdan doýrup,Meni zyňyp taşlady. 35  Sionyň ilaty diýýär:„Maňa edilen zorluk⁠-⁠sütem Wawilonyň başyna gelsin!“+ Iýerusalim diýýär: „Meniň ganym Haldeýden soralsyn!“» 36  Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär: «Men arz⁠-⁠şikaýatyňa serederin+,Seniň üçin ar alaryn+. Men onuň deňzini, guýularyny guradaryn+. 37  Wawilony harabaçylyga+,Şagallaryň sürenine öwrerin+,Elhenç hala düşürerin, adamlar oňa bakyp sykylyk çalar*,Indi ol ýerde hiç kim ýaşamaz+. 38  Olaryň ählisi ýaş arslan kimin arlar, Arslan çagasy kimin hyrlar. 39  Işdäleri açylanda, meýlis gurnap, olary serhoş ederin,Keýpleri kök bolar+,Soňra ebedilik uka gidip,Hiç haçan oýanmazlar+ — muny Ýehowa aýdýar. 40  Olary guzular,Goçlar we geçiler ýaly soýmaga getirerin». 41  «Şeşak* basylyp alyndy!+Bütin ýer ýüzüniň şöhratly şäheri ele salyndy!+ Halklaryň arasynda Wawilon elhenç hala düşdi! 42  Deňiz joşup Wawilonyň üstüni basdy, Tolkunlar ony örtdi. 43  Şäherleri gorkunç hala düşdi, takrap ýatan çöle döndi, Ol ýerde hiç kim ýaşamaz, hiç bir ynsan geçmez+. 44  Men Wawilonyň Bel taňrysyny jezalandyraryn+,Ýalmap⁠-⁠ýuwudanlaryny gusduraryn+. Wawilonyň diwary ýykylar+,Indi halklar oňa tarap eňmezler. 45  Eý halkym, onuň içinden çykyň!+ Ýehowa gazap donuny geýdi+, janyňyzy gutaryň!+ 46  Ýurtda eşidiljek habardan gorkup, howsala düşmäň. Şu ýyl bir habar geler,Soňky ýyl başga habar eşidiler,Ýurtda zorluk höküm sürer,Bir hökümdar başga hökümdara garşy çykar. 47  Şeýle bir günler geler,Men Wawilonyň oýma butlaryny weýran ederin. Tutuş ýurt masgara bolar,Olaryň jesetleri ýurtda çaşyp ýatar+. 48  Asman, ýer we olardaky ähli zatlarWawilonyň ýykylanyny görüp, şatlanyp gygyryşarlar+,Sebäbi demirgazykdan duşmanlar gelip, hüjüm ederler»+.Muny Ýehowa aýdýar. 49  «Wawilon diňe bir Ysraýylyň ganyna galmady+,Wawilonda bütin dünýäniň milletleri öldürildi. 50  Eý gylyçdan gutulanlar, durmaň, gaçyň!+ Alyslarda Ýehowany ýatlaň,Iýerusalim hakda oýlanyň»+. 51  «Bizi ýaňsyladylar, masgara bolduk,Ýüzügara bolduk. Sebäbi ýat ýurtdan gelenlerÝehowanyň öýüniň mukaddes otaglaryna girdiler»+. 52  «Şeýle bir günler geler,Men Wawilonyň oýma butlaryny weýran ederin.Tutuş ýurtda ýaraly adamlar iňňildäp ýatarlar»+.Muny Ýehowa aýdýar. 53  «Wawilon arşa galsa⁠-⁠da+,Beýik diwarlaryny berkitse⁠-⁠de,Onuň üstüne duşmanlaryny çozduraryn»+.Muny Ýehowa aýdýar. 54  «Diňläň! Wawilondan perýat sesi gelýär+,Haldeýleriň ýurdundan weýrançylyk sesi eşidilýär+. 55  Ýehowa Wawilony weýran eder,Ol Wawilonyň batly sesine suw seper.Duşmanlarynyň joşgunly sesi deňiz tolkunlary deý güwlär. Goh⁠-⁠galmagaly eşidiler. 56  Wawilonyň üstüne duşmanlar geler+,Onuň esgerleri ýesir düşer+,Ýaýlary döwler,Sebäbi Ýehowa ar alýan Hudaýdyr+. Olaryň edenlerine görä almytyny berer+. 57  Men olaryň han⁠-⁠beglerini, akyldarlaryny,Häkimlerini, baştutanlaryny we esgerlerini serhoş ederin+,Olar ebedilik uka gidip,Hiç haçan oýanmazlar»+. Muny Patyşa aýdýar.Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr. 58  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Wawilon diwarlary galyň bolsa⁠-⁠da,Ýer bilen ýegsan bolar+,Derwezeleri belent bolsa⁠-⁠da, otda ýakylar. Halklar biderek ýere zähmet çekerler,Milletler ýanyp gitjek zatlar üçin der döküp işlärler»+. 59  Ýahuda patyşasy Sadykýaryň hökümdarlygynyň dördünji ýylydy. Mahseýanyň agtygy, Nuryýaryň+ ogly Seraýa patyşanyň hojalyk işleri boýunça weziridi. Ol Sadykýar bilen Wawilona gaýdanda, Ýermeýa pygamber şeýle tabşyryk berdi. 60  Ýermeýa Wawilonyň başyna injek ähli betbagtçylyklary, Wawilona garşy aýdylan sözleri bir kitaba ýazdy. 61  Ol Seraýa şeýle diýdi: «Wawilona baranyňda, ähli sözleri batly ses bilen okap ber. 62  Soňra şeýle diý: „Eý Ýehowa, bu şäheriň ýok ediljekdigini, onda ynsanyň⁠-⁠da, haýwanyň⁠-⁠da ýaşamajakdygyny, ebedilik çöle öwrüljekdigini aýdypdyň“+. 63  Kitaby okap bolansoň, bir daşa daňyp, Ýewfrat derýasynyň ortasyna zyň. 64  Soňra olara şeýle diý: „Hudaýyň inderjek betbagtçylygyndan ýaňa Wawilon hem şeýle çöker welin, ol hiç haçan ýerinden galmaz+. Tutuş halky tapdan düşer“»+. Şunuň bilen Ýermeýanyň sözleri tamamlanýar.

Çykgytlar

Haldeýiň gizlin ady bolmagy mümkin.
Sözme⁠-⁠söz: dul galdyrmady.
Başga manysy: ok salynýan gabyňyzy dolduryň!
Başga manysy: Bentleri açyp.
Sözme⁠-⁠söz: Paýy.
Başga manysy: Ol hatda miras hasasyny hem ýaradandyr.
Sowuk ýarag hökmünde ulanylýan ujy ýogyn taýak.
Ýa⁠-⁠da: düýp daşyny. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.
Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
Wawilonyň gizlin ady bolmagy mümkin.