Ikinji Musa 34:1—35
34 Soňra Ýehowa Musa: «Öňki daşlara+ meňzeş iki daş+ ýasa. Olara döwen daşlaryňdaky sözleri ýazyp bereýin+.
2 Ertire taýyn bol. Irden Sinaý dagynyň depesine çykyp, huzurymda durarsyň+.
3 Ýanyňa hiç kimi alma, dagyň töwereginde janly-jemende görünmesin. Mal-garaňyzy hem dagyň golaýynda bakmaň»+ diýdi.
4 Musa Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, öňkä meňzeş iki daş ýasady. Ertesi ir bilen turdy-da, daşlary alyp, Sinaý dagyna çykdy.
5 Ýehowa buludyň içinde daga inip+, Musanyň ýanynda durdy we Ýehowa adyny yglan etdi+.
6 Soňra Ýehowa onuň öňünden geçip: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar+, mähirli*+, giň göwünli*+, wepaly söýgä* baý+, sözünde durýan*+,
7 müňlerçe adama wepaly söýgüsini* bildirýän+, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan+ Hudaýdyr. Ýöne günäkäri jezasyz goýýan däldir+, atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýändir»+ diýdi.
8 Musa dessine ýüzüni ýere berip, tagzym etdi.
9 Soňra ol: «Eý Ýehowa, menden razy bolsaň, bizi taşlama*+. Boýnuýogyn halk bolsak-da+, Ýehowa, haýyş edýärin, ýazygymyzy, günämizi geçip+, bizi öz halkyň hökmünde kabul et» diýdi.
10 Şonda Hudaý şeýle diýdi: «Ine, siz bilen äht baglaşýaryn: halkyň gözüniň alnynda täsin işleri ederin. Beýle gudratlar tutuş ýer ýüzünde, hiç bir halkda görlüp-eşidilen däldir+. Daş-töweregiňizdäki ähli milletler Ýehowanyň işlerini görerler. Siziň üçin täsin işleri ederin+.
11 Häzirki tabşyrjak zatlaryma ünsli boluň+. Men amorlary, kenganlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary öňüňizden kowaryn+.
12 Ýöne şol ýurtdaky milletler bilen äht baglaşaýmaň+, ýogsam duzaga düşersiňiz+.
13 Olaryň gurbanlyk ojaklaryny* ýumrup, keramatly sütünlerini we pürslerini* kül-owram ediň+.
14 Başga taňrylara sežde etmäň+, sebäbi Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy talap edýändir*. Hawa, ol ýürekden wepaly bolmagy talap edýän Hudaýdyr+.
15 Şol ýurduň halklary bilen äht baglaşmaň. Ýogsam olar öz taňrylaryna sežde edip*+, gurbanlyk berende, sizi hem çagyrarlar. Siz hem olaryň gurbanlyklaryndan iýersiňiz+.
16 Ogullaryňyza olaryň gyzlaryny alyp berersiňiz+. Gelinleriňiz öz taňrylaryna sežde edende, ogullaryňyzy hem olara sežde etdirerler+.
17 Hiç hili but* ýasamaň+.
18 Petir baýramyny belläň+. Size tabşyryşym ýaly, abyp* aýynda+ bellän wagtym ýedi günläp petir* iýiň. Sebäbi Müsürden şol aýda çykypdyňyz.
19 Nowbahar ogullaryňyz meniňkidir+. Ähli mal-garaňyzyň, sygryň-da, goýnuň-da ilkinji doglan erkegi meniňkidir+.
20 Eşegiň ilkinji kürresine derek goýun gurbanlyk beriň. Goýun berip bilmeseňiz, onda kürräniň boýnuny omruň*. Nowbahar ogullaryňyz üçin hem töleg töläň+. Hiç kim huzuryma eli boş gelmesin.
21 Ähli işiňizi alty günde edip, ýedinji gün dynç alyň+. Hasyl ýa sürüm döwri bolsa-da, şol gün dynç alyň.
22 Gallanyň ilkinji hasylyny ýygnap, Hepdeler baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda bolsa Hasyl baýramyny* belläň+.
23 Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek beýik Hökümdar, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň huzuryna gelsin+.
24 Men başga milletleri öňüňizden kowup+, ýurduňyzy giňelderin. Ýylda üç gezek Ýehowa Hudaýyňyzyň huzuryna geleniňizde, hiç kim siziň ýurduňyza göz dikip bilmez.
25 Maňa gurbanlyk berilýän malyň ganyny hamyrmaýaly zat bilen hödürlemäň+. Pasha gurbanlygyndan ertire hiç zat galmasyn+.
26 Ekiniň ilkinji gowy miwelerini Ýehowa Hudaýyňyzyň öýüne getiriň+.
Owlagy enesiniň süýdünde gaýnatmaň»+.
27 Ýehowa ýene-de Musa: «Aýdan sözlerimi ýaz+, sebäbi şol sözleriň esasynda seniň bilen, ysraýyl halky bilen äht baglaşýaryn»+ diýdi.
28 Musa 40 gije-gündizläp Ýehowanyň ýanynda galdy. Ol ne çörek iýdi, ne-de suw içdi+. Hudaý* ähtiň sözlerini, ýagny on tabşyrygy* daşlara ýazyp berdi+.
29 Musa iki äht* daşyny alyp, Sinaý dagyndan düşdi+. Hudaý bilen gepleşeni üçin, Musanyň ýüzi nur saçýardy. Ýöne özi muny bilmeýärdi.
30 Harun bilen ysraýyllar Musanyň ýüzüniň nur saçýandygyny görüp, golaýyna barmaga gorkdular+.
31 Emma Musa Haruny we halkyň baştutanlaryny ýanyna çagyryp, olar bilen gepleşdi.
32 Soňra ähli ysraýyllar onuň ýanyna geldiler. Musa olara Ýehowanyň Sinaý dagynda beren tabşyryklaryny aýdyp berdi+.
33 Ol her gezek halk bilen gepleşip bolansoň, ýüzüni örtgi bilen ýapardy+.
34 Ýehowa bilen gepleşmek üçin ýygnak çadyryna* girende bolsa, ýüzündäki örtgini aýrardy+. Soňra çadyrdan çykyp, ysraýyllara Hudaýyň tabşyryklaryny ýetirerdi+.
35 Adamlar Musanyň ýüzüniň nur saçýandygyny görerdiler. Musa Hudaý bilen gepleşmäge girýänçä, ýüzüne ýene-de örtgi ýapardy+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: hakykata baý.
^ Ýa-da: sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýan.
^ Ýa-da: duýgudaş.
^ Ýa-da: üçünji we dördünji nesline.
^ Sözme-söz: biziň aramyzda gidäý.
^ Ýa-da: gabanjaňdyr; diňe özüne wepaly bolmagy talap edýändir.
^ Sözme-söz: taňrylary bilen zyna edip.
^ Ýa-da: guýma but.
^ Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
^ Ýa-da: döwüň.
^ Çatma baýramy hem diýilýär.
^ Sözme-söz: Ol.
^ Sözme-söz: on sözi.
^ Sözme-söz: şaýatlyk.