1 Patyşalar 13:1—34
13 Ýerobgam Beýteldäki gurbanlyk ojagynda*+ gurbanlyk berjek bolup durka, Ýehowanyň buýrugy bilen, Ýahudadan bir pygamber*+ geldi.
2 Pygamber gurbanlyk ojagyna garşy Ýehowanyň şeýle sözlerini aýtdy: «Eý gurbanlyk ojagy! Ýehowa şeýle diýýär: „Dawudyň öýünde Ýoşyýa+ atly bir ogul doglar. Ol seždegählerde* hyzmat edýän we gurbanlyk ýakýan ruhanylary seniň üstüňde gurban berer, üstüňde adam süňklerini ýakar“»+.
3 Şol gün pygamber gudrat boljakdygyny aýdyp: «Ýehowa şeýle gudrat görkezer: gurbanlyk ojagy çym-pytrak bolup, küli* ýere döküler» diýdi.
4 Gurbanlyk ojagynyň ýanynda duran Ýerobgam patyşa hak Hudaýyň gulunyň Beýteldäki gurbanlyk ojagyna garşy aýdan sözlerini eşiden badyna, elini uzadyp: «Tutuň ony!»+ diýip gygyrdy. Emma Ýerobgamyň pygambere tarap uzadan eli şol bada gurady*, elini gymyldadyp hem bilmedi+.
5 Soňra hak Hudaýyň gulunyň aýdyşy ýaly, gudrat boldy: gurbanlyk ojagy çym-pytrak bolup, küli ýere döküldi. Şeýdip, Ýehowanyň sözi berjaý boldy.
6 Patyşa hak Hudaýyň guluna: «Ýalbarýaryn, Ýehowa Hudaýyňa dileg et, goý, ol maňa rehim edip, elimi sagaltsyn»+ diýdi. Hak Hudaýyň guly ýalbaryp, Ýehowadan rehim-şepagat diledi welin, patyşanyň eli sagaldy.
7 Şonda patyşa hak Hudaýyň guluna: «Ýör, öýe gideli, birki agyz çörek iý. Saňa sowgat-serpaý bereýin» diýdi.
8 Emma hak Hudaýyň guly şeýle diýdi: «Ýok, maňa mal-mülküň ýarysyny berseňem gitmerin. Bärde çöregem iýmerin, suwam içmerin.
9 Sebäbi Ýehowa: „Çöregem iýme, suwam içme, yzyňa-da başga ýol bilen gaýt“ diýip tabşyrdy».
10 Şeýdip, pygamber Beýtelden ýola düşdi, ýöne gelen ýoly bilen däl-de, başga ýol bilen gaýtdy.
11 Beýtelde bir garry pygamber ýaşaýardy. Ogullary öýe gelip, şol gün hak Hudaýyň gulunyň Beýtelde patyşa aýdan sözlerini we eden zatlaryny gürrüň berdiler. Olaryň gürrüňini diňläp,
12 kakalary: «Pygamber haýsy ýoldan gitdi?» diýip sorady. Şonda ogullary ýahudaly pygamberiň* giden ýoluny görkezdiler.
13 Ol: «Eşegi gaňňalaň» diýdi. Ogullary eşegi gaňňalap berdiler, ol hem ýola düşdi.
14 Ýaňky adam hak Hudaýyň gulunyň yzyndan ýetdi. Görse, pygamber bir uly agajyň aşagynda otyr. Goja ondan: «Sen Ýahudadan gelen hak Hudaýyň gulumy?»+ diýip sorady. Ol: «Hawa» diýip jogap berdi.
15 Garry adam: «Ýör, öýe gidip, çörek iýeli» diýdi.
16 Emma hak Hudaýyň guly: «Ýok, öýüňe gidip, myhman bolup bilmerin. Bärde çöregem iýmerin, suwam içmerin.
17 Sebäbi Ýehowa: „Ol ýerde çöregem iýme, suwam içme, yzyňa-da başga ýol bilen gaýt“ diýip tabşyrdy» diýdi.
18 Şonda garry adam şeýle diýdi: «Menem seniň ýaly pygamber. Ýehowanyň perişdesi maňa: „Pygamberi öýüňe alyp gaýt-da, naharla“ diýdi». Aslynda, ol hak Hudaýyň guluny aldaýardy.
19 Şeýlelikde, pygamber onuň öýüne iýip-içmäge gitdi.
20 Saçak başynda otyrkalar, pygamberi yzyna alyp gaýdan garry adama Ýehowa öz habaryny aýtdy.
21 Şonda ol Ýahudadan gelen hak Hudaýyň guluna batly ses bilen: «Ýehowa şeýle diýýär: „Sen Ýehowanyň buýrugyna garşy gidip, Ýehowa Hudaýyň tabşyrygyny bozduň.
22 Saňa: „Ol ýerde çöregem iýme, suwam içme“ diýip tabşyrylsa-da, iýip-içmek üçin yzyňa dolandyň. Şol sebäpli sen ata-babalaryň mazarynda jaýlanmarsyň“»+ diýdi.
23 Hak Hudaýyň guly iýip-içip bolanda, garry pygamber oňa eşegi gaňňalap berdi.
24 Hak Hudaýyň guly ýola düşdi. Ýolda öňünden ýolbars çykyp, ony öldürdi+. Pygamberiň jesedi ýoluň ugrunda ýatyrdy, eşek bilen ýolbars bolsa ýanynda durdy.
25 Ýoldan geçip barýanlar jesedi we ýanynda duran ýolbarsy gördüler. Olar garry pygamberiň ýaşaýan şäherine gelip, gören zatlaryny gürrüň berdiler.
26 Muny eşidip, garry pygamber: «Ol hak Hudaýyň guludyr+. Ýehowa ony ýolbarsa parçaladandyr, sebäbi ol Ýehowanyň buýrugyna garşy gitdi. Ýehowa aýdyşy ýaly hem edipdir»+ diýdi.
27 Soňra ol: «Eşegi gaňňalaň» diýdi. Ogullary eşegi gaňňalap berdiler.
28 Ol gidip, ýolda ýatan jesedi tapdy. Eşek bilen ýolbars hem ýanynda duran eken. Ýolbars jesedi iýmändir, eşege-de topulmandyr.
29 Garry pygamber hak Hudaýyň gulunyň jesedini eşege ýükledi-de, ýasyny tutup jaýlamak üçin, ýaşaýan şäherine alyp gaýtdy.
30 Garry pygamber ony öz mazarynda jaýlap: «Wah, doganym!» diýip aglady.
31 Jaýlap bolansoň, goja ogullaryna: «Aradan çyksam, meni hak Hudaýyň gulunyň ýanynda jaýlaň, süňklerimi onuň süňkleriniň+ ýanynda goýuň.
32 Ýehowanyň şu pygamber arkaly Beýteldäki gurbanlyk ojagyna we Samariýa şäherlerinde gurlan seždegählere+ garşy aýdan sözi hökman berjaý bolar»+ diýdi.
33 Şu zatlardan soňam Ýerobgam ýaman ýolundan dänmedi. Gaýtam seždegählerde ýönekeý adamlardan ruhanylary belledi+. Ol ruhany bolasy gelýän islendik adamy: «Goý, seždegähde ruhany bolsun»+ diýip, ruhany bellärdi.
34 Ýerobgamyň öý-içerisiniň eden günäsi+ olaryň başyna ýetdi, bütinleý gyrylmagyna sebäp boldy+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Hudaýyň guly.
^ Ýa-da: ýagly küli. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.
^ Ýa-da: ysmaz boldy.
^ Ýa-da: hak Hudaýyň gulunyň.