Ýermeýa 6:1—30

  • Iýerusalim tizden gabalar (1—9)

  • Ýehowa Iýerusalime gaharlanýar (10—21)

    • Parahatlyk bolmasa⁠-⁠da: «Parahatlyk!» diýýärler (14)

  • Demirgazykdan zalym halk gelýär (22—26)

  • Ýermeýa zergär ýaly halky arassalaýar (27—30)

6  Benýamin ogullary, Iýerusalimden çykyň,Gaçybatalgada gizleniň. Tekoýada+ surnaý çalyň+,Beýt⁠-⁠hakeremde ot ýakyp, duýduryş beriň! Sebäbi demirgazykdan betbagtçylyk, uly heläkçilik gelýär+.   Sion owadan we näzik gelne meňzeýär+.   Çopanlar sürüleri bilen gelip, Daş⁠-⁠töwereginde çadyrlaryny diker+.Olaryň hersi öz sürüsini bakar+.   «Iýerusalime garşy söweşe taýýarlanalyň! Aýaga galalyň, gündiziň günortany hüjüm edeliň!» «Waý halymyza! Gün ýaşyp barýar,Öýlänki kölege süýşüp barýar!»   «Turalyň, onuň üstüne gije çozalyň,Berk diňlerini weýran edeliň»+.   Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Agaçlary kesiň,Iýerusalimiň daşyna gabaw depesini galdyryň+. Şäherde diňe zalymlyk edilýär+,Şäher hasabat bermeli bolar.   Guýynyň sowuk suwdan doly bolşy ýaly,Şäher hem erbetlikden doludyr. Zalymlyk we weýrançylyk şäherde höküm sürýär+.Nirä seretsem, kesel we betbagt adamlary görýärin.   Eý Iýerusalim, akylyňa aýlan,Ýogsam seni ýigrenip, ýüz döndererin+.Seni haraba, ilatsyz ýurda öwrerin»+.   Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Üzümiň iň soňky salkymynyň ýygnalyşy ýaly,Duşmanlar hem Ysraýylyň aman galanlaryny ýygnarlar. Sen⁠-⁠de üzümi ýygnaýan adam ýaly, olary ýygna». 10  «Kime aýdaýyn? Kime duýduraýyn? Kim meni diňlär? Olaryň gulaklary gapyldy*, hiç zat eşitmeýärler+. Ýehowanyň sözünden şatlyk tapmaýarlar,Gaýtam sözüniň üstünden gülýärler+. 11  Ýehowa ýaly, menem gaharlanýaryn,Dymmakdan halys ýadadym»+. Hudaý maňa diýdi: «Gazabyňy köçedäki çagalaryň,Topar⁠-⁠topar bolup oturan ýaşlaryň üstüne dök+. Är⁠-⁠aýallar, ýaşulular we garrylar,Olaryň ählisi ýesir düşerler+. 12  Olaryň öýi, mellegi, aýallary başgalaryň eline berler+. Sebäbi men halka jeza bererin — muny Ýehowa aýdýar. 13  Olaryň uludan⁠-⁠kiçisine çenli haram gazanç edýärler+,Pygamberleri, ruhanylary hilegärlik edýärler+. 14  Halkymyň ýarasyny* çala bejerýärler.Hiç hili parahatlyk bolmasa⁠-⁠da: „Parahatlyk, parahatlyk!“ diýýärler+. 15  Olar ýigrenji işlerine utanýarlarmy? Asla utanmaýarlar, Utanç⁠-⁠haýany bilmeýärler+. Şonuň üçin olar ýykylanlaryň arasynda bolarlar, Men jeza berenimde büdrärler». Muny Ýehowa aýdýar. 16  Ýehowa şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup syn ediň. Gadymy ýodalary soraň,Haýsy ýoluň gowudygyny bilip, şondan ýöräň+,Janyňyz rahatlyk tapar». Emma olar: «Biz aýdan ýoluňdan ýöremeris» diýdiler+. 17  «Meniň bellän garawullarym+:„Surnaýyň sesine üns beriň!“+ diýip duýdurdylar». Halk bolsa: «Surnaýyň sesine üns bermeris» diýdiler+. 18  «Şonuň üçin diňläň, eý milletler! Eý adamlar,Iýerusalime näme boljagyny biliň. 19  Ýer ýüzi, diňläň! Men halkyň üstüne heläkçilik ibererin+,Guran duzaklaryna özlerini düşürerin.Sebäbi olar sözlerime üns bermediler,Kanunymdan* ýüz öwürdiler». 20  «Şebadan getiren ladanyňyzy*,Uzakdan getiren ýakymly ysly gamşyňyzy näme edeýin? Gurbanlyklaryňyz maňa ýaramaýar,Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin»+. 21  Ýehowa şeýle diýýär: «Halka badak ataryn*,Olar büdräp ýykylarlar.Atalar öz ogullary bilen,Goňşular öz ýakyny bilen heläk bolarlar»+. 22  Ýehowa şeýle diýýär: «Demirgazykdan bir halk geler,Ýeriň aňry ujundan bir beýik millet aýaga galar+. 23  Olaryň elinde naýza we ýaý bardyr, Zalym hem rehimsizdir, Sesleri deňziň güwwüldisi ýalydyr.Olar atlanyp gelýärler+. Sion gyzy, olar seniň üstüňeBir adam ýaly nyzama düzülip gelýärler». 24  Biz olar hakda eşitdik, Gollarymyzyň güýji gaçdy+.Gaýgy⁠-⁠alada üstümizden basdy,Çaga dogurýan aýal ýaly azap çekdik+. 25  Şäherden çykmaň,Ýollarda ýöremäň.Sebäbi duşman ýaraglydyr,Ähli ýer howpludyr. 26  Eý halkymyň gyzy,Jul* geýip+, kül üstünde otur. Ýeke perzendiň ýasyny tutýan ýaly zaryn⁠-⁠zaryn agla+,Sebäbi heläkleýji üstümize duýdansyz geler+. 27  «Zergäriň kümşi arassalaýşy ýaly, senem* halky arassala.Halkymy barla,Edýän işlerine ünsli seret. 28  Olaryň ählisi kesirdir+,Töhmet atyp gezýändir+. Ýürekleri mis hem demir ýaly gatandyr,Ählisi ýoldan çykandyr. 29  Zergär kümşi arassalamak üçin jan etdi,Hatda körükleri* ýanyp gitdi. Emma tagallasy biderek boldy, Otdan diňe gurşun çykdy+.Halkdan erbetleri aýryp bilmedi+. 30  Ýehowa hem olary taşlady+,Milletler olara „taşlanan kümüş“ diýerler».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: sünnetlenmedi.
Ýa⁠-⁠da: döwügini.
Ýa⁠-⁠da: Görkezmämden.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: büdredýän daş goýaryn.
Sözlüge serediň.
Ýagny Ýermeýa.
Zergärleriň metaly eretmek üçin ýel berip, kömri körükdirýän guraly.