Ikinji Musa 8:1—32
8 Ýehowa Musa: «Faraonyň ýanyna baryp, şu sözleri aýt: „Ýehowa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber+.
2 Goýbermeseň, ýurduňa gurbaga çozduryp+, başyňyza bela getirerin.
3 Nil derýasy gurbagadan dolar. Olar öýüňe, ýatýan otagyňa, düşegiňe, hyzmatkärleriň, tutuş halkyň öýüne, tamdyryňyza, kerseniňize çenli girer+.
4 Gurbagalar seniň üstüňe, halkyň we hyzmatkärleriň üstüne çozar“» diýdi.
5 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Haruna: „Eliňdäki hasaňy Müsüriň derýalaryna, ýaplaryna*, köllerine uzat. Şonda bütin Müsür gurbagadan dolar“ diý».
6 Harun elindäki hasany Müsüriň suwlaryna uzatdy welin, gurbaga çykyp başlady. Tutuş ýurt gurbagadan doldy.
7 Jadygöýler* hem jadyly güýji* bilen edil şonuň ýaly edip, Müsüri gurbagadan doldurdylar+.
8 Şonda faraon Musa bilen Haruny çagyryp: «Ysraýyllary Ýehowa gurban bermäge goýbereýin. Ýöne siz Ýehowa dileg ediň. Goý, ol meni hem-de halkymy gurbagalardan dyndarsyn»+ diýdi.
9 Musa bolsa: «Hudaýa haçan dileg etmelidigimi özüň aýdaý. Gurbagalar seniň öýleriňden, hyzmatkärleriňden, halkyňdan aýrylyp, Nil derýasyna girer» diýdi.
10 Faraon: «Ertir dileg edäý» diýip jogap berdi. Şonda Musa: «Goý, aýdyşyň ýaly bolsun. Sen hiç kimiň Ýehowa Hudaýymyza taý gelip bilmejekdigine göz ýetirersiň+.
11 Öýüňizdäki gurbagalar öler. Şeýdip, senem, hyzmatkärleriňem, halkyňam olardan dynarsyňyz. Gurbagalar diňe Nil derýasynda galar»+ diýdi.
12 Musa bilen Harun faraonyň huzuryndan çykyp gaýtdy. Soňra Musa Ýehowa dileg edip, faraonyň üstüne çozduran gurbagalaryny aýyrmagy sorady+.
13 Ýehowa Musanyň haýyşyny bitirdi. Öýlerdäki, howlulardaky we meýdanlardaky gurbagalaryň bary öldi.
14 Adamlar gurbagalary üýşmek-üýşmek edip goýdular. Olaryň ysyndan ýaňa tutuş ýurt porsady.
15 Faraon gurbagalaryň aýrylandygyny görende, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, boýnuýogynlyk edip, Musa bilen Haruna gulak asmady+.
16 Ýehowa Musa şeýle tabşyryk berdi: «Haruna: „Hasaňy uzat-da, ýere ur. Şonda bütin Müsürdäki tozan peşä* öwrüler“ diý».
17 Olar şeýle hem etdiler. Harun hasasyny uzadyp, ýere uranda, Müsüriň ähli tozany peşä öwrülip, adamlaryň we haýwanlaryň üstüne çozdy+.
18 Jadygöýler hem jadyly güýji*+ bilen edil şonuň ýaly edip, peşe çykarmaga synanyşdylar, emma başarmadylar. Peşeler bolsa adamlaryň we haýwanlaryň etini iýip barýardy.
19 Jadygöýler faraona: «Munda Hudaýyň eli bar!»+ diýdiler. Emma Ýehowanyň aýdyşy ýaly, faraon ýene-de kesirlik edip, hiç kimi diňlemedi.
20 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Ertir irden faraonyň ýanyna bar. Ol derýanyň kenaryna geler. Öňünden çyk-da, şu sözleri aýt: „Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber.
21 Goýbermeseň, seniň üstüňe, hyzmatkärleriň we tutuş halkyň üstüne, öýleriňe siňek* çozduraryn. Müsürlileriň öýleri siňekden dolar. Olardan ýaňa aýak basara ýer bolmaz.
22 Ýöne şol gün halkymyň ýaşaýan ýeri Goşene zyýan ýetirmerin. Ol ýerde ýekeje-de siňek bolmaz+. Şonda meniň Ýehowadygyma we seniň ýurduňda ygtyýarymyň bardygyna göz ýetirersiň+.
23 Öz halkymy seniň halkyňdan aýry tutaryn. Gudratymy ertir görersiň“».
24 Ýehowa aýdyşy ýaly-da etdi. Faraonyň köşgi, hyzmatkärleriniň öýi, bütin Müsür ýurdy çozup gelen siňeklerden doldy+. Siňekler ýurdy weýran etdi+.
25 Ahyry faraon Musa bilen Haruny çagyryp: «Baryň, Hudaýyňyza gurbanlyk beriň, ýöne ýurtdan çykmaň» diýdi.
26 Emma Musa: «Ýok, o diýeniň-ä bolmaz. Ýehowa Hudaýymyza gurbanlyk berjek mallarymyzy görüp, müsürlileriň gahary geler+. Olaryň gözüniň alnynda halamaýan zadyny etsek, bizi daşlap öldürerler.
27 Biz üç günlük çöle gidip, Ýehowa Hudaýymyzyň aýdyşy ýaly, şol ýerde gurbanlyk bereris»+ diýdi.
28 Şonda faraon: «Bolýar, çöle gidip, Ýehowa Hudaýyňyza gurbanlyk beriň, ýöne uzaga gitmäň. Meniň üçinem dileg ediň»+ diýdi.
29 Musa: «Häzir gidip, Ýehowa dileg ederin. Ertir faraon bilen hyzmatkärleri, tutuş halk siňeklerden dynar. Ýöne faraon indi bir sözünden dänmesin, halky Ýehowa gurbanlyk bermäge goýbersin»+ diýdi.
30 Musa faraonyň huzuryndan gaýdyp, Ýehowa dileg etdi+.
31 Ýehowa hem onuň dilegini eşitdi. Siňekler faraondan, hyzmatkärlerinden we halkyndan aýryldy, ýekejesi-de galmady.
32 Emma faraon ýene-de kesirlik edip, ysraýyllary goýbermedi.
Çykgytlar
^ Ýa-da: kanallaryna. Nil derýasynyň şahalary göz öňünde tutulýar.
^ Sözme-söz: Jadygöýlik edýän ruhanylar.
^ Ýa-da: gizlin hileleri.
^ Ýa-da: çybyna.
^ Ýa-da: gizlin hileleri.
^ Ýa-da: gögeýin. Uly gök siňege meňzeýär, awuly iňňesi bilen çakyp, gan sorýar.