1 Şamuwel 19:1—24
19 Soňra Şawul ogly Ýonatana we emeldarlaryna Dawudy öldürjekdigini aýtdy+.
2 Şawulyň ogly Ýonatan Dawudy juda gowy görýärdi+. Ol Dawuda: «Kakam seni öldürjek bolýar. Seresap bol, ertir irden bir çola ýere git-de, gizlen.
3 Men kakam bilen şol töwereklere baryp, sen hakda gepleşip göreýin. Bir zat bildigim, hökman habar ederin»+ diýdi.
4 Ýonatan kakasynyň ýanynda Dawudy öwüp+, şeýle diýdi: «Şa hezretleri, guluň Dawuda ýamanlyk etme, sebäbi Dawutdan hiç hili ýamanlyk görmediň. Ol elinden gelse, saňa diňe ýagşylyk etdi.
5 Janyny orta goýup, piliştli pälwany öldürdi+. Şonda Ýehowa Ysraýyla uly ýeňiş beripdi, senem muňa begenipdiň. Indi sebäpsiz ýere Dawudy öldürip, bigünä adamyň ganyna galjak bolýaňmy?»+
6 Şawul ogluny diňläp: «Ýehowa diri şaýatdyr, Dawudy öldürmerin» diýip ant içdi.
7 Ýonatan Dawudy çagyryp, bolan zatlary gürrüň berdi. Soňra Dawudy Şawulyň ýanyna äkitdi. Dawut ýene-de patyşa hyzmat edip başlady+.
8 Birnäçe wagtdan ýene uruş turdy. Dawut piliştliler bilen söweşip, olary derbi-dagyn etdi, diri galanlary bolsa gaçyp gitdi.
9 Bir gün Ýehowa Şawuly ynjalykdan gaçyrdy*+. Şol wagt Şawul öýünde eli naýzaly otyrdy+, Dawut bolsa arfa çalýardy.
10 Şawul naýzasyny zyňyp, Dawudy diwara çüýlejek boldy, emma ol sowlup ýetişdi, naýza-da diwara çümdi. Dawut şol gije gaçyp, başyny gutardy.
11 Şawul nökerlerini iberip, Dawudyň öýüni garawullamagy we irden öldürmegi tabşyrdy+. Aýaly Mihal Dawuda: «Şu gije başyňy gutarmasaň, ertir seni öldürerler» diýdi.
12 Ol Dawudy penjireden aşak düşürip, gaçyryp goýberdi.
13 Soňra bir buty* düşekde goýdy-da, kelle tarapyna geçi ýüňünden ýapynja goýup, üstüne eşik ýapdy.
14 Şawul nökerlerine Dawudy tutup getirmegi buýurdy. Emma Mihal olara: «Ol syrkaw ýatyr» diýip goýberdi.
15 Şawul nökerlerini ýene-de Dawudyň ýanyna iberip: «Düşekde ýatan bolsa-da, alyp gaýdyň! Onuň damagyny çalaryn!»+ diýdi.
16 Baryp görseler, düşege bir but salnypdyr, kelle tarapyna-da geçi ýüňünden ýapynja goýlan eken.
17 Şawul Mihala: «Meni aldap, duşmanymy+ näme üçin gaçyryp goýberdiň?» diýdi. Mihal bolsa: «Dawut maňa: „Eger goýbermeseň, öldürerin“ diýdi» diýip jogap berdi.
18 Dawut gaçyp, başyny gutardy. Ol Rama+ Şamuweliň ýanyna baryp, Şawulyň eden zatlaryny gürrüň berdi. Soňra Şamuwel ikisi gidip, Naýotda+ ýaşadylar.
19 Biraz wagtdan Şawula: «Dawut Ramadaky Naýotda ýaşap ýör» diýip habar berdiler.
20 Ol Dawudy ele salmak üçin nökerlerini iberdi. Şawulyň nökerleri pygamberlik edýän ýaşululara duşdular. Olara Şamuwel baştutanlyk edýän eken. Şonda nökerlere-de Hudaýyň ruhy inip, özlerini pygamber ýaly alyp bardylar.
21 Muny Şawula habar berenlerinde, ol dessine başga nökerleri iberdi. Ýöne olaram özlerini pygamber ýaly alyp bardylar. Ol üçünji gezek nökerlerini iberdi, olaram özlerini pygamber ýaly alyp bardylar.
22 Ahyrsoňy Şawulyň özi Rama gitdi. Sekuwdaky uly howdana ýetip: «Şamuwel bilen Dawut nirede?» diýip soranda, adamlar: «Ramadaky Naýotda»+ diýdiler.
23 Ramadaky Naýota barýarka, Şawula-da Hudaýyň ruhy indi. Ol Naýota ýetýänçä, özüni pygamber ýaly alyp bardy.
24 Şawul hem beýlekiler ýaly egin-eşigini çykaryp, Şamuweliň öňünde özüni pygamber ýaly alyp bardy. Şol gün ol gijesi bilen ýarym-ýalaňaç bolup* ýatdy. «Şawulam pygamber bolupdyrmy?»+ diýen sözler şondan galypdy.