Üçünji Musa 18:1—30

  • Bikanun jynsy gatnaşyk (1—30)

    • Kenganlaryň däp⁠-⁠dessurlary (3)

    • Ýakynyňa ýanaşmazlyk barada kanun (6—18)

    • Aýbaşy döwri (19)

    • Bir jynsdaky adama ýanaşmak (22)

    • Haýwana ýanaşmak (23)

    • Ýurtdan kowulmaz ýaly, özüňi haram etmeli däl (24—30)

18  Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi:  «Ysraýyllara aýt: „Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn+.  Çykyp gaýdan Müsür ýurduňyzda we indi barjak Kengan ýurduňyzda ýaşaýan halklaryň işlerini etmäň+. Olaryň däp⁠-⁠dessurlaryna eýermäň.  Hökümlerimi we kada⁠-⁠kanunlarymy berjaý edip ýaşaň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn.  Kada⁠-⁠kanunlarymy we hökümlerimi ýerine ýetiriň. Olary berjaý edýän adam ýaşar+. Men Ýehowadyryn.  Hiç kim ýakyn garyndaşyna ýanaşmasyn*+. Men Ýehowadyryn.  Kakaňa ýanaşma. Ejeňe⁠-⁠de ýanaşma, sebäbi ol seni dünýä indirdi, oňa ýanaşmaly dälsiň.  Kakaň aýalyna ýanaşma+, ýogsam kakaň namysyny depelärsiň.  Uýaňa ýanaşma. Bir öýde ýa başga öýde doglan bolsun, atabir ýa⁠-⁠da enebir uýaňa ýanaşma+. 10  Ogluňdan ýa gyzyňdan bolan gyz agtygyňa ýanaşma, ýogsam biabraý bolarsyň. 11  Kakaň başga aýalyndan bolan gyzyna ýanaşma, sebäbi ol kakaň gyzy, seniň bolsa uýaňdyr. 12  Kakaň aýal doganyna ýanaşma, ol kakaň ganybir doganydyr+. 13  Ejeň aýal doganyna ýanaşma, sebäbi ol ejeň ganybir doganydyr. 14  Kakaň doganynyň aýalyna ýanaşyp, agaň namysyny depeleme, sebäbi ol gelnejeňdir*+. 15  Ogluň aýalyna ýanaşma+, sebäbi ol gelniňdir, onuň bilen ýatmaly dälsiň. 16  Doganyň aýalyna ýanaşma+, ýogsam doganyň namysyny depelärsiň. 17  Bir aýalyň hem özüne, hem gyzyna ýanaşma+. Onuň oglundan ýa⁠-⁠da gyzyndan bolan gyz agtygyna ýanaşma, beýle etmek azgynlyk* bolar, sebäbi olar ýakyn garyndaşdyr. 18  Aýalyň dirikä, üstüne gyz jigisini alyp+, oňa ýanaşma. 19  Aýbaşysy gelýän aýala ýanaşma+. 20  Başga biriniň aýalyna ýanaşma, ýogsam haram hasaplanarsyň+. 21  Çagalaryňy Molek taňrysyna bagyş edip*+, öz Hudaýyň adyna ysnat getirme+. Men Ýehowadyryn. 22  Aýalyňa ýanaşyşyň ýaly, erkek adama ýanaşma+, bu nejislikdir. 23  Erkek adam haýwana ýanaşyp, özüni haram etmesin. Aýal maşgala hem haýwana ýanaşmasyn+, beýle etmek azgynlyk bolar*. 24  Şu zatlary edip, özüňizi haram etmäň. Meniň kowup çykarjak halklarym özüni şeýle işler bilen haram etdiler+. 25  Ýurt olar sebäpli haram boldy. Men günäleri üçin olara jeza bererin. Olar ýurtdan kowlup çykarylar*+. 26  Emma siz kada⁠-⁠kanunlarymy we hökümlerimi berjaý ediň+. Özüňizem, gelmişeklerem şu nejis işleri etmesin+. 27  Siziň barjak ýurduňyzda ýaşaýan adamlar şeýle nejis işleri edýärdi+. Şonuň üçin ýurt haram boldy. 28  Eger özüňizi şu zatlar bilen haram etmeseňiz, şol halklar ýaly ýurtdan kowulmarsyňyz. 29  Şu nejis işleriň birini eden adam halkyň arasyndan ýok edilsin*. 30  Meniň tabşyryklarymy berjaý ediň. Sizden öň ýaşan halklaryň ýigrenji däp⁠-⁠dessurlaryna eýerip+, özüňizi haram etmäň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn“».

Çykgytlar

Şu bapda «ýanaşmak» diýlende, jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: ýeňňeňdir.
Ýa-da: haýasyzlyk.
Ýa-da: gurbanlyk berip.
Ýa-da: tebigata garşy gelýändir.
Sözme-söz: Ýurt olary gusar.
Ýa-da: öldürilsin.