Birinji Timoteos 4:1—16

  • Jynlaryň taglymatlaryna garşy duruň (1—5)

  • Mesihiň gowy gullukçysy bol (6—10)

    • Hudaýa wepaly bolmagyň peýdasy (8)

  • Öwredişiňe ünsli bol (11—16)

4  Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan söze görä, soňky günlerde käbirleri imandan dänip, zalym ruhlaryň sözlerine+ we taglymatlaryna gulak asarlar.  Olar ikiýüzli adamlaryň ýalan sözlerine+ ynanyp, ynsaby tagma basylan ýaly hiç zady duýmaz.  Olar maşgala gurmagy+ we Hudaýyň berýän näz-nygmatlaryny iýmegi gadagan edýärler+. Emma Hudaý näz-nygmatlary iman edýän+ we hakykaty bilýän adamlaryň minnetdarlyk bilen iýmegi üçin ýaratdy+.  Hudaýyň ähli ýaradan zatlary gowudyr+. Eger olary minnetdarlyk bilen iýseň, onda hiç zatdan ýüz öwürmeli däl+.  Olar Hudaýyň sözi we doga arkaly mukaddes bolýandyr.  Sen doganlara şeýle maslahat berip, Isa Mesihiň gowy gullukçysy bolarsyň. Sebäbi sen iman sözleri bilen iýmitlenip, ajaýyp taglymatlara görä ýaşaýarsyň+.  Emma garry daýzalar ýaly ýalan rowaýatlary gürrüň berýänleri diňleme+. Hudaýa wepaly bolmagy maksat edin we oňa ýetmäge jan et*.  Beden maşkynyň biraz peýdasy bardyr, emma Hudaýa wepaly bolmak ähli ýagdaýda peýdalydyr. Eger Hudaýa wepaly bolsak, häzirki hem gelejekki ýaşaýyşda bereket alarys+.  Aýdýanlarym hakdyr, ynama mynasypdyr. 10  Şonuň üçin-de der döküp, agyr zähmet çekýäris+, sebäbi Biribara umyt baglaýarys. Ol ähli adamlaryň+, esasan-da, wepaly adamlaryň Halasgäridir+. 11  Şu zatlary tabşyryp we öwredip dur. 12  Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin. Gepleýşiň, özüňi alyp barşyň, söýgiň, imanyň we ahlak taýdan arassalygyň bilen wepaly adamlara görelde bol. 13  Men barýançam, ýygnakda hemişe okap+, öwredip we öwüt-ündew berip* dur. 14  Pygamberlige görä ýaşulular maslahatynyň elini goýup+ beren ukybyna* sowuk-sala garama. 15  Şol zatlar hakda oýlan, olara bar ünsüňi ber, şonda hemmeler seniň ruhy taýdan ösüşiňi görerler. 16  Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol+. Şeýle etseň, hem özüňi, hem saňa gulak asýanlary halas edersiň+.

Çykgytlar

Sözme-söz: ýetmek üçin türgenleş.
Ýa-da: ruhlandyryp.
Ýa-da: sylagyna; borjuna.