1 Şamuwel 14:1—52
14 Bir gün Şawulyň ogly Ýonatan+ ýarag göterýän nökerine: «Ýör, beýleki tarapa geçip, piliştlileriň goşunyna baraly» diýdi. Emma ol kakasyna hiç zat aýtmady.
2 Şawul Gibeýanyň+ golaýyndaky Migronda nar agajynyň aşagynda otyrdy, ýanynda 600-e golaý nökeri bardy+.
3 Şol wagtlar Eýhabutyň+ agasy Ahytubyň+ ogly Ahyýar ruhany bolup hyzmat edýärdi*+. Ol Pinehasyň+ agtygy, Şiloda+ Ýehowanyň ruhanysy bolan Alynyň+ çowlugydy. Adamlar Ýonatanyň gideninden bihabardy.
4 Ýonatan piliştlileriň goşunyna barmak üçin geçelgeden geçjek boldy. Geçelgäniň her tarapynda iki sany kert gaýa bardy. Olaryň biriniň ady Boses, beýlekisiniňki Senady.
5 Gaýalar sütün ýaly bolup, biri demirgazykda Mikmaşa, beýlekisi günortada Geba+ bakyp durdy.
6 Ýonatan nökerine: «Ýör, beýleki tarapa geçip, sünnetsizleriň+ düşelgesine baraly. Belki, Ýehowa olary elimize berer, sebäbi köp bolsak-da, az bolsak-da+, Ýehowa ýeňiş berjek bolsa, oňa hiç zat päsgel berip bilmez» diýdi.
7 Nöker: «Lepbeý, agam, nirä gitseňem, men seniň bilen» diýip jogap berdi.
8 Şonda Ýonatan: «Ýör, piliştliler tarapa geçip, olaryň göräýjek ýerinde duraly.
9 Olar bize: „Barynçak, gymyldamaň!“ diýse, şol ýerde garaşyp durarys.
10 Ýöne: „Hany, bärik geliň!“ diýseler, dessine hüjüme geçeris. Şol bize alamat bolar, Ýehowa olary elimize berjekdir»+ diýdi.
11 Olaryň ikisi piliştlileriň düşelgesiniň golaýyna baryp, görünäýjek ýerde durdular. Piliştliler: «Serediň! Ýewreýler gizlenen çukurlaryndan çykyp başladylar»+ diýişdiler.
12 Olar Ýonatan bilen nökerine: «Hany, geliň, size gowuja sapak bereli!»+ diýip gygyrdylar. Şonda Ýonatan nökerine: «Yzymdan galma, Ýehowa olary Ysraýylyň eline berer»+ diýdi.
13 Soňra ol gaýa dyrmaşyp başlady, nökeri hem yzyndady. Ýonatan piliştlileri birýandan gyryp ugrady, ölmän galanlary bolsa yzyndaky nökeri öldürýärdi.
14 Ýonatan bilen nökeri birinji hüjümde sähel aralykda* 20-ä golaý adamy öldürdi.
15 Sakçylary we düşelgedäki ähli esgerleri aýylganç gorky gaplap aldy. Ysraýyllaryň üstüne çozmaga iberilen esgerlerem+ gorkudan ýaňa sandyraşýardy. Soňra ýer titräp başlady, Hudaý piliştlileri aljyratdy.
16 Şawul Benýamin topragynda ýerleşýän Gibeýada+ garawullary goýupdy, olar duşman düşelgesinde galagoplygyň turanyny gördüler+.
17 Şawul nökerlerine: «Adamlary sanaň-da, kimiň ýokdugyny biliň» diýdi. Sanap görseler, Ýonatan bilen ýarag göterýän nökeri ýok.
18 Şawul Ahyýar+ ruhana: «Hak Hudaýyň äht sandygyny getir» diýdi. Şol wagtlar* hak Hudaýyň äht sandygy ysraýyllardady.
19 Şawul heniz ruhany bilen gepleşip durka, piliştlileriň düşelgesindäki galagoplyk has-da güýjedi. Şawul Ahyýar ruhana: «Hany, entek dur*» diýdi-de,
20 ähli nökerlerini ýygnap, söweşmäge gitdi. Baryp görseler, piliştliler aljyraňňylyga düşüp, bir-birini gylyçdan geçiripdir.
21 Öň piliştlileriň tarapyna geçip, düşelgesinde bolýan ýewreýler hem Şawul bilen Ýonatanyň ýanyndaky ysraýyllara goşuldylar.
22 Efraýymyň daglarynda gizlenen adamlar+ piliştlileriň gaçanyny eşidip, esgerlere goşuldylar we duşmany kowalap başladylar.
23 Şol gün Ýehowa Ysraýyly halas etdi+, söweş Beýtawene+ çenli ýetdi.
24 Şol gün Şawul: «Duşmanlardan ar alýançam, agşama çenli çörek iýene nälet bolsun!» diýip, esgerlere ant içiripdi. Esgerleriň hiç biri duz datmandy, şonuň üçin ählisi ysgyndan gaçypdy+.
25 Tutuş goşun tokaýa geldi. Tokaýda ary baly köpdi.
26 Esgerler ýere damyp duran baly gördüler, emma ant içendikleri üçin baldan datmadylar.
27 Ýonatan bolsa kakasynyň esgerlere ant içirendigini bilmeýärdi+. Ol taýagynyň ujuny bala batyryp, datdy welin, gözi ýerine gelen ýaly boldy.
