Üçünji Musa 17:1—16

  • Mukaddes çadyrda gurban bermek (1—9)

  • Gan iýmek gadagan (10—14)

  • Haram ölen haýwanlar (15, 16)

17  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:  «Harun bilen ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýt: „Ýehowa şeýle tabşyryk berýär:  „Ysraýyllaryň biri öküzini, erkek toklusyny ýa⁠-⁠da geçisini düşelgäniň içinde ýa daşynda soýsa,  maly Ýehowanyň mukaddes çadyrynyň, ýygnak çadyrynyň* agzyna, Ýehowanyň huzuryna getirmese, ol gan dökmekde günäkärdir. Ol adam gan dökeni üçin halkyň arasyndan ýok edilsin*.  Indiden beýläk ysraýyllar gurbanlyk mallaryny açyk meýdanda soýman, ýygnak çadyrynyň agzyna, Ýehowanyň huzuryna getirip, ruhana bersinler. Olary Ýehowa parahatlyk gurbanlygy edip hödürlesinler+.  Ruhany gurbanlyklaryň ganyny ýygnak çadyrynyň agzyndaky Ýehowanyň gurbanlyk ojagyna* sepsin, ýagyny bolsa Ýehowa ýakymly ysly gurban edip hödürlesin+.  Mundan beýläk geçä meňzeş jynlara* gurbanlyk berip+, biwepalyk* etmesinler+. Muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň“.  Olara şu sözlerimi hem ýetir: „Ysraýyllaryň we gelmişekleriň biri ýakma gurbanlygyny ýa başga bir gurbanlygy bermek islese,  ýöne Ýehowa hödürlemek üçin ýygnak çadyrynyň agzyna getirmese, ol adam halkyň arasyndan ýok edilsin+. 10  Ysraýyllaryň we gelmişekleriň biri gan iýse+, ondan ýüz öwrüp, halkyň arasyndan ýok ederin. 11  Jan* gandadyr+. Gany gurbanlyk ojagynda hödürlemek+ we günäleriňizi ýuwmak üçin berdim. Diňe gan günäden arassalap bilýändir+, sebäbi jan gandadyr. 12  Şol sebäpli ysraýyllara: „Hiç kim gan iýmesin, araňyzda ýaşaýan gelmişekler+ hem gan iýmeli däldir“+ diýipdim. 13  Ysraýyllaryň we gelmişekleriň biri iýilýän ýabany haýwany ýa⁠-⁠da guşy awlasa, ganyny akdyryp+, üstüni gömsün. 14  Sebäbi ähli jandaryň ganynda jan bardyr. Jan gandadyr. Şonuň üçin olara: „Hiç bir janly⁠-⁠jandaryň ganyny iýmäň. Ganda jan bardyr. Gan iýen adam öldürilsin“+ diýdim. 15  Ysraýyllaryň we gelmişekleriň biri haram ölen ýa⁠-⁠da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýse+, eşiklerini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli haram hasaplanar+. Şondan soň tämiz bolar. 16  Eger ol eşiklerini ýuwmasa we suwa düşmese, günäsi üçin jogap berer“»+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: öldürilsin.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: geçilere. Jynlara sežde eden adamlar olara geçä meňzeş tüýlek jandardyr öýden bolmaly.
Sözme-söz: zyna.
Sözlüge serediň.