Ikinji Taryh 15:1—19
-
Asanyň aýgytly hereketi (1—19)
15 Odetiň ogly Azarýanyň üstüne Hudaýyň ruhy indi.
2 Ol Asanyň öňünden çykyp: «Asa patyşa! Ýahuda we benýamin halky, diňläň! Ýehowa wepaly bolsaňyz, ol sizi goldar+. Hudaýy agtarsaňyz, hökman taparsyňyz*+. Ýöne Hudaýdan ýüz öwürseňiz, ol hem sizden ýüz öwrer+.
3 Ysraýyllar ençeme ýyllap hak Hudaýa gulluk etmediler, ruhanylardan kanuny öwrenip, berjaý etmediler+.
4 Kyn güne düşenlerinde welin, Ysraýyl Hudaýy Ýehowany agtaryp, kömek soradylar. Hudaý hem olaryň dadyna ýetişdi*+.
5 Şol wagtlar hiç kim arkaýyn gezip bilmeýärdi, sebäbi halk agzalady.
6 Millet millete, şäher şähere garşy çykýardy, Hudaý olaryň başyndan her dürli betbagtçylyk inderip, howsala salýardy+.
7 Emma siz dogumly boluň, ruhdan düşmäň+, eden işleriňiz sylaglanar» diýdi.
8 Asa Azarýanyň sözlerini we Odetiň pygamberligini eşidip, has-da dogumlandy. Ol Ýahuda we Benýamin topragyndan, Efraýym daglaryndan basyp alan şäherlerindäki nejis butlary ýok etdi+. Ýehowanyň minarasynyň öňünde duran Ýehowanyň gurbanlyk ojagyny*+ täzeden gurdy.
9 Asa ähli ýahudalary, benýaminleri we olaryň arasynda ýaşaýan efraýymlary, manaşalary, şimgonlary ýygnady+. Ýehowa Hudaýyň Asany goldaýandygyny görüp, Ysraýylyň şol taýpalaryndan birgiden adam Asanyň tarapyna geçipdi.
10 Olar Asanyň hökümdarlygynyň 15-nji ýylynyň üçünji aýynda Iýerusalime ýygnandylar.
11 Şol gün olar oljalaryndan 700 öküzi we 7 000 goýny Ýehowa gurbanlyk berdiler.
12 Ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa bütin ýüregi, bütin jany* bilen gulluk etmegi* söz berip, äht baglaşdylar+.
13 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa gulluk etmedik adamy, uly-kiçi, aýal-erkek diýmän, hökman öldürmelidi+.
14 Olar Ýehowa gulluk etjekdigine batly ses bilen ant içdiler, surnaý* çalyp, şatlykdan ýaňa gygyryşdylar.
15 Şeýlelikde, tutuş Ýahuda halky ýürekden ant içip, şatlandy. Olar Hudaýy yhlas bilen agtardylar, Hudaý hem olaryň dadyna ýetişdi*+. Ýehowa olary daş-töwerekdäki duşmanlardan gorady*+.
16 Asa patyşa hatda mamasy Magagy+ hem şa aýalyň wezipesinden aýyrdy, sebäbi ol ýigrenji but ýasap, keramatly pürse* sežde edýärdi+. Asa mamasynyň ýasan ýigrenji butuny çapyp, kül-owram etdi-de, Kidron jülgesinde ýakdy+.
17 Emma Ysraýyldaky+ seždegähler* ýok edilmändi+. Asa bolsa bütin ömrüne Hudaýa ýürekden gulluk etdi+.
18 Ol özüniň-de, kakasynyň-da Hudaýa bagyş eden* altyn-kümüşlerini we gap-gaçlaryny hak Hudaýyň öýüne getirdi+.
19 Asanyň hökümdarlygynyň 35-nji ýylyna çenli ýurtda uruş bolmady+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: ol size özüni tapdyrar.
^ Sözme-söz: olara özüni tapdyrdy.
^ Sözme-söz: agtarmagy.
^ Sözme-söz: surnaý we malyň şahyny.
^ Sözme-söz: olara özüni tapdyrdy.
^ Sözme-söz: her tarapdan dynçlyk berdi.
^ Sözme-söz: mukaddes eden.