Üçünji Musa 2:1—16
-
Galla sadakasy (1—16)
2 Kimde-kim Ýehowa galla sadakasyny+ berjek bolsa, ýokary hilli undan bersin. Ol una ýag garyp, üstüne ladan* goýsun+.
2 Soňra uny Harunyň neslinden ruhanylara bersin. Ruhany ýag garylan ýokary hilli unuň bir goşawujyny we üstündäki ladany alyp, gurbanlyk ojagynda* ýatlama sadakasy* hökmünde ýaksyn+. Ýehowa üçin ýakymly ysly gurbanlyk şeýdip berilmelidir.
3 Galla sadakasynyň galany Haruna we ogullaryna berilsin+. Şol sadaka Ýehowa ýakylyp berilýän sadakalaryň iň mukaddesidir+.
4 Eger galla sadakasyny tamdyrda bişirjek bolsaňyz, ýokary hilli una ýag garyp, halka görnüşli petir* ýa-da çelpek* bişiriň+.
5 Galla sadakasyny saçda*+ bişirjek bolsaňyz, ýokary hilli una ýag garyp, petir bişiriň.
6 Petiri bölekläp, üstüne ýag guýuň+. Galla sadakasy şeýdip berilmelidir.
7 Galla sadakasyny gazanda bişirjek bolsaňyz, ýokary hilli una ýag garyp, hamyr ediň.
8 Bişiren galla sadakaňyzy Ýehowanyň huzuryna getirip, ruhana beriň. Ol hem sadakany gurbanlyk ojagynyň ýanyna elter.
9 Ruhany galla sadakasynyň bir bölegini gurbanlyk ojagynda ýatlama sadakasy hökmünde ýaksyn+. Ýehowa üçin ýakymly ysly gurbanlyk şeýdip berilmelidir+.
10 Galla sadakasynyň galany Haruna we ogullaryna berilsin. Şol sadaka Ýehowa ýakylyp berilýän sadakalaryň iň mukaddesidir+.
11 Ýehowa berýän galla sadakaňyzyň hiç birine hamyrmaýa goşmaň+. Hamyrmaýany ýa-da baly* Ýehowa ýakyp gurban bermäň.
12 Olary ekiniňiziň ilkinji hasyly+ hökmünde Ýehowa gurban berip bilersiňiz. Emma gurbanlyk ojagynda ýakymly ysly gurbanlyk edip ýakmaň.
13 Galla sadakaňyzyň hemmesine duz sepiň. Olara duz sepmegi unutmaň. Duz Hudaýyň siz bilen baglaşan ähtini ýatladyp durar. Ähli sadakalara duz sepmelisiňiz+.
14 Ekiniňiziň ilkinji hasylyny Ýehowa galla sadakasy hökmünde berjek bolsaňyz, täze dänäni* gowrup, ýarma ýaly owradyp getiriň. Ilkinji hasyldan galla sadakasy+ şeýdip berilmelidir.
15 Onuň üstüne ýag guýup, ladan goýuň. Galla sadakasyny şeýdip beriň.
16 Ruhany owradylan däne bilen biraz ýagy we ladany Ýehowa üçin ýatlama sadakasy+ hökmünde ýakar.
Çykgytlar
^ Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
^ Ýa-da: ýukajyk çörek; gatlama.
^ Ýa-da: tabada.
^ Ir-iýmişleriň şiresi göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Ýa-da: ýaňy baş çykaran sümmüliň dänesini.