1 Patyşalar 22:1—53

  • Ýehoşapatyň Ahap bilen gatnaşygy (1—12)

  • Mikhaýyň pygamberligi (13—28)

    • Ahaby aldawa salan perişde (21, 22)

  • Ahap Ramot⁠-⁠gileadda wepat bolýar (29—40)

  • Ýehoşapatyň Ýahudanyň üstünden hökümdarlygy (41—50)

  • Ysraýyl patyşasy Ahazýa (51—53)

22  Siriýa bilen Ysraýylyň arasynda üç ýyllap hiç hili uruş bolmady.  Üçünji ýyl diýlende, Ýahuda patyşasy Ýehoşapat+ Ysraýyl patyşasynyň ýanyna geldi+.  Ysraýyl patyşasy emeldarlaryna: «Aslynda, Ramot⁠-⁠gilead+ biziňki bolmaly. Ony şu wagta çenli Siriýa patyşasynyň elinden almaga çekinip ýörüs» diýdi.  Soňra ol Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramot⁠-⁠gileada söweşe gitjekmi?» diýip sorady. Ýehoşapat hem Ysraýyl patyşasyna: «Elbetde, giderin. Nökerlerim⁠-⁠de, atlarym⁠-⁠da seniňki»+ diýdi.  Ýöne Ýehoşapat Ysraýyl patyşasyna: «Gel, ilki Ýehowadan soraly»+ diýdi.  Şonda Ysraýyl patyşasy 400⁠-⁠e golaý pygamberi ýygnap: «Ramot⁠-⁠gileada çozaýynmy ýa ýok?» diýip sorady. Olar: «Çoz, Ýehowa ony eliňe berer» diýdiler.  Şonda Ýehoşapat: «Bärde Ýehowanyň başga pygamberi ýokmy? Bar bolsa, ondan hem sorap göreli»+ diýdi.  Ysraýyl patyşasy: «Ýehowanyň ýene bir pygamberi bar+, ol Imlanyň ogly Mikhaý. Ýöne men ony ýigrenýärin+, ol hiç haçan men hakda gowy zat aýdanok, diňe erbet zat aýdýar»+ diýdi. Emma Ýehoşapat: «Goýsana, beý diýmek patyşa gelişmez» diýdi.  Ysraýyl patyşasy wezirini çagyryp: «Haýal etmän Imlanyň ogly Mikhaýy alyp gel»+ diýdi. 10  Samariýanyň derwezesiniň öňünde bir harman bardy. Ysraýyl patyşasy we Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şol harmanda şa lybasyny geýip, tagtda otyrdy. Ähli pygamberler bolsa olaryň öňünde pygamberlik edýärdi+. 11  Kenaganyň ogly Sadykýar demirden şahlary ýasady. Ol patyşa: «Ýehowa şeýle diýýär: „Sen siriýalylary şular bilen süsüp, gyryp taşlarsyň“» diýdi. 12  Beýleki pygamberlerem: «Ramot⁠-⁠gileada çoz, hökman ýeňiş gazanarsyň, Ýehowa ony eliňe berer» diýip, şol bir zady pygamberlik edýärdiler. 13  Çapar Mikhaýyň ýanyna baryp: «Ähli pygamberler patyşa gowy zat aýdýar. Senem, gaýrat edip, gowy zat aýt»+ diýdi. 14  Emma Mikhaý: «Ýehowa diri şaýatdyr, Ýehowa näme diýse, şony aýdaryn» diýdi. 15  Soňra ol patyşanyň huzuryna geldi. Patyşa: «Mikhaý, hany aýt, Ramot⁠-⁠gileada çozalymy ýa ýok?» diýip sorady. Mikhaý: «Hawa, çoz, hökman ýeňiş gazanarsyň. Ýehowa ony eliňe berer» diýdi. 16  Şonda patyşa: «Ýehowanyň adyndan gepläniňde, diňe hakykaty aýt diýip, saňa ýene näçe gezek ant içirmeli?» diýdi. 17  Mikhaý şeýle jogap berdi: «Men ysraýyllaryň daglarda çopansyz goýunlar ýaly, dyr⁠-⁠pytrak bolup ýörenini gördüm+. Ýehowa hem: „Indi halkyň baştutany ýok. Goý, olar sag⁠-⁠aman öýli⁠-⁠öýüne gaýtsyn“ diýdi». 18  Şonda Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapata ýüzlenip: «Men saňa aýtdym⁠-⁠a, ol hiç haçan men hakda gowy zat aýdanok, diňe erbet zat aýdýar»+ diýdi. 19  Mikhaý bolsa: «Onda Ýehowanyň sözüni diňle. Görsem, Ýehowa tagtda otyr+, gökleriň ähli goşuny sag hem çep tarapynda dur+. 20  Ýehowa: „Ahap Ramot⁠-⁠gileada gidip, heläk bolar ýaly, kim ony aldawa salyp biler?“ diýdi. Şonda perişdeleriň hersi bir zat diýdi. 21  Soňra bir perişde*+ öňe çykyp, Ýehowanyň huzurynda durdy⁠-⁠da: „Men ony aldawa salaryn“ diýdi. Ýehowa: „Nädip?“ diýip sorady. 22  Ol bolsa: „Men gidip, onuň ähli pygamberlerine ýalan sözlederin*+ diýdi. Hudaý: „Git⁠-⁠de, aýdyşyň ýaly et. Sen muny başararsyň, Ahaby aldawa salyp bilersiň“ diýdi. 23  Ine, şeýdibem, Ýehowa ähli pygamberleriňe ýalan sözletdi*+. Aslynda, Ýehowa seniň başyňa betbagtçylyk getirjek bolýar»+ diýdi. 24  Şonda Kenaganyň ogly Sadykýar Mikhaýyň ýanyna bardy⁠-⁠da, ýüzüne şarpyk çalyp: «Indi Ýehowanyň ruhy menden aýrylyp, sen arkaly gepleýär diýjek bolýaňmy?»+ diýdi. 25  Mikhaý: «Sen öýüňe girip, gizlenen günüň muňa düşünersiň» diýip jogap berdi. 26  Şonda Ysraýyl patyşasy: «Mikhaýy tutuň⁠-⁠da, şäher häkimi Amon bilen şazada Ýowaşyň ýanyna äkidip, 27  olara: „Patyşanyň buýrugy şeýle diýiň: „Mikhaýy zyndana salyň⁠-⁠da+, tä yzyma sag⁠-⁠aman gelýänçäm, açlykdan ölmez ýaly, çörek bilen suw beriň“» diýdi. 28  Mikhaý bolsa: «Eger sen sag⁠-⁠aman gaýdyp gelseň, Ýehowanyň men arkaly geplemedigi bolsun»+ diýdi. Soňra ol: «Eý jemagat, sizem muny eşidip goýuň!» diýdi. 29  Şeýlelikde, Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramot⁠-⁠gileada çozmaga gitdi+. 30  Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapata: «Men söweşe başga eşik geýip gideýin. Sen şa lybasyňda gidiber» diýdi. Ysraýyl patyşasy başga eşik geýip+, söweşe çykdy. 31  Siriýa patyşasy söweş arabalaryna ýolbaşçylyk edýän 32 serkerdesine+: «Olaryň esgerleriniň, serkerdeleriniň hiç biri bilen söweşmäň, diňe Ysraýyl patyşasyna hüjüm ediň» diýip buýruk beripdi. 32  Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapaty görüp, biri⁠-⁠birlerine: «Hanha, Ysraýylyň patyşasy» diýip, öňe okduryldylar. Ýehoşapat gygyryp, kömege çagyryp başlady. 33  Söweş arabalarynyň serkerdeleri onuň Ysraýylyň patyşasy däldigini görüp, kowalamagy bes etdiler. 34  Bir esgeriň atan peýkamy tötänden Ysraýyl patyşasyna degip, sowudynyň açyk ýerinden geçdi. Şonda patyşa arabaçysyna: «Men agyr ýaralandym, arabany öwür⁠-⁠de, meni söweş meýdanyndan* çykar»+ diýdi. 35  Ýöne şol gün söweş juda gazaply bolansoň, patyşany siriýalylaryň garşysynda arabada dik saklap durmaly boldular. Onuň ýarasynyň gany arabanyň içine akyp durdy. Patyşa agşamara jan berdi+. 36  Gün ýaşyp barýarka, düşelgede: «Hemmäňiz şäheriňize, ýurduňyza dolanyň!»+ diýip jar çekildi. 37  Şeýdip, patyşa öldi, ony Samariýa getirip jaýladylar. 38  Ahabyň söweş arabasyny Samariýadaky howdanyň boýunda ýuwdular. Şonda onuň ganyny itler ýalady, ahlaksyz aýallar bolsa şol howdanda suwa düşüp ýördi*. Şeýlelikde, Ýehowanyň aýdan sözi berjaý boldy+. 39  Ahabyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri, pil süňkünden+ saldyran köşgi we gurduran şäherleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 40  Ahap aradan çykansoň+, ýerine ogly Ahazýa+ patyşa boldy. 41  Ysraýyl patyşasy Ahabyň hökümdarlygynyň dördünji ýylynda, Asanyň ogly Ýehoşapat+ Ýahudanyň patyşasy boldy. 42  Ýehoşapat 35 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 25 ýyl höküm sürdi. Ejesi Azuba Şilhiniň gyzydy. 43  Ýehoşapat kakasy Asanyň ýolundan+ ýöräp, hiç ýana sowulmady. Ol Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. Emma seždegähler*+ ýok edilmändi, adamlar henizem şol ýerlerde gurbanlyk ýakýardylar. 44  Ýehoşapat Ysraýyl patyşasy bilen parahatlykda ýaşady+. 45  Ýehoşapatyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, görkezen edermenlikleri we gatnaşan söweşleri hakda Ýahuda patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 46  Ol kakasy Asanyň günlerinden galan+ buthanalardaky ähli azgyn erkekleri*+ ýok edip, ýurdy doly arassalady. 47  Şol wagtlar Edomda+ patyşa ýokdy, ýurdy häkim dolandyrýardy+. 48  Ýehoşapat Oferden altyn getirtmek üçin Tarşyş gämilerini*+ hem ýasady. Emma gämiler Esýon⁠-⁠geberde+ zaýalanyp, aňyrlygyna gidip bilmedi. 49  Ahabyň ogly Ahazýa Ýehoşapata: «Goý, hyzmatkärlerimiz gämide bile gitsin» diýipdi. Emma Ýehoşapat razylaşmandy. 50  Soňra Ýehoşapat aradan çykyp+, atasy Dawudyň şäherinde, ata⁠-⁠babalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Ýehoram+ patyşa boldy. 51  Ýahuda patyşasy Ýehoşapatyň hökümdarlygynyň 17⁠-⁠nji ýylynda, Ahabyň ogly Ahazýa+ Samariýada Ysraýylyň patyşasy bolup, iki ýyl höküm sürdi. 52  Ahazýa kakasy bilen ejesiniň+ we Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp+, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 53  Ol hem kakasy ýaly Bagala sežde edip+, tagzym edip, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň+ göwnüne degýärdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ruh.
Sözme⁠-⁠söz: pygamberleriniň dilinde ýalançy ruh bolaryn.
Sözme⁠-⁠söz: pygamberleriň diline ýalançy ruh goýdy.
Sözme⁠-⁠söz: düşelgeden.
Başga manysy: şol howdan ahlaksyz aýallaryň suwa düşýän ýeridi.
Sözlüge serediň.
Käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Sözlüge serediň.