28 Esgerleriň biri: «Kakaň: „Şu gün çörek iýene nälet bolsun!“ diýip ant içirdi+, şonuň üçin esgerleriň ysgyn-mydary galmady» diýdi.
29 Şonda Ýonatan: «Kakam esgerleri beýdip kösemeli däl eken. Men-ä baldan datdym welin, gözüm ýerine geläýdi.
30 Esgerler oljadan iýen bolsa gowy bolardy+. Şonda piliştlileriň ählisini gyrardyk» diýdi.
31 Şol gün ysraýyllar piliştlileri Mikmaşdan Aýalona+ çenli gyrdylar. Esgerler halys ýadapdy.
32 Olar hasyr-husur oljalaryna ýapyşyp, goýunlary, sygyrlary, göleleri duran ýerinde soýup, gany bilen iýip başladylar+.
33 Şawula: «Esgerler eti gany bilen iýip, Ýehowa garşy günä edýär» diýip habar berdiler+. Şonda ol: «Siz dönüklik etdiňiz. Derrew bir uly daşy togalap getiriň!» diýdi.
34 Soňra: «Gidiň-de, esgerlere aýdyň, öküzleri, goýunlary şu daşyň üstünde soýsunlar. Eti gany bilen iýip, Ýehowa garşy günä etmesinler» diýip buýruk berdi+. Şol gije her kim öküzini getirip, şol ýerde soýdy.
35 Şawul bolsa Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny*+ gurdy. Ol ilkinji gezek Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurupdy.
36 Biraz wagtdan Şawul: «Gije piliştlileriň üstüne çozup, daň atýança talalyň, birini-de diri galdyrmalyň» diýdi. Esgerler: «Goý, aýdyşyň ýaly bolsun!» diýdiler. Ruhany bolsa: «Geliň, hak Hudaýdan sorap göreliň»+ diýdi.
37 Şawul Hudaýdan: «Piliştlileriň üstüne çozaýynmy? Olary Ysraýylyň eline berermiň?» diýip sorady+. Emma şol gün Hudaý jogap bermedi.
38 Şonda Şawul: «Halkyň baştutanlary ýanyma ýygnansyn. Kimiň günä edenini bileliň.
39 Ysraýyly halas eden Ýehowa diri şaýatdyr, hatda oglum Ýonatan günä eden bolsa-da, hökman öldüriler» diýdi. Ýöne hiç kimden ses çykmady.
40 Soňra ol adamlara: «Siz bir tarapda, menem oglum Ýonatan bilen beýleki tarapda duraýyn» diýdi. Olar hem: «Bolýar» diýdiler.
41 Şawul Ýehowa ýüzlenip: «Eý Ysraýyl Hudaýy, tummym*+ arkaly jogap ber!» diýdi. Atylan bije Ýonatan bilen Şawula düşdi. Şonda halk gyra çekildi.
42 Şawul: «Indi oglum Ýonatan ikimize bije atyň»+ diýdi. Bije Ýonatana düşdi.
43 Şawul ondan: «Hany aýt, sen näme etdiň?» diýip sorady. Ýonatan: «Bar eden zadym taýagymyň ujuny batyryp, bal datdym+. Ine men, ölmeli bolsam öldüriň!» diýdi.
44 Şawul bolsa: «Ýonatan, seni öldürmesem, goý, Hudaý maňa has beterini görkezsin»+ diýdi.
45 Emma adamlar: «O diýeniň-ä bolmaz! Näme, indi Ysraýyla ýeňiş getiren Ýonatan ölmelimi?+ Ýehowa diri şaýatdyr, Ýonatanyň saçynyň ýekeje tary hem gaçmaz. Hudaý onuň ähli işini oňuna etdi ahyryn»+ diýdiler. Şeýdip, olar Ýonatany ölümden alyp galdylar.
46 Şawul piliştlileri yzarlamagyny goýdy, olar hem ýurduna dolandy.
47 Şawul Ysraýylda hökümdarlygyny has-da berkidip, daş-töwerekdäki duşmanlar, ýagny mowaplar+, ammonlar+, edomlylar+, piliştliler+ we Soba+ şalary bilen söweşdi. Ol baran ýerinde ýeňiş gazanýardy.
48 Mertlerçe söweşip, amalekleri+ derbi-dagyn etdi we Ysraýyly talaňçylaryň elinden gutardy.
49 Şawulyň Ýonatan, Ýişwi, Mälikşuw+ diýen ogullary we iki gyzy bardy. Uly gyzynyň ady Meýrap+, kiçisiniňki Mihaldy+.
50 Şawulyň aýalynyň ady Aganogamdy, ol Ahymagasyň gyzydy. Şawulyň goşunbaşysy öz agasy Abnurdy+, ol Nuruň ogludy.
51 Kiş+ Şawulyň atasydy, Nur+ Abnuryň atasydy, Abyýel bolsa Nuruň atasydy.
52 Şawul bütin ömrüne piliştliler bilen gazaply söweşleri alyp bardy+. Ol güýçli hem edermen ýigit görse, derrew goşunyna alardy+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: iki öküziň bir günde sürýän ýeriniň ýarysynda. Ýarym gektara golaý.
^ Sözme-söz: Şol gün.
^ Sözme-söz: eliňi çek.