Birinji Korinfliler 6:1—20
6 Araňyzda dawa turanda+, doganlara* ýüz tutmagyň deregine, näme üçin kazyýete baryp, iman etmeýänlere ýüz tutýarsyňyz?
2 Ýa-da siz Hudaýyň mukaddes gullukçylarynyň dünýäni höküm etjekdigini bilmeýärsiňizmi?+ Eger dünýä siz arkaly höküm ediljek bolsa, onda ýönekeý meseleleri özara çözüp bilmeýärsiňizmi?
3 Siz perişdeleriň üstünden höküm etjekdigimizi bilmeýärsiňizmi?+ Eger şeýle bolsa, durmuşda döreýän meseleleri çözüp bilmerismi?
4 Şeýle meseleler ýüze çykanda+, näme üçin ýygnagyň agzasy bolmadyk kazylara ýüz tutýarsyňyz?
5 Muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn. Araňyzda kazylyk edip biljek ýekeje paýhasly adam ýokmy?
6 Siz bolsa kazyýete ýüz tutup, iman etmeýän adamlardan dawaňyzy çözüp bermegi haýyş edýärsiňiz.
7 Siz biri-biriňiziň üstünden kazyýete arz edip, masgara bolýarsyňyz. Muňa derek adalatsyzlykdan ejir çekeniňiz gowy dälmi?+ Ýa-da aldanan bolsaňyz gowy bolmazdymy?
8 Siz bolsa doganlary aldaýarsyňyz, göwnüne degýärsiňiz.
9 Siz erbet adamlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi?+ Özüňizi aldamaň. Ahlaksyzlar*+, butparazlar+, zyna edýänler*+, azgyn erkekler*+, beçebazlar*+,
10 ogrular, açgözler+, arakhorlar+, sögýänler we talaňçylar Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar+.
11 Siziň hem käbiriňiz şeýle işleri edýärdiňiz, emma ýuwlup arassalandyňyz+, mukaddes edildiňiz+, Halypamyz Isa Mesihiň ady we Hudaýyň ruhy arkaly dogruçyl hasaplandyňyz+.
12 Maňa hemme zat rugsat edilendir, ýöne hemme zat peýdaly däldir+. Maňa hemme zat rugsat edilse-de, hiç zada üstümden agalyk etdirmerin.
13 Nahar garyn üçindir, garyn hem nahar üçindir. Ýöne Hudaý olaryň ikisini-de hiç zat eder+. Beden ahlaksyzlyk* üçin däl, Halypamyza gulluk etmek üçindir+, Halypamyz bolsa beden üçindir.
14 Alla gudratly güýji bilen+ Halypamyzy direlden bolsa+, bizi-de direlder+.
15 Siz Mesihiň bedeniniň agzalarydygyňyzy bilmeýärsiňizmi?+ Onda Mesihiň bedenine degişli adamlar ahlaksyz aýal bilen bir beden bolup bilermi? Beýle zat mümkin däl!
16 Ahlaksyz aýala ýanaşan adamyň onuň bilen bir beden bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Sebäbi Hudaý: «Olaryň ikisi bir beden bolar»+ diýýär.
17 Emma Halypamyza goşulan adam, onuň bilen bir pikirde bolýar+.
18 Ahlaksyzlykdan* gaçyň!+ Adamyň edýän her bir günäsi bedenine garşy däldir. Emma ahlaksyzlyk edýän adam öz bedenine zyýan ýetirýändir+.
19 Siz bedeniňiziň mukaddes ruhuň ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi?+ Siz şol ruhy Hudaýdan aldyňyz+. Onsoňam, siz Hudaýa degişlisiňiz+,
20 sebäbi Hudaý töleg töläp, sizi satyn aldy+. Şonuň üçin indi bütin bedeniňiz+ bilen Hudaýy şöhratlandyryň+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: mukaddeslere.
^ Erkekler bilen erkek kimin ýatýan erkekler göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Erkekler bilen aýal hökmünde ýatýan erkekler göz öňünde tutulýan bolmaly